Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyna degişli "Suwdesgatoplaýyş" önümçilik birleşigi.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyna degişli "Suwdesgatoplaýyş" önümçilik birleşigi.

Ýylyň başy Lebap welaýatynyň daýhan birleşiklerinde iş orunlarynyň kemeldilmegi hem-de käbir iş ýerleriň ýapylmagy bilen başlandy.

Daýhan birleşiklerdäki tehnikalara hyzmat ediş ussahanalary ýapyldy. Her birleşikde azyndan 10 töweregi ussa, kebşirleýji we garawul işsiz galdy, oba tehnikalaryny abatlamak işleri etrap merkezlerindäki “Obahyzmat” kärhanalarynyň jogapkärçiligine geçirildi. Ýöne iş orunlarynyň kemeldilmegi diňe oba hojalyk pudagy bilen çäklenmeýär. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy 14-nji ýanwarda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Lebabyň daýhan birleşiklerinde tehnikalary abatlaýan ussahanalar ýapyldy. Oba ýerlerindäki tehnikalary abatlamak işleri her etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň ussahanalaryna tabşyryldy. “Müňlerçe raýat işsiz galdy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, welaýatyň çagalar baglarynda-da iş orunlary kemeldilýär:

“Lebapda ençeme çagalar bagynyň terbiýeçileri ozalam 0,5 we 0,25 stawkalyk ujypsyz girdeji çeşmelerinden mahrum edilip başlandy. Olaryň iş orunlary kemeldilýär. Ençeme çagalar bagynyň ýapylmagy raýatlary kyn ýagdaýa saldy” diýip, habarçy Lebapdan habar berdi.

Ýöne, welaýatda iş orunlarynyň kemeldilmegi munuň bilen hem çäklenmeýär:

“Fewral aýyndan başlap, döwlet binalarynda “koçegar”, ýagny ýylylyk sistema jogap berýän işgärler aýrylyp, indiden beýläk bu wezipeler binalaryň garawullaryna tabşyrylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Lebap welaýatynda iş orunlarynyň kemeldilmegi ýurtda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hökümeti, synçylaryň aýtmagyna görä, ýurtda giň ýaýran işsizlik barada ynamdar sanlary äşgär etmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosyna anonim şertlerde maglumat beren hökümete ýakyn ynamdar çeşme 2017-nji ýylyň martynda ýurtda işsizligiň derejesiniň 60 prosent töweregindedigini habar berdi. Ondan bäri geçen döwrüň dowamynda ençeme iş ýerleri ýapyldy, ençeme ministrlik, pudak edaralary birikdirildi, dürli edara-kärhanalarda iş orunlary gysgaldyldy.

Galyberse-de, Lebabyň daýhan birleşiklerinde oba hojalyk tehnikalaryny abatlaýan ussahanalaryň ýapylyp, iş orunlarynyň kemeldilmegi türkmen hökümetiniň ýurduň oba hojalyk pudagynda reformalary amala aşyrýandygyny gaýtalaýan wagtyna gabat gelýär.

2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyny özgertmegi, oba hojalyk önümçiliginde bäsdeşligi ösdürmegi teklip etdi. Munuň yzýany Türkmenistanda “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” kanun kabul edildi. Döwlet metbugatyna görä, türkmen parlamenti geçen oktýabrda bu kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi maslahat etdi. Olaryň jikme-jikligi halk köpçüligine aýdyň bolman galýar. Ýöne Lebabyň daýhan birleşiklerinde obasenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň ýapylmagy hem-de Azatlygyň habarçysynyň 13-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Daşoguz welaýatynda kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alnyp, olaryň “gurply hojalyklara” berilmegi ýaly çäreler hökümetiň geçirýän oba hojalyk “reformalarynyň” fonunda durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda ilatyň köp bölegi oba hojalyk pudagynda işleýär. Bütindünýä bankynyň 2015-nji ýylda çap eden hasabatyna görä, ilatyň iş bilen üpjün edilen hasaplanýan böleginiň tas ýarysy ýurduň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýär.

Ýurduň obasenagat toplumynda iş ýerleri kemeldilip, kärendeçileriň ýerleri ellerinden alynýan wagty, 13-nji ýanwarda prezident Berdimuhamedow oba hojalyk resmileri we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Resmi maglumata görä, şu günler welaýatlaryň gowaça üçin bölünip berlen ýerlerinde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär hem-de ýuwuş suwlary tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG