Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi Aşgabat ‘haj parahorlugyny’ boýun aldy, öňki ministriň we beýleki tussaglaryň 'teletobasyny' görkezdi


Türkmenistanda adata öwrülen "teletoba" sahnasy

Korrupsiýa päsgelçilikleri we korrupsiýa maglumatlarynyň elýetersizligi boýunça dünýäde birinji ýerde durýan Türkmenistan ýurtda onlarça ýyl bäri döwlet serişdeleriniň hasabyna guralýan ýyllyk haj zyýaratlarynyň dindarlardan para almak üçin ulanylýandygy barada il içinde ýyllar boýy edilen gürrüňleri resmi taýdan tassyk etdi.

Bu tassyknama Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky haj zyýaratlary we para-peşgeş meselesi barada efire beren nobatdaky gepleşiginiň, ýurduň baş müftüsiniň täzelenmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Emma ýerli synçylar nobatdaky paş etmeleriň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň il içinde barha pese gaçýan abraýyny saklamak üçin edilen “şowsuz synanyşyk bolandygyny” öňe sürýärler.


Döwlet howandarlygynda guralýan haj zyýaratlarynyň töweregindäki parahorlygy boýun almak bilen bir hatarda, häkimiýetler “işinde düýpli kemçilik goýberendigi” aýdylan öňki resmileriň käbiriniň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy barada garaşsyz neşirlerde peýda bolan maglumatlary, türkmen resmileriniň arasynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa faktlaryny ýene bir gezek bölekleýin tassyk etdi we nobatdaky “telewideniýe tobasyny” efire berdi.

Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýewiň 13-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde ynandyrmagyna görä, jemgyýetde “parahorluga garşy aýgytly göreş alnyp barylýar”.

Bu göreş netijesinde Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň esasy hünärmeni wezipesinde işlän Röwşen Allaberdiýewiň, müdiriýetiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işlän Muhammetmyrat Gurbangeldiýewiň we Ministrler kabinetiniň Dini guramalar bilen işlemek bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işlän Gurbanberdi Nursähedowyň “wezipe ygtyýarlyklaryny özleriniň gara nebisleri üçin peýdalanmakda” ulanandygy ýüze çykaryldy.

“Bu adamlar 2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2019-njy ýylyň iýul aýy aralygynda Mekgä we Medinä zyýarata gidýän raýatlaryň käbirinden aýratyn uly möçberde para alypdyrlar. Geçirilen derňewiň dowamynda R.Allaberdiýew, M.Gurbangeldiýew we G.Nursähedow jenaýat jogapkärçiligine çekilip, derňewiň dowamynda olardan aýratyn köp möçberde pul serişdeleri, şeýle hem dört sany ýaşaýyş jaýlary, olaryň emläkleri, ýeňil awtoulaglary gozgalmasyz edildi” diýip, habarda aýdylýar.


Emma Azatlyk radiosy bilen açyk we anonimlik şertinde gürleşýän ýerli synçylaryň köpüsi parahorlugyň döwlet kontrollygynda guralýan zyýaratlaryň töwereginde örän çuň ornaşandygyny we ondan haj zyýaratyna gidýänleriň-de, olaryň maşgala agzalarynyň-da, haja girtmek üçinpara bermegi günä hasaplaýan raýatlaryň-da, hikimiýet wekilleriniň-de habarlydygyny belleýärler.

Türkmenistanda gowy biznes etmek ýa-da uly möçberlerde para almak üçin hökman ýokardan goldawyň bolmaly, bu garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri kada öwrüldi. Emma bu ýokardan goldawy bolan adamlaryň hemişe hemme bikanun işlerini dowam etdirip bilýändigini asla aňlatmaýar. Gerek deregi ýykar diýipdirler. Prezidente ýa-da onuň töweregindäkilere gerek bolanda, ozal edenini edip gezen, ummasyz baýlyk toplan adamlar-da tutulyp, emlägi talaňa salnyp bilinýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 59 ýaşly aşgabatly žurnalist Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Onuň pikiriçe, häkimiýetleriň uzak ýyllar bäri dowam edýän, döwletiň haj zyýaratlaryny çäklendirmegi netijesinde dörän “haj parahorlugyny” şu günki günde, edil häzir boýun almagy Berdimuhamedowyň halk içinde barha pese gaçýan abraýyny dikeltmek synanyşygy bilen bagly.

Prezidentiň gelip-gelip edil şu günde döwlet hasabyna haj zyýaratyna iberilýänleriň sanyny üç ýüzsegsene çenli köpeltmek wadasyny bermegi hem şu populist synanyşykdan habar berýär. Ozallar döwlet uçarynda haja iberilýänleriň sany 190-a golaýdy, emma soň olaryň sany, ykdysady kynçylyklar netijesinde, 160 adama çenli azaldy. Bu ýagdaý, elbetde, para bermek we has köp para bermek isleýänleriň köpelmegine getirýär” diýip, ýerli žurnalist aýtdy.

Baş prokuror telekeçi Çarymuhammet Kulowyň we käbir öňki resmileriň garşysyna gozgalan jenaýat işleri barada hem gysgaça maglumat berdi.

Ç.Kulowyň hiç hili salgyt tölemän, bikanun telekeçilik işi bilen meşgullanandygy, gümrük gözegçiliginden rugsatsyz we gizlinlikde uly möçberdäki daşary ýurt walýutasyny gaçak ýol bilen alyp gitmegi "maksat edinendigi" aýdylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinde işlän Ý.Muhammetmyradow, Ministrler kabinetiniň Dokma senagaty bölüminiň müdiri wezipesinde işlän M.Begelow bilen dilleşip, topar bolup, daşary ýurt kompaniýalaryna awiakerosini satyn almaga ýardam edendikleri üçin para alypdyr; Döwlet haryt-çig mal biržasynyň birža söwdasyny guraýjy bölüminiň başlygy wezipesinde işlän B.Aýdogdyýew geçirilen birža söwdalarynda nebitgaz önümlerini satyn almaga ýardam edendigi üçin dürli kompaniýalaryň ýolbaşçylaryndan para alypdyr diýip, baş prokuroryň hasabatynda aýdylýar.

A.Işanow
A.Işanow


Golaýda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadylan Amandurdy Işanowyň işden boşadylan badyna tussag edilendigi barada resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar ýaýrady. Emma indi, hiçden giç ýagşy diýlenini edip, häkimiýetler Işanow gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, dürli jenaýatlara baş goşandygyny tassyk edýärler.

Işanow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinde işlän döwründe geçirilen birža söwdalarynda, Ç.Kulowyň haýyşy boýunça, daşary ýurtlarda hasaba alnan kompaniýalara nebit önümlerini arzan bahadan satmaga ýardam bermekde we ýene birnäçe jenaýatda aýyplanýar.

Emma muňa garamazdan, “emläkleriniň ellerinden alnandygy, eden etmişlerine görä jeza çäreleriniň kesgitlenendigi” aýdylýan A.Işanowyň, Ç.Kulowyň, Ý.Muhammetmyradowyň, B.Aýdogdyýewiň, M.Begelowyň haçan, nähili ýagdaýda sud edilendigi, olaryň özlerini kanuna esasynda goramak mümkinçilikleriniň bolup-bolmandygy mälim däl.

Bu iş boýunça doly aýdyňlygyň bolmazlygy eýýäm garaşsyz neşirlerde dürli pikirleriň aýdylmagyna alyp geldi.

Bellemeli ýeri, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Ý.Muhammetmyradow 2-nji sentýabrda weizpesinden boşadylan bolsa, A.Işanow 4-nji sentýabrda wezipesinden boşadyldy. Prezident olaryň ikisini-de anyklaşdyrman, umumylykda "işde düýpli kemçilikleri goýbermekde" aýyplady.

Adatça Türkmenistanda sudlar ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilýär we aýyplanýanlaryň köplenç öz üstlerine ýüklenilýän günäleri boýun almaga mejbur edilýändigi, şeýle-de olara kameranyň öňünde aglamjyrap, toba etmegiň maslahat berilýändigi, şonda jezalarynyň ýeňilräk bolmagyna umyt baglap biljekleriniň duýdurylýandygy habar berilýär.


Şol bir wagtda, resmi mediada berilýän gyusgaça maglumatlar gürrüňi edilýän jenaýat işleri boýunça köp soragy jogapsyz galdyrýan-da bolsa, aýyplanan raýatlaryň kameranyň öňünde edýän mejbury-meýletin tobalary, olardan konfiskasiýa edilendigi aýdylýan pullar we emläkler ilata adalatyň dabaralanmagy, korrupsiýa garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň tassyknamasy hökmünde görkezilýär.

Berdimuhamedow bu hasabatdan soň, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip,wise-premýer Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan etdi, haja iberilýänleriň sanyny 380-e çenli köpeltmegi, daşyndan isleg bildirýänler üçin hem “haj uçuşlaryny” guramagy tabşyrdy; “haramlyga ýüz urýanlara garşy berk göreşiljekdigini, ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça aýgytly çäreleriň görüljekdigini” nygtady.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda “korrupsiýa we parahorluga garşy göreş meselesine berk gözegçilik etmek üçin zerur binýat döredildi”.

Emma Global töwekgelçilik boýunça geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän “The Risk Advisory Group” kompaniýasynyň “Korrupsiýa päsgelçilikleri - 2019” atly hasabatynda Türkmenistan korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça wee ýurt içindäki korrupsiýa maglumatlarynyň elýetersizligi babatda dünýäde birinji orunda durýar.

Teswirleri gör (4)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG