Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazadaky myhmanhanalar 1000-den gowrak işgäri işinden boşatdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň onlarçasynda 1000-den gowrak işgär işinden boşadyldy. Bu barada işden çykarylan raýatlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysyna gürrüň berdi.

"Awazanyň tas ähli myhmanhanalary müňden gowrak işgäri işinden boşatdy. Bu waka soňky 10 güne golaý wagtyň dowamynda bolup geçdi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 28-nji maýda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, "Ýelken" ýahta kluby 300, Kongresler merkezi 100-e golaý, "Awaza" söwda merkezi 200 töweregi, "Tolkun" ýahta kluby 200, "Serdar", "Berkarar", "Hazar", "Gämi", "Watançy", "Hazyna" we welaýat myhmanhanalarynyň her biri 50-100 aralygynda işgäri işinden boşatdy.

Habarçy olaryň näme sebäpden işden çykarylandygy barada myhmanhana resmileri tarapyndan düşündiriş berilmändigini aýdýar. Şeýle-de, ol işsiz galan raýatlara hiç bir maliýe kömeginiň hem berilmändigini belledi.

Üstesine-de, häzirki wagt olar ýanwar aýyndan bäri çeken zähmetleri üçin-de aýlyk haklaryny alyp bilmän kösenýärler.

"Işgärlere işden çykarylýandyklary üçin maliýe goldawyny bermek beýle-de dursun, ýanwar aýyndan bäri tas 5 aý üçin zähmet haklaryny hem bermeýärler. Işçileriň ýazan arzalary hem netije bermeýär" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary agzalýan myhmanhanalaryň resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada Balkan welaýat häkimliginden hem kommentariý alyp bolmady.

Ýöne bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň, ýurtda koronawirus ýokaşmasynyň ýekeje mysalynyň hasaba alynmandygyna garamazdan, Hazar deňzinde we Awazada tomus döwründe raýatlar üçin syýahatçylygyň, dynç alşyň hem-de suwa düşmegiň çäklendiriljekdigini yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

15-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda ministr Nurmuhammet Amannepesow bu karara çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, koronawirusyň ösüşiniň ikinji tapgyryna garaşylýandygy baradaky ylmy çaklamalar esasynda gelnendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, prezident Berdimuhamedow Aşgabatdaky we regionlardaky beýleki dynç alyş hem-de saglyk merkezlerinde ilata hyzmat etmegi ýokary derejede guramagy, zerur dermanlaryň we saglygy goraýyş serişdeleriň ätiýaçlyk goruny döretmegi tabşyrdy.

Azatlygyň habarçylary öňden gelýän ykdysady kynçylyklaryň üstüne pandemiýa çäklendirmeleriniň hem-de energiýa bahalarynyň aşaklamagynyň goşulmagy bilen, soňky aýlarda maliýe kynçylyklarynyň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň has-da ýitileşendigini habar berýärler.

Munuň bolsa, ozalam güzerany ýeňil bolmadyk maşgalalary we işsizlikden ejir çekýän raýatlary barha kyn ýagdaýa salýandygy aýdylýar.

"Häzir işsiz adamlar näme etjegini bilmeýärler. Olara ýurduň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem kömek etmeýär. Işsizlik boýunça kömek puluny almak tas mümkin däl. Gaýtam, etrap polisiýa edaralarynyň işgärleri işsiz raýatlary her gün diýen ýaly çagyryp gorkuzypdyrlar we olary Zähmet biržasynyň gapysyndan barmaz ýaly edipdirler" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda koronawirus ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdyp gelýärler. Ekspertleriň ençemesi Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýokdugyny aýdyp, resmi Aşgabadyň beýanatlaryna ynamsyz garaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG