Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan metbugaty: TOPH taslamasynyň maliýe zerurlyklary çözülmedi


TOPH taslamasynyň Owganystandan geçýän böleginiň düýbüni tutmak dabarasy. 23-nji fewral, 2018-nji ýyl.

Bahasy 10 milliard dollara barabar TOPH gaz geçiriji taslamasynyň maliýe zerurlyklary çözülmedi diýip, Pakistanyň “The News” neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň maliýe zerurlyklaryny çözmek işlerini, deslapky meýilnama görä, 2016-njy ýylyň dekabrynda tamamlamak meýilleşdirilipdir.

Indi Pakistan häkimiýetleri “Türkmengaz” kompaniýasynyň degişli işleri 2021-nji ýylda tamamlamagy öz üstüne alandygyny aýdýarlar.

“Şonuň üçin-de, deslapky meýilnama görä, 2020-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilen taslama 2023-nji ýylda işläp başlar” diýip, “The News” neşiri Pakistanyň ýokary derejeli häkimiýet wekillerine salgylanyp habar berýär.

Mundan ozal, taslamanyň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýdan türkmen hökümeti 29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýene bir gezek onuň türkmen çäginde kebşirlenen turbalary oturtmak işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

TOPH-yň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda badalga berildi. Ýöne ondan bäri geçen döwrüň dowamynda taslamanyň gurluşyk işleriniň iç ýüzi barada, türkmen metbugatynda, tutarykly we anyk maglumat az berildi.

Pakistan metbugatynyň taslamanyň 2023-nji ýylda işe girizilmegi barada beren maglumatyny seljeren Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer bu ýagdaýa şübheli garaýar. Ol taslamanyň häzirki şertlerde, maliýe we howpsuzlyk taýdan durnuklylygyna soragly çemeleşýär.

“Tehniki taýdan, bu taslamanyň ýerine ýetirijisi “Türkmengazdyr”. Şonuň üçin, taslama durmuşa geçiriler ýaly, onuň maliýeleşdirilmegini gazanmak üçin maýadar çekmek işleri “Türkmengazyň” üstüne ýüklenendir. Men şu wagta çenli olaryň bu işe kimdir birini çekip bilendigine güwä geçýän hiç bir delil görmedim. Şol sebäpden bu taslama üçin düýbünden pul ýok” diýip, ekspert aýtdy.

Taslamany ýerine ýetirýän “TA­PI Pi­pe­li­ne Сom­pa­ny Li­mi­ted” kompaniýasyna Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni ýolbaşçylyk edýär.

“Häzirki şertlerde bu turbageçirijini Owganystanyň çäginden çekmäge kimiň gurby çatar?” diýip, eskpert soraýar.

“Munuň howpsuzlygyna kepil geçip bolmaýar. Onuň gurluşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ep-esli howpsuzlyk işgäri gerek. Gurluşyk tamamlanan ýagdaýynda-da oňa howp abanmajakdygyna güwä geçmek kyn. Şonuň üçin oňa maýadar tapmak kyn. Eger maýadar tapylan ýagdaýynda-da, turbageçirijini gurmak kyn bolar. Eger gurlan ýagdaýynda-da, Owganystandaky häzirki şertler sebäpli gaz geçirijiniň üsti bilen gazyň bökdençiz Pakistana çenli iberilmegine kepil geçmek kyn bolar” diýip, Panniýer düşündirdi.

Pakistan neşirine görä, taraplaryň arasyndaky şertnama laýyklykda, Türkmenistan TOPH arkaly öz gazyny diňe türkmen-owgan serhedine çenli çykaryp berýär, ondan aňry Pakistana çenli akdyryljak gazyň ähli jogapkärçiligi Pakistanyň üstüne ýüklenýär.

“Ýöne Pakistan hökümeti bar bolan ylalaşygyň Pakistanyň bähbidine däldigini aýdyp, oňa çynlakaý garşy çykýar” diýip, “The News” ýazýar.

Ekspert munuň sebäbini Pakistanyň Owganystandaky howpsuzlyk aladalary bilen düşündirdi. Şeýle-de ol Pakistanyň gaz ylalaşygy boýunça öz şertlerini barha kynlaşdyrýandygyny aýtdy:

“Pakistan türkmen gazyny satyn almaga degişli öz şertlerini barha pugtalandyrýar. Olar gazyň bahasyny täzeden gepleşýär, şeýle-de ilki gazanylan ylalaşygyň köp şertini täzeden gepleşýär. Olar gürrüňsiz gazyň dünýä bazaryndaky bahasynyň pese gaçýandygyny görýärler we barha ylalaşygyň şertleri has köp Pakistanyň bähbidine, has az Türkmenistanyň bähbidine bolar ýaly olary täzeden gepleşýärler” diýip, 23-nji iýunda Brýus Panniýer Azatlyga gürrüň berdi.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady krizisi başdan geçirip gelýär, hem-de geçen 5 ýylyň dowamynda dürli ýurtlaryň işewürlerini, şol sanda saud, katar, kuweýt we arap emirlikleriniň işewürlerini transmilli taslama gatnaşmaga çagyryp geldi.

Panniýer sözüniň soňunda “Türkmenistan şu wagta çenli TOPH taslamasyna gönükdiren tagallalaryny Hazarüsti gaz geçirijisine gönükdiren bolsady, ýol aşardy” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG