Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlaryny dikeltmegi ýene-de bir aý yza süýşürdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Global koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda "Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy 20-nji iýula çenli yza süýşürýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň howa ýollary kompaniýasy 16-njy iýunda beýanat ýaýradyp, koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli halkara uçar gatnawlarynyň ýene-de bir aý, 20-nji iýula çenli togtadylýandygyny habar berdi.

Hytaýdan uç alýan koronawirusyň fonunda kompaniýa ýanwaryň aýagynda Pekine we Bankoga, ondan soňky geçen döwrüň dowamynda beýleki halkara uçar gatnawlaryny togtatdy.

Maý aýynda "Türkmenhowaýollary" halkara uçuşlary 20-nji iýunda täzeden dikeltmegi meýilleşdirýändigini mälim edipdi. Ýöne soňky beýanat bilen, gatnawlary dikeltmek işleri ýene-de bir aý, 20-nji iýula çenli yza süýşürildi.

Kompaniýa uçar gatnawlaryny 20-nji iýunda täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýändigini mälim edenden soň, halkara saparlar üçin ýolagçylaryň "Türkmenhowaýollaryndan" bilet satyn alýandyklary habar berildi. Soňky bildirişde "ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary tölenen puluň yzyna gaýtarylmagy üçin arza berip, ýa-da uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşyp biler" diýilýär.

Türkmenistanyň ýeke-täk howa ýollary kompaniýasy Pekin, Bankok, Deli, Dubaý, Stambul, Frankfurt, Birmingam, Kazan, Sankt-Petrburg we Moskwa ýaly dünýäniň az sanly iri şäherlerine halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG