Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda ýerli un satylmaýar, oba ýaşaýjylary çörek satyn almak üçin daňdan şähere barýar, Aşgabatda unuň hili ‘pes’, ýöne adamlar ‘razy’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ilatyň azyk üpjünçiligi, hususan-da un, çörek we towuk budunyň üpjünçiligi ýaramazlygynda galýar. Aşgabatda ýaşaýjylar döwlet dükanlarynda satylýan unuň hilinden şikaýat edýär.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň Baýramaly şäherindäki hem-de paýtagt Aşgabatdaky habarçylary 26-njy maýda anonim şertde habar berdi.

“Şu günler hiç ýerde ýerli un satylmaýar, diňe daşary ýurtlardan import edilen uny 1 kilogramyna 12 manat töläp satyn alsa bolýar” diýip, Baýramalydaky habarçymyz habar berdi.

“Aýda berilýän paýok ununy käbir daş etraplaryň ýaşaýjylary iň soňky sapar geçen mart aýynda alandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan ilata ýeňillikli bahadan, her aý adam başyna 5 kilogramdan çäkli möçberde satylýan “un paýogy” saklanyp galýar. Onuň 1 kilogramyna 1 manat möçberinde pul tölenýär.

“Adamlar çörek satyn almak üçin Baýramaly şäherine obalardan daňdan gelip, 3-4 sagat öňünden nobat belleýär. Dükanyň öňünde takmynan 50-60-a golaý adam nobata durýar” diýip, habarçy döwlet dükanlarynyň öňündäki çörek nobatlary barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çörek, un we ösümlik ýagy ýaly käbir esasy azyk önümleri hususy söwda bilen deňeşdirilende arzan bahadan satylýar.

Häzirki wagtda Baýramalynyň döwlet dükanlarynda 1 türkmen çöreginiň bahasy 1 manat, buhanka çöreginiň bahasy 60 teňňedir.

“Hususy dükanlarda çöregiň nyrhy 3 manatdan 10 manada çenli çykýar, onuň ululygyna we galyňlygyna görä bahasy üýtgeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Ol şäheriň döwlet dükanlarynda towuk etiniň üpjünçiligi barada habar berdi:

“Şu gün (26-njy maýda) Baýramaly şäheriniň Nyýazow şa ýolunyň ugrunda ýerleşýän 51 belgili döwlet dükanynda towuk budunyň satylýandygy aýdyldy, adamlar birek-birege habar berip, derrew 50-60 adam nobata düzüldi, başga-da adamlar geldi, ýöne gelen adamlaryň ýarysyna ýetmänkä towuk budy satylyp gutardy” diýip, habarçy aýtdy.

“Dükana gelýän towuk budy 5 guty, her gutuda 25 towuk buduna golaý but bar. Nobata duranlara adam başyna bir butdan berilýär we ‘towuk budy gutardy’ diýip aýdýarlar” diýip, ol aýtdy.

Döwlet dükanlarynyň satyjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde beren maglumatynda şäherdäki ýokary wezipeli adamlaryň döwlet dükanlaryna jaň edip, towuk butlaryny özleri üçin aýyrdýandyklaryny gürrüň berdi.

“Galan towuk buduny hususy dükanlara satýarlar” diýip, bir ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

“Garyp adamlardan beter ýokary wezipelerdäki adamlar has aç ýaly görünýär” diýip, towuk etiniň nobatyna garaşýan beýleki bir baýramalyly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna içini dökdi.

Paýtagt Aşgabatda-da un we çörek üpjünçiliginiň ýagdaýy öwerlik däl. Döwlet dükanlarynyň birinde un diňe nagt pula satylýar hem-de ýaşaýjyar unuň hilinden şikaýat edýärler. Ýene bir ýagdaý – ol ýerde diňe nagt pula satylýan unuň bahasy, onuň döwlet bahasyndan 5 esse gymmat satylýar.

“8 belgili döwlet dükanynda un nagt pula satylýar. 2 kilogramlyk un 10 manatdan satylýar. Töleg üçin plastik bank kartyny kabul etmeýärler. Sebäbi unuň döwlet bahasy 1 manat” diýip, aşgabatly habarçymyz 26-njy maýda habar berdi.

Satyjylar adamlaryň arzyny diňlemeýär:

“Bazarda 1 kilogram un 13 manat, eger bizden satyn alasyňyz gelmese, almaň!” diýip, habarçy satyjynyň sözlerini getirdi.

“Iň ýokary sortly un diýlip satylýan un ikinji sort una meňzeýär, reňki goýy” diýip, habarçy aýtdy. Un nobatyna garaşýan adamlar onuň hilinden şikaýat edýär, ýöne şonda-da ony satyn almaga mejbur razy bolýarlar.

“Näme berseler alyberiň, entek geljekde näme boljagy belli däl, nirä barýanymyz belli däl” diýip, bir aşgabatly nobata garaşýanlara ýüzlendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG