Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň protest çäreleri we satiriki çykyşlary ýygjamlaşýar


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň we aktiwistleriň sosial ulgamlarda türkmen hökümetini açyk tankyt edip geçirýän protest çäreleri hem-de satiriki çykyşlary ýygjamlaşdy.

Şeýle çykyşlaryň biri 9-njy iýunda YouTube saýtyndaky "Türkmenistan birleşýäris" sahypasynda çap edildi. Sergeý Smehnowa degişlidigi aýdylýan bu wideo klipde Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlar ajy gülki bilen paş edilýän ýaly bolup görünýär.

"Bolonok" diýlip atlandyrylýan satira kysymly wideo klipde Türkmenistanyň dükanlarynda ýumurtganyň gytçylygyna üns çekilýär.

"Ştanga götermek ýaly sport maşklary üçin,

Ol özüne çözgüt tapdy çunga-çanga kimin.

Oňa beden saglygy üçin gerekdi belok,

Ol ýumurtganyň ählisin iýdi, halk üçin bolsa galmady hiç zat"

***

"Bolanok, bolanok, ýumurtgalary iýeli,

Agtygym iý, oglum iý, aýal doganlarym iýiberiň,

Halka bolsa muňa derek kitap ýazyp bererin,

Aýdym aýdyp bererin ýa-da ýene güldürerin" diýlip, wideo klip kinaýaly sözler bilen tamamlanýar.

Wideonyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet maslahatynda ştanga göterýän, agtygy bilen aýdym aýdýan, kitap ýazýan pursatlary we maşgalasy bilen düşen suraty görkezilýär.

Mundanam başga, 7-8-nji iýunda Türkiýäniň Stambul şäherinde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň ýene ençemesi kameranyň öňüne geçip, protest çäresini geçirdi.

8-nji iýunda YouTube saýtyndaky "The Best Bro!" atly ​sahypada çap edilen bir wideoda özüni Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy diýip tanyşdyran türkmenistanly Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyryş etdi.

Bu raýat elinde "Ölüp gideriz ýa-da watanymyzy bir diktatordan azat ederiz. Yza ýol ýok. Gurbanguly güm bol" diýen plakaty göterip, ýüzi maskasyz, açyk görnüşde protest bildirdi.

7-nji iýunda ýene şol YouTube sahypasynda çap edilen wideoda 10-a golaý türkmen raýaty prezidentiň halka kömek etmeýändigini aýdyp, Berdimuhamedowyň işden çekilmegini talap edip protest çäresini geçirdi.

"Açlykdan gyrylyp ýatyr adamlar. Çagalaryny ekläp bilenoklar. Iş ýok. Eşretli durmuşda, asuda, parahat döwletde ýaşadýan diýýär. Olarda diňe öz tohumy, ýegenleri ýaşaýar. Biz şolar ýaly eşretli, asuda döwletde ýaşaýan bolsak, bärik keýpine gelmezdik" diýip, protest çäresinde çykyş eden türkmenistanlylaryň biri aýtdy.

Wideoda ýene bir türkmen raýaty ýurduň gündogar sebitlerine gelen apy-tupan bilen bir wagtda, Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän regionlarynda bolan harasatdan soň, özbek prezidentiniň ejir çeken halkyň ýanyna baryp görendigine we kömek edendigine ünsi çekýär.

"Gawun gawundan reňk alar diýlişi ýaly, näme üçin [prezident] goňşy döwletlerden adamkärçiligi öwrenip bilmeýär" diýip, proteste gatnaşan türkmen raýaty aýtdy.

Türkmenistanda aprel aýynyň ahyrynda Lebap we Mary welaýatlarynda bolan apy-tupanyň yzýany, daşary ýurtlardaky türkmenleriň Berdimuhamedowyň hökümetine garşy protestleri barha güreldi.

Şol harasatyň netijesinde sebitleriň ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýetip, azyndan 37 adam ölüpdi we başga-da onlarçasy ýaralanypdy.

Geçen hepde ABŞ-da ýaşaýan türkmenleriň bir topary Birleşen Ştatlaryň Pitsburg şäherinde prezident Berdimuhamedowyň işden çekilmegini talap edip protest çäresini geçirdi.

“Amerikanyň Sesi” tarapyndan taýýarlanylan bu wideoda protestçiler soňky aýlaryň dowamynda Türkmenistanyň öz içinde we daşynda, şol sanda Türkiýede bolup geçen ýagdaýlaryň olaryň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy proteste çykmagyna sebäp bolandygyny aýtdylar.

Mundan ozal, Demirgazyk Kiprde, Türkiýede we Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherinde ýaşaýan türkmenler hem protest çärelerini geçiripdiler.

Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň arasynda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, tebigy harasatlar we olaryň weýrançylyklary barada dymmagyny dowam etdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG