Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda güýçli apy-tupan turdy


Türkmenabada gelen apy-tupan. 27-nji aprel, 2020 ý.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde güýçli apy-tupan turdy. Azatlygyň habarçylary tebigy hadysanyň 27-nji aprelde ýerli wagt bilen 19:30 töweregi ýüze çykandygyny, şäherde elektrik togunyň kesilendigini, köçeleri suw basandygyny aýdýarlar.

“Agşama golaý asman garaňkalap, tüweleýe meňzeýän ýel turdy we güýçli ýagyn ýagyp başlady. Şäherde elektrik togy kesildi. Köçeleri suw aldy. Güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy. Köçelerde galan adamlar aljyrap harasatdan goranar ýaly ýer gözleýärdi” diýip, bu hadysalara şaýat bolan habarçy 27-nji aprelde gürrüň berdi.

Sosial ulgamlarynda Türkmenabatdaky harasatdygy aýdylýan wideolar hem paýlaşyldy.

Habarçy Türkmenabadyň köçelerinde tiz kömek, polisiýa we ýangyn söndüriji gulluklarynyň ulaglarynyň yzly-yzyna gatnaýandygyny hem habar berdi.

Adam ýitgileriniň bolup-bolmandygy we weýrançylygyň gerimi barada bada-bat maglumat almak başartmady. Resmi türkmen mediasynda hem bu barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda hem güýçli ýagyşyň ýagandygyny, emma onuň netijeleriniň häzirlikçe aýdyň däldigini aýdýarlar.

Turkmen.news neşiri apy-tupanyň Maryda hem dörändigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG