Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan GDA ýurtlarynyň arasynda ýük daşamak üçin "ýaşyl koridor" teklip edýär


Gyrgyz-gazak serhedinde toplanan ýük ulaglary. Ýanwar, 2020.

Wise-premýer Erkin Asrandiýew GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň sammitiniň onlaýn ýygnagyna gatnaşdy diýip, hökümetiň metbugat gullugy habar berýär.

COVID-19-a garşy göreşiň çäginde görýän çärelerimiz işlenip düzülen önümçilik we hyzmatdaşlyk zynjyrlarynyň arasynyň üzülmegine sebäp bolmaly däldir. Ähliumumy izolýasiýa we serhetleriň mejbury ýapylmagy şertlerinde biziň ýurtlarymyzyň we daşary ýurtlaryň arasyndaky ýük gatnawlarynyň üstaşyr ýollar arkaly päsgelçiliksiz geçmegini üpjün etmek möhüm bolup durýar. Makroykdysady durnuklylygy üpjün etmekde ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyk sazlaşygy uly rol oýnaýar. Biz GDA agza ýurtlaryň çäginden harytlaryň we azyk önümleriniň üznüksiz eltilmegine mümkinçilik berýän ýaşyl koridorlary gurmaly" diýip, Asrandiýew mejlisde eden çykyşyynda aýtdy.

Hökümet maglumatyna görä, Erkin Asrandiýew hyzmatdaş ýurtlara koronawirus ýokaşmalaryna garşy göreşde Gyrgyzystana berlen kömek üçin minnetdarlyk bildirdi we pandemiýanyň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak üçin bu işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Bu ýygnaga Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Türkmenistan ulag ulgamynda täze halkara-hukuk kadalaryny we gurallaryny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär.

Şol bir wagtda, wagtal-wagtal türkmen serhedinden goýberilmeýän ýük ulaglary, ýoluň ýapylmagynyň sebäpleriniň aýdyňlaşdyrylmazlygy barada maglumatlar çykýar.

Şu aralykda Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topar döretmek baradaky karara gol çekdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG