Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda lukmanlara maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak tabşyrylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýat hassahanasynyň lukmanlar toparyna maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak barada dilden görkezme berildi. Şeýle-de, öň welaýat hassahanasynda 5 ýyl saglyk bejergisini alan näsaglaryň maýyplygy tassyklanan bolsa, indi bu möhlet 10 ýyla çykaryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarç​ysy Lebapdan habar berýä​r.

"Maýyplygy hasaba alýan Lebap welaýat hassahanasyndaky komissiýa dilden tabşyryk berlipdir. Oňa laýyklykda, indi raýatlaryň saglygynda maýyplyk bolsa-da, maýyplygy hasaba almak sanyny azaltmak tabşyrylypdyr. Maýyplygy görnüp duran adamlara-da maýyplyk derejesi aňsat berilmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji iýunda gürrüň berdi.

Lebap welaýat hassahanasynda işleýän lukmanlaryň we bu ýerde saglyk bejergisini alýan näsaglaryň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, munuň sebäpleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we maliýe ýetmezçiligi bilen baglanyşykly.

"Maýyplygy hasaba alnan näsaglar-da döwlet tarapyndan berilýän kömek puluny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. Bankomatlarda, kassalarda pul ýok" diýip, habarçy belledi.

Lukmanlaryň we näsaglaryň sözüne görä, häzire çenli maýyp adamlar maýyplygyny tassyklatmak üçin welaýat hassahanasynda 5 ýyllap her 6 aýdan saglyk bejergisini alýardylar. Şondan soň olaryň maýyplygy resmileşdirilip, olara döwlet tarapyndan kömek puly we beýleki ýeňillikler berlip başlanýardy.

"Mundan beýläk maýyp adamlar welaýat hassahanasynda 10 ýyl saglyk bejergisini alyp, öz hasabyna maliýe çykdajysyny etmeli. Şondan soň olaryň maýyplyk derejesi kesgitlenip, maýyplygy hasaba alynýar" diýip, Lebap welaýat hassahanasynyň anonim şertde söhbetdeş bolan bir lukmany aýtdy.

Lebaply bir ýaşaýjy özüniň ýürek we böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýändigini we 5 ýyl bäri welaýat hassahanasynda her 2 aýdan saglyk bejergisini alýandygyny, emma özüniň maýyplygynyň tassyklanmaýandygyny gürrüň berdi.

"Maňa 2-nji derejeli maýypdygym barada diagnoz goýdular. Emma maýyplygymy tassyklap, ony resmileşdirmeýärler" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçy käbir sagdyn adamlara 2-nji ýa-da 3-nji derejeli maýyplyk resminamasynyň berilýändigini aýdyp, olaryň kömek puluny almagy dowam etdirýändigini hem belledi.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Lebap welaýat hassahanasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Türkmen kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli döwlet ulgamy maýyplygy bolan adamlara sosial ýeňillikleri we dürli hyzmatlary bermäge borçlanýar. Şeýle-de, degişli raýatlara döwlet eýeçiligindäki dürli edaralarda, şol sanda döwlet dükanlarynda ýeňillikler döredilýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen, lukmanlaryň maýyplygy resmileşdirmekden ýüz öwürýändigini, şeýle-de maýyplygy tassyklatmak üçin "para bermelidigini" indi birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda döwlet kömek pullarynyň iň pes möçberi 322 manat möçberinde kesgitlenildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG