Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

PÝGG Aşgabatda zenan sürüjileri, Türkmenabatda dürli reňkdäki ulaglary "awlaýar"


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri zenan sürüjileriň resminamalaryny ellerinden almak çärelerini güýçlendirdiler. Lebap welaýatynyň ýol polisiýasy dürli reňkdäki ulaglar bilen bir hatarda, tigirleri gara diskli ak ulaglary hem "awlaýarlar". Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Lebapdan habar berýärler.

"Ýagdaýdan habarly adamlar düýn öz tanyş aýal-gyzlaryna jaň edip, ulaglaryny azyndan üç günläp sürmezligi tabşyrdylar. Sebäbi PÝGG-niň işgärlerine üç günläp reýd geçirmek, aýal sürüjileri anyklamak we dürli bahanalar esasynda, olaryň ulaglarynyň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky resminamalaryny ellerinden almak hem-de yzyna bermezlik barada görkezme berlipdir" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçymyz 29-njy maýda gürrüň berdi.

Bu ýagdaýdan habarly adamlaryň we aýal sürüjileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy durmuşyň beýleki ugurlaryndaky köp sanly görkezmeler ýaly, munuň hem dil üsti bilen berlendigini sözüniň üstüne goşdy.

"Häzirki wagt polisiýa işgärleriniň öňünde aýal-gyzlaryň guratlyk hatyny, soňra-da ulaglaryny ellerinden almak barada ýörite plan kesgitlenipdir. PÝGG-niň ýolbaşçylary awtoulag duralgasyna az sanly ulag getiren işgärlere käýeýärler" diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatlylaryň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Mundanam başga, ýol polisiýasyna sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti tamamlanan aýal-gyzlary saklanlarynda, olaryň işini dessine kazyýete geçirmek barada hem görkezme berlipdir.

"Aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti uzaldylyp berilmeýär. Şol sebäpli aýal-gyzlaryň käbirleri möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamalary bilen ulag sürmegi dowam etdirýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlar barada Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Aşgabatdaky edarasyndan kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy we olaryň möhletiniň uzaldylyp berilmezligi bilen bagly kösençlikler bir ýarym ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär.

2019-njy ýylyň başynda Aşgabadyň polisiýasy köçelerde awtoulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahanalaryň esasynda olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alyp başlady. Şeýle-de, sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti dolup, resminamalaryny tabşyran zenanlara täze şahadatnamalaryň hem berilmeýändigi habar berildi.

Şonda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenanlar resminamalaryny kabul eden, emma täze sürüjilik şahadatnamalaryny bermedik polisiýa işgärleriniň käbirleriniň sebäbini asla düşündirmeýändigini, beýlekileriň ýokardan berlen tabşyryga salgylanýandygyny ýa-da bir edaradan başgasyna ugradýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň kanunlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna kepil geçilse-de, zenanlara garşy syýahat, egin-eşik we awtoulag sürmek ýaly ençeme çäklendirmeleriň girizilendigi barada maglumatlar bar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biri şu günler PÝGG-niň Türkmenabat şäherinde-de işjeň hereket edýändigini we diňe dürli reňkdäki awtoulaglary däl, eýsem tigirleri gara diskli ak ulaglary saklamak çärelerini-de güýçlendirendigini habar berýär.

"Ýol polisiýasy dürli reňkdaki ulaglary saklap, olary jerime duralgasyna alyp gidýär. Sürüjiler diňe jerimäni töländen soň, şeýle-de ulagy ak reňke boýadansoň, öz ulaglaryny alyp bilýärler. Polisiýa işgärleri tigirlerindäki diskler ak ýa-da çal reňkde bolmadyk ak reňkdäki ulaglary hem saklaýarlar. Tigirlerdäki diskler ýalpyldawuk hem bolmaly däl" diýip, lebaply habarçy 29-njy maýda gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilatyň şahsy awtoulaglaryna degişli çäklendirmeler indi ençeme ýyl bäri dowam edýän bolsa-da, türkmen häkimiýetleri bu barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Bu barada ýurduň media serişdeleri hem mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG