Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda plany dolan pagtaçy daýhanlara gowşuryljak sowgatlary olaryň özlerine satyn almak tabşyryldy


Illýustrasiýa suraty.

Lebapda bu ýyl plany dolan köp sanly pagtaçy kärendeçä we kombaýnçylara döwlet baştutanynyň adyndan diýlip, 43 inçlik LED ekranly telewizor gowşurmak hem-de olara Hasyl toýa öz sowgatlaryny öz ýanlary bilen alyp barmak tabşyryldy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 8-nji noýabrda habar berdi.

“Bu ýyl pagta planyny dolan kärende eýelerine we kombaýnçylara 43 ekranly LED telewizorlaryny döwlet baştutanynyň adyndan gowşurmak tabşyryldy. Olaryň ýaşaýan geňeşlikleriniň başlyklary sowgat aljaklaryň sanawyna giren daýhanlara surata alynjak güni (dabara güni- red.) ýanlary bilen bir telewizor alyp barmagy tabşyrdy. Ol telewizorlary baýramçylyk çäresinde etraplaryň häkimleriniň dabaraly ýagdaýda özlerine gaýdyp berjekdigi duýdurylypdyr” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, häkimiýetler Hasyl toýuna ýanlary bilen sowgat eltmeli edilen daýhanlara azda-kände egilişik edýärler:

“Täze telewizorlary satyn almaga ýagdaýy bolmadyk daýhanlara ulanyp oturan telewizorlaryny guta salyp alyp barmak tabşyrylypdyr” diýip, habarçy belleýär.

Onuň sözlerine görä, baýramçylyk dabarasyna ýanlary bilen köne telewizor elten daýhanlaryň telewizor gutularynyň daşyna ýaldyraýan polietileniň ýapyşdyryljakdygy aýdyldy.

Habarçy Lebap welaýatynda Hasyl toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini aýdýar.

8-nji noýabrda resmi media ýurduň Ahal, Mary, Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynyň ählisiniň pagta plan borçnamalaryny doly ýerine ýetirendigini habar berdi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi oktýabryň aýagynda bu ýyl ýurt boýunça pagta plan borçnamasynyň iň bolmanda ýarpysyny dolmaga mümkinçiligiň bolmandygyny habar beripdi.

Ýerli habarçynyň soňky maglumatyna görä, şu günler Lebap welaýatynyň medeniýet işgärleri hem hasyl toýa berk taýýarlyk görýärler.

“Öňki ýyllara garanyňda Lebapda şu ýyl hasyl toýuny gowy geçirmek üçin taýýarlyk görýärler” diýip, ol aýdýar.

Habarçynyň sözlerine görä, bir hepde bäri welaýatyň býujet işgärleriniň ençemesi gök-bakja we miwe önümlerini ýuwup, süpürip, arassalamak we Hasyl toýda telewizora düşüriljek gününe niýetläp oba hojalyk önümlerini owadan gutulara salmak, gawun garpyzlary torbalara ýerleşdirmek işleri bilen meşgullanýarlar.

Mehanizatorlara Hasyl toý güni köpçüligiň öňüne çykaryljak kombaýnlaryň we ýük ulaglarynyň sypjyrylan ýerlerini reňklemek we arassalamak işleri tabşyryldy diýip, habarçy sözüne goşýar.

Türkmenistanda geçirilýän döwlet baýramçylyklarynyň öňýany çäreler telewideniýe üçin öňünden surata alynýar. Baýramçylyk çärelerinde medeniýet işgärleri görkezme sahnalary bilen çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG