Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna sapar edýär


Illýustrasiýa suraty. Ruhubelent etrabynda ekin meýdany.
Illýustrasiýa suraty. Ruhubelent etrabynda ekin meýdany.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna sapar edýär. Welaýata edýän iş saparynyň dowamynda prezidentiň daýhanlar we telekeçiler bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) prezidentiň uçarynyň 15-nji iýunda Daşogzuň Halkara aeroportuna gonandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy prezidentiň sapary bilen baglylykda welaýatyň Köneürgenç şäherinde-de güýçli depginde taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygyny, şäheriň baş metjidinde prezidentiň sadaka bermegine garaşylýandygyny, metjide barýan ýollaryň giňeldilip, asfaltlanandygyny hem-de onuň golaýynda gysga wagtyň içinde dik uçar meziliniň gurlandygyny habar berdi. Şeýle-de, ol şäherde prezidenti garşylamak çäresine býujet işgärleriniň çekilýändigini aýdyp, maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Belläp geçsek, soňky döwür Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän saparlarynyň çäklerinde, şeýle-de paýtagt Aşgabatda metjitlerde prezidentiň galam hakyndan düşendigi aýdylýan serişdeleriň hasabyna sadakalary bermek, olaryň dowamynda prezidente jan-saglyk diläp, doga-dileg etmek ýoň boldy.

Berdimuhamedow 5-nji iýunda şu aýyň dowamynda welaýatlarda galla oragynyň barşy we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagy meýilleşdirýändigini mälim edenden soň, 8-10-njy iýun aralygynda Lebap we Mary welaýatlaryny sapar etdi.

Mundan ozal, prezidentiň Daşogza edýän saparynyň öňýany, oňa görülýän taýýarlyklaryň arasynda welaýat häkiminiň ýeňil şikesli kiçi ýol hadysasyna uçrandygy barada geçen hepde käbir maglumatlar gelip gowuşdy.

“Häkimiň ulagy Gubadagdan Boldumsaza ýakynlanda, ol ýoldan çykdy. Munuň netijesinde häkimiň maňlaýyna şikes ýetdi. Hadysadan soň, häkimiň gatnaşmagynda, şol sanda Köneürgenç şäherinde geçirilmeli taýýarlyk çäreleri ýatyryldy” diýip, 10-njy iýunda ýüze çykan bu ýagdaýlardan habarly çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe köneürgençli prezidentiň öz köçelerinden hem geçmegini arzuw edýändiklerini mälim etdiler. Olar bu isleglerini prezidentiň saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, onuň geçýän köçeleriniň gysga wagtyň içinde asfaltlanýandygy bilen esaslandyrdylar.

Prezident Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän sapary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal ýüze çykýan iýmit önümleriniň gytçylygynyň, şol sanda un we çörek ýetmezçiliginiň fonunda amala aşyrylýar. Ýöne welaýatlara edýän saparlarynyň dowamynda türkmen prezidenti bu meseleleri aç-açan gozgamaýar. Bu barada döwlet media we metbugat serişdeleri habar bermeýär.

12-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy prezidentiň Balkan welaýatyna-da sapar etmegine, Balkanabatda onuň täze metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Mundan ozal, Berdimuhamedow 27-nji martda Daşoguz welaýatyna sapar edip, welaýatyň merkezi Daşoguz şäherinde sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşypdy.

TDH prezidentiň sebitlere edýän saparlarynda ýerlerde galla oragynyň barşy bilen tanyşýandygyny habar berýär, ýöne olarda kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada kelam agyz gürrüň edilmeýär.

Şu ýyl galla oragyna Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýunda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 12-nji iýunda girişildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG