Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganata: Uruş döwründe tylda zähmet çeken weteranlara gowşurylan medal üçin olaryň özlerinden pul tutuldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň Şyharyk obasynyň ýaşaýjysy 90 ýaşly Atanyýaz aga 1941-1945-nji ýyllaryň Jahan urşunda tylda zähmet çekipdir. Haçan-da geçen aýyň aýagynda Türkmenistanyň hökümeti Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli oňa gatnaşanlary we tylda zähmet çekenleri “ýubileý medaly” bilen sylaglamak kararyna gelenden soň, Atanyýaz aga artykmaç hysyrdyny başdan geçirmeli boldy.

Sebäbi Darganata häkimiýetleri urşa gatnaşanlara Ýeňiş mynasybetli beren sylaglaryny olaryň özlerine töletdirdi, üstesine muňa zerur dokumentleriň yzyndan “sylaglanýan” ýaşulylaryň özleri ylgamaly boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji iýunda ýurt içinden habar berdi.

“Lebapda 1941-45-nji ýyllarda tylda zähmet çeken raýatlara berilmeli sowgat medallar üçin sowgat alan raýatlaryň öz hasabyndan 1,000 manat pul alnyp, soňra şol puly gartaşan raýatlarymyza beripdirler” diýip, habarçymyz habar berdi.

Ol başga-da onlarça ýaşuly bilen bir hatarda şyharykly Atanyýaz aganyň bu sylagy almak üçin “çeken jebri” barada habar berdi.

“Ol şu ýyl ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli döwlet medalyny alypdyr. Emma bu medal oňa gymmada düşüpdir” diýip, habarçymyz medalyň Atanyýaz aga gymmada düşüşi barada giňişleýin maglumat berdi.

Urşuň tylda galan weterany Atanyýaz aga golaýda özüne berlen döwlet medaly üçin 1,000 manat puly Darganatanyň etrap häkimligine töländigini habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumat boýunça Darganata etrabynyň häkimliginden kommentariýa almak synanyşyklary netijesiz tamamlandy.

Darganatanyň häkimiýetleri uruş döwründe tylda zähmet çeken Atanyýaz agadan, onuň öz sözlerine görä, medal üçin pul tutýar, üstesine ol we başga-da onlarça ýaşuly bu talap bilen bir hatarda etrabyň sosial üpjünçilik edarasyna bir topar resminama tabşyrmaga mejbur bolýar.

“Olara bu pullaryň welaýatdaky uruş weteranlaryna altyn zynjyr we pul baýraklary üçin alynýandygy aýdylypdyr” diýip, habarçymyzy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygy bu ýyl 9-njy maýda uly tutum edip bellenildi, ilkinji gezek bu mynasybetli harby parad geçirildi.

30-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, TDH-nyň habaryna görä, “1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda permana gol çekdi.

Bu karar, resmi metbugata görä, “uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenliginiň hormatlanmagy” bilen hem-de “olaryň ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işleri” bilen esaslandyryldy.

Ýöne resmi metbugat bu medaly almak üçin uruş weteranlarynyň hem-de tylda zähmet çeken adamlaryň eden çykdajylaryny we taýýarlan resminamalaryny agzamaýar.

Türkmenistanda mundan ozal hem döwlet sylaglary bilen hem-de beýleki sowgatlar bilen sylaglanýan adamlaryň bu ugurda edýän mejbury çykdajylary barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar beripdi.

Geçen ýylyň noýabrynda Lebap welaýatynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetiren kärendeçi daýhanlara döwletiň adyndan gowşuryljak sowgatlary olaryň özlerine satyn almak tabşyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG