Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Welaýatlardan Ahala gelen işçiler agyr şertlerde işlemäge, kanalyň bulanyk suwundan içmäge mejbur bolýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda barha ýitileşý​ä​n ykdysady kynç​ylyklaryň​, iş​sizligiň​ fonunda, ý​urduň​ dü​rli sebitlerinden Ahal welaý​atyna gelip iş​leýä​n ýüzlerç​e raý​at agyr şertlerde iş​lemä​ge, kanalda ý​uwunmaga we onuň​ bulanyk suwundan içmäge mejbur bolý​ar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu raýatlar Ahalyň Bäherden we Baharly etraplarynyň arasyndaky Mürçe we Sünçe obalarynda ýerleşýän "Arkaç" meýdanyndaky, Garagum kanalynyň jülgesindäki oba hojalyk ekinlerinde işleýärler.

"Bu ýerde Mary we Lebap welaýatlaryndan gelen işçi aýal-gyzlaryň we erkekleriň ýüzlerçesi işleýär. Olaryň köpüsi Marynyň Ýolöten etrabyndan gelen buluçlardyr. Olar esasan ekin meýdanlarynda pagta otagyna, olaryň düýbüni ýumşadyp, haşal otlardan arassalamak işlerini ýerine ýetirýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 17-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply işçi zenanlaryň biri özleriniň bir aýyň dowamynda 30 gün işleýändiklerini we munuň üçin 600 manat hak tölenýändigini aýtdy.

"Bu biziň her birimize günde 20 manat baha kesilendigini aňladýar. Göz öňüne getirip görüň, häzirki wagtda 1 halta unuň bahasy 560 manat. Biziň aýlygymyz bolsa 600 manat. Ýöne şeýle bolsa-da, ýurtda başga iş tapyp bolmaýandygy üçin şu işde işlemäge mejbur bolýarys" diýip, işçi zenan habarçymyza gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenildi.

Üstesine-de, işçi zenan işleýän ýerlerinde ýaşamak üçin kadaly şertleriň döredilmändigini, özleriniň kanalyň suwuna ýuwunmaly bolýandyklaryny we onuň bulanyk suwundan içýändiklerini gürrüň berdi.

"Biz ekin meýdanlarynyň gapdalynda dikilen külbelerde ýaşaýarys. Bu ýerde suw, hajathana ýaly şertler ýok. Kanalda eşiklerimizi ýuwýarys, özlerimiz-de şol ýerde ýuwunýarys. Kanalyň bulanyk suwuny gaplara doldurup, durlap içýäris. Oýlänlik we agşamlyk naharlaryny gezekleşip taýýarlaýarys. Iş berijiler çörek, pagta ýagy we makaron bilen üpjün edýärler" diýip, işçileriň ýene biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Ahal welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň, pudak edaralarynyň birikdirilip, iş orunlarynyň kemeldilmeginiň arasynda, Azatlygyň habarçylarynyň sözüne görä, soňky ýyllarda işsizlikden kösenýän adamlaryň sany barha artýar.

Mundanam başga, soňky aýlarda koronawirus global pandemiýasy sebäpli Türkmenistanda girizilen hereket we beýleki çäklendirmeleriň ençeme adamyň hususy söwdasyny ýa-da iş orunlaryny ýitirmegine getirendigi habar berilýär.

Geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň onlarçasynda 1000-den gowrak işgäriň işinden boşadylandygyny, Azatlygyň Balkandaky habarçysy gürrüň berdi.

Üstesine-de, ol işgärleriň ýanwar aýyndan bäri tas 5 aý üçin çeken zähmet haklaryny alyp bilman kösenýändigini hem aýtdy.

Geçen hepde Azatlygyň Balkandaky habarçysy ýurtdaky hereket çäklendirmeleriniň söwdanyň gowşamagyna getirendigini we munuň netijesinde Türkmenbaşy şäherindäki hususy dükanlaryň ençemesiniň öz işini duruzmaga mejbur bolandygyny gürrüň berdi.

Şu ýylyň başynda-da Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlarynyň kemeldilýändigi, iş ýerleriniň ýapylyp, müňlerçe oba hojalyk işgäriniň işsiz galandygy habar berildi.

Bu habarlaryň fonunda, işsizlikden, azyk harytlarynyň gytçylygyndan we gymmatçylygyndan, maliýe ýetmezçiliginden kösenýän ilatyň güzeran eklenji barha kynlaşýar.

Geç​en ​ Azatlygyň Marydaky habarçysy welaýatda adamlaryň, azyk we maliýe krizisiniň arasynda, gapysyndaky mallaryny, şahsy ulaglaryny we gyzyl şaý-seplerini “deger-degmez” bahadan satmaga başlandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, ýurtda işsizligiň derejesi barada hiç zat aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG