Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Maryda ‘galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna' sadaka berdi


Prezident bolmazyndan öň, Berdimuhamedowyň nähilidir bir kitap ýazandygy barada malgumat ýok.
Prezident bolmazyndan öň, Berdimuhamedowyň nähilidir bir kitap ýazandygy barada malgumat ýok.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň baş metjidinde sadaka berdi we Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Prezidentiň 28-nji fewralda amala aşyran bu bir günlük saparynyň öňüsyrasynda, Maryda tas bir aýdan gowrak wagt bäri giň gerimli, şol sanda mejbury arassaçylyk işleri geçirildi.

Saparyň çäklerinde Berdimuhamedow 2009-njy ýylda gurlan we türkmen metbugatynyň öňe sürmegine görä, hamana, dindarlaryň haýyşy boýunça “Gurbanguly hajy” diýlip atlandyrylan welaýatyň baş metjidine bardy.

Berdimuhamedow metjide Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat diýlip iberilen Käbäniň ýazgysy bolan örtügi gowşupdyr. Bellesek, ol şular ýaly örtügi mundan bir hepde ozal Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasynda hem beripdi.

Şeýle-de, prezident Maryda “özüniň eserleriniň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna” sadaka berdi.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçeninden bäri, onuň awtorlygyndan dürli, şol sanda dermanlyk ösümlikler, atlar, itler, çaý ýaly temalar boýunça 50-den hem aşa kitaplary çykdy. Prezident bolmazyndan öň, onuň nähilidir bir kitap ýazandygy barada malgumat ýok.

Berdimuhamedowyň kitapary býujet işgärlerine, talyplara mejbury satyn aldyrylýar. Mundan başga-da, döwlet resmileri kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarlarynda olary maňlaýlaryna sylyp alýarlar.

Mara saparynyň dowamynda Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini hem geçirdi. TDH-nyň maglumatyna görä, onda adatça bolşy ýaly “ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak” barada gürrüň edilipdir.

Emma maslahatda agyr ykdysady krizisi, maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistandaky raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan, şol sanda azyk ýetmezçligi, işsizlik, parahorlyk ýaly meseleleri agzalmady.

XS
SM
MD
LG