Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Kiprdäki türkmenler ýene protest geçirdi (WIDEO)


Demirgazyk Kiprde proteste çykan türkmenler
Demirgazyk Kiprde proteste çykan türkmenler

Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary Türkmenistanyň häkimiýetlerine nägilelik bildirip nobatdaky protest çäresini geçirdiler.

Internetde ýerleşdirilen wideolarda 20-nji maýda 40-a golaý demonstrantyň Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlary ýazylan we “Prezident wezipesinden çekilsin” şygarly plakatlary göterip duran, şeýle-de döwlet resmileriniň adaty adamlar babatynda ýeterlik alada etmeýändigine nägilelik bildirip çykyş edýän pursatlaryny synlasa bolýar.

Proteste gatnaşyjylar Türkmenistandaky giň ýaýran korrupsiýa, resmileriň diýdimzorlugyna, işsizligiň gerimine, şeýle-de mundan üç hepde töweregi ozal ýurduň gündogar sebitlerinde turan apy-tupanda ejir çeken ilata ýeterlik ýardamyň edilmeýändigine ünsi çekdiler.

Protestçiler daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň yzyna - Türkmenistana dolanmak meselesini hem gozgadylar. Demonstrantlar yzyna barsalar, onda gaýtadan ýurduň daşyna goýberilmeýändiklerini, şol sebäpli mejbury ýagdaýda “ýakynlaryndan jyda düşüp” ýaşamaly bolýandyklaryny bellediler.

Zähmet wizasy esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan käbir türkmenistanlylaryň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliklerinde özlerine we maşgala agzalaryna Türkmenistanda hereketleriniň çäklendirilmek howpunyň abanýandygyny, türkmen häkimiýetleriniň Demirgazyk Kipre barýan raýatlary ýurtdan çykarmaýandygyny gürrüň beripdiler. Olar birnäçe müň dollar möçberinde para berseler, şol ýagdaýda ýurduň daşyna çykyp bilýändiklerini hem nygtapdylar.

Bellesek, 20-nji maýdaky demonstrasiýa bu daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň öz ýurdundaky syýasy häkimiýeti aç-açan tankyt edip geçiren protest çäreleriniň diňe soňkusydyr.

Mundan ozal, ýagny 11-nji maýda hem Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenler protest çäresini geçiripdiler. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlary, şeýle-de “Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halka kömek et!!!” ýazgyly plakatlary saklap, türkmen häkimiýetleriniň 27-nji apreldäki harasatdan ejir çeken ilata hemaýat bermeýändigine nägilelik bildiripdiler.

Mundan başga-da, 15-nji maýda Türkiýedäki türkmen raýatlary Türkmenistanyň Stambuldaky ilçihanasynyň öňünde protest gurnap, onda türkmen hökümetiniň heläkçilikli harasatyň netijelerinden ejir çekýän halkyny goldamazlygyna nägilelik bildiripdiler.

Stambuldaky türkmenler Türkmenistanyň hökümetine nägilelik bildirip protest geçirdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:51 0:00

Şeýle-de, şu aýyň başynda türkmen raýatlary Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňüne plakatly çykyp, Lebapda we Maryda apy-tupanyň netijesinde ýogalanlara gynanç bildiripdiler. Bellesek, türkmen resmileri azyndan 35 adamyň ölümine sebäp bolan bu weýrançylykly tebigy harasat barada häzirki güne çenli hiç hili maglumat bermeýärler.

Daşary ýurtlardaky türkmenleriň nägilelikli demonstrasiýalary bilen birlikde, Türkmenistanyň özünde-de protest çäreleri geçirilýär.

13-nji maýda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň “Železnodorožnyý” atlandyrylýan sebitinde, esasan, aýal-maşgalalardan ybarat müňe golaý adam köçä çykyp, protest geçirdi. Adamlar türkmen häkimiýetleriniň apy-tupanyň we güýçli ýagynyň weýrançylykly netijeleri bilen göreşmekde ejir çeken ilata hemaýat etmeýändigine nägilelik bildiripdiler. Şol protest çäresinden dört sagat çemesi soň, sebite ýerli resmiler we howpsuzlyk gulluklary gelip, adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň çözüljekdigine söz beripdiler.

Şeýle-de, aprel aýynyň başlarynda Maryda ilat, esasan hem aýal maşgalalar, un we ösümlik ýagynyň ýetmezçiligi, bahalaryň dowamly ýokarlanmagy sebäpli, birnäçe protest çäresini geçiripdi. Şonda häkimiýetler sebite dessine azyk önümlerini ugradypdylar we adamlaryň meseleleriniň tiz wagtda çözüljekdigine wada beripdiler.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň arasynda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, tebigy harasatlar we olaryň weýrançylyklary barada dymmagyny dowam etdirýär.

Munuň deregine, türkmen resmileri hökümet maslahatlarynda “ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň üpjün edilýändigini” ynandyrmaga synanyşýarlar.

Gepiň gerdişine bellesek, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň birnäçesiniň raýat işjeňligini ýaýbaňladyp, türkmen hökümetini açyk tankyt edip, protest çärelerini gurnaýan pursady, Internet giňişliginde hem käbir türkmenler öz raýat pozisiýalaryny beýan etmäge girişdiler.

XS
SM
MD
LG