Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen mollalary meseleleri ret edip, adamlary köşeşdirmäge synanyşýarlar


Synçylar diktator režimlerinde hökümetiň syýasatyny ilerletmek üçin, özlerine ygrarly dini wekilleriniň giňden ulanylýandygyny belleýärler.

Türkmenistanda ýiti ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda, ýurduň içinde hem-de daşynda raýatlaryň arasynda nägilelikleriň, protest çykyşlarynyň ýaýbaňlanyp başlamagy bilen, türkmen häkimiýetleriniň bu ymtylyşlaryň öňüni almak üçin režime ygrarly mollalaryň töwella häsiýetli çykyşlaryny artdyryp başlandygy bellenilýär.

Ýakynda Internetde peýda bolan wideolaryň birinde şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmadyk, emma daşky keşbinden we çykyşlaryndan türkmen dini wekilleridigini aňsa bolýan üç kişi ‘Türkmenistanda azyk gytçylygynyň ýokdugyny, ilatyň bol-elin ýaşaýandygyny’ ynandyrmaga synanyşmak bilen bir wagtda, ýurtda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berýänlere, şol sanda Azatlyk Radiosynyň maglumatlaryna ynanmyzlyga çagyrdylar.

Wideodaky çykyş edýän sakgally gartaşan bir adam türkmen hökümetini tankyt edýänleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň işgärleriniň ýurduň daşyndan maglumat berýändigini, şol sebäpli-de olaryň, onuň öz sözi bilen aýdylanda “hakyky watançy adam” däldigini aýdyp, sebäp-netije bagyny gurmaga synanyşdy.

Wideodaky çykyş edýän türkmen dini wekilleri ýurtda häkimiýet babatynda tankydy pikirleri aýdýanlaryň, garaşsyz habar serişdeleri bilen işleşýän adamlaryň, şol sanda olaryň garyndaşlarynyň hem türkmen hökümeti tarapyndan basyşlara, gynamalara sezewar edilýändigi, olaryň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilip, soňy bilen-de köpleriniň türmelerde ýitirim edilýändigi baradaky faktlar boýunça kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Muňa derek, wideodaky adamlar esasy dellileri hökmünde dürli hekaýatdyr-ertkeleri getirip, türkmen halkynyň “müňlerçe ýyllyk taryhynyň bardygyny” öňe sürüp, şeýle-de türkmen häkimiýetlerini tankytlap çykyş edýänleriň mertebesini peseldip, ýurt raýatlaryny “watana ygrarly” bolmaga çagyrdylar.

Türkmen mollalarynyň bu görnüşli çykyşlarynyň diňe bir Internet giňişligi bilen çäklenmän, soňky döwür bularyň Türkmenistanyň öz içinde-de möwç alyp başlandygy, dini wekilleriniň režimiň propaganda guralyna öwrülendigi nygtalýar.

“Ilat arasynda nägilelikleriň artyp başlamagy bilen, türkmen mollalarynyň hökümetiň syýasatyny goldap edýän çykyşlary hem artdy. Olar ‘Müsürde şa bolaňdan, öz iliňde geda bol’, ‘Ilde gelen toýda baýram’, ‘häkimiýetleri tankytlamak günädir’ ýaly sözleri aýdyp, adamalary häkimiýetlere garşy çykmazlyga, oňa ygrarly bolmaga çagyryş edýärler” diýip, Azatlygyň bu ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan çeşmesi gürrüň berdi.

Çeşme türkmen hökümetiniň syýasaty bilen razy bolmadyk dini wekilleriniň dürli aýyplamalar bilen türmelere basylandygyny, munuň tersine režime ygrarly mollalar üçin bolsa, dürli ýeňillikleriň döredilendigini belledi.

“Mollalara howpsuzlyk güýçleri howandarlyk edýär. Eger-de mollalaryň özleri adam ýygnap bir üýşmeleň gurnajak bolsalar, onda ýerli telekeçileriň birine saçagy naz-nygmatlar bilen doldurmak tabşyrylýar. Çadyrlar, gazanlar... hem mugt bolmaly. Şeýle-de, syýasata ygrarly mollalar beýleki adaty adamlardan tapawutlylykda, jaý nobatyna ençeme ýyllap garaşmaýarlar. Olara täze jaý dessine berilýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinden hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Şol bir wagtda, Türkmenistandaky ýagdaýlary yzarlaýan synçylar, kanun ýüzünde dini guramalaryň döwletden aýry bolup, olaryň döwletiň işine goşulyp bilmeýändigine garamazdan, diktator režimlerinde hökümetiň syýasatyny ilerletmek üçin, özlerine ygrarly dini wekilleriniň giňden ulanylýandygyny belleýärler.

Pragada ýaşaýan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally Türkmenistanda dini wekilleriniň ‘hyzmatlaryndan’ entek awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri peýdalanyp gelinýändigini aýtdy.

“Dindarlary syýasata goşmak meselesi öňden gelýän ýörelge. Sebäbi, aýdylşyna görä, diktator hökümeti elde saklamak üçin iki güýçden peýdalanýar. Olaryň biri poliseýler. Olar adamlary urmaly, gamçylamaly. Hiç bir adam başyny galdyrmaly däl. Beýleki syýasat, adamlary köşeşdirmeli, olara köke hödürlemeli. Adamlara ‘geljekde gowy bolar, iň bolmanda öleňden soň, o dünýäde Jennede bararsyň’ diýip, ruhlandyrar ýaly dini wekilleri gerek. Her bir diktator syýasat şu iki güýçden: poliseýleriň güýjünden we dindarlaryň köşeşdirijii taglymatyndan peýdalanýar” diýip, synçy Hudaýberdi Hally belledi.

Maglumat üçin bellesek, Türkmenistan halkara hasabatlarynda dini azatlyk boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän, "Aýratyn alada döredýän ýurtlaryň" hatarynda agzalýar.

"Olary diri görkeziň" kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan raýatlaryň sany soňky on ýylda dini ýnamalar esasynda tussag edilenleriň hasabyna has-da köpeldi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG