Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sosial mediada özüniň syýasy garaýyşlaryny beýan eden türkmen aktiwisti güýç gulluklary tarapyndan saklandy


Illýustrasiýa suraty

Bir YouTube kanalynda Türkmenistan bilen bagly daşary ýurtlardaky syýasy hereketler we hökümet barada öz garaýyşlaryny beýan eden türkmen aktiwisti Murat Duşemow 16-njy iýunda Türkmenistanyň güýç edaralary tarapyndan Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ejesi Täzegül Mämmedowa bilen bilelikde saklandy.

Bu barada daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri 24-nji iýunda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

16-njy iýunda Duşemow bilen onuň ejesi Büzmeýin etrabyndan Aşgabadyň Köpetdag etrap polisiýasyna geçirildi. Şol günüň özünde onuň ejesi goýberildi. “Ýöne Duşemowyň özi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine äkidildi” diýip, maglumatda aýdylýar.

Aktiwistler onuň häzirki ykbaly barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.

“Murat Duşemow 1984-nji ýylyň 24-nji maýynda Daşoguz şäherinde doguldy. Käri boýunça gurluşykçy” diýip, maglumatda aýdylýar. Onda aýdylmagyna görä, maşgala häzirki wagtda Büzmeýin etrabynda ýazgyda dur.

Aktiwistleriň tassyklamagyna görä, Duşemowyň daşary ýurtlardaky oppozisiýa hereketleri we türkmen hökümeti barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan eden çykyşy 14-nji iýunda bir YouTube kanalynda ýerleşdirildi.

Ol öz çykyşynda daşary ýurtlardaky syýasy hereketler boýunça sorag berýär, hem-de olary ýurduň içinde halk bilen işleşmäge çagyrýar.

Bu wideonyň ondan ozal başga YouTube kanallarynda çap edilendigini ýa-da däldigini Azatlyk Radiosy anyklap bilmedi, ýöne aktiwistiň güýç edaralary tarapyndan 16-njy iýunda saklanmagy wideonyň YouTube-a 14-nji iýunda ýerleşdirilmeginden iki gün soňa gabat geldi.

Duşemowyň güýç edaralary tarapyndan tussag edilmegi bilen bagly Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenistanly aktiwist Leýla Kamalowa 24-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda onuň Kontitusiýanyň kanunlaryna laýyklykda, özüniň “söz azatlygyndan” peýdalanandygyny, diňe özüniň pikir-garaýyşlaryny beýan edendigini aýtdy we Duşemowyň boşadylmagyna çagyrdy:

“Ol biziň raýatymyz, ol biziň doganymyz. Ýogsa-da men ony tanamaýaryn, ýöne onuň durmuşy meniň üçin hem örän möhüm. Ony goýbersinler! Hemmämiz ýüzleneliň, ol barada çykyş edeliň! Goýbersinler! Ol artykmaç hiç zat edenok, ýa-da hökümete garşy hiç zat diýenok. Türkmenistanyň Kosntitusiýasynda bellenip geçilişi ýaly “adamlar öz düşünjelerini aýtmakda azat”. Ol hem özüniň oppozisionerler baradaky düşünjesini aýtdy. Munuň üçin ony tutmaga haky ýok hökümetiň. Ýa-da näme üçin tutýarlar, şonuň sebäbini düşündirip bersinler halka” diýip, Kamalowa aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Duşemow türkmen hökümetine garşy “Türkmenistanyň demokratik saýlawy” atly syýasy hereketiň wideo çykyşlaryny özüniň YouTube sahypasynda paýlaşýan ekeni.

Kamalowa Büzmeýinde saklanan aktiwist we onuň wideo çykyşlary barada şeýle gürrüň berdi:

“Ol iň soňky wideosynda öz ýüzüni açyp, özüniň kimdigini we büzmeýinlidigini aýdandan soň, ony Milli howpsuzlyk güýçleri onuň ejesini hem saklaýarlar. Ejesiniň hem aýdaýyn adyny – Mämmedowa Täzegül Orazgeldiýewna, 1963-nji ýylda doglan. Ol hem häzirki wagtda Büzmeýinde ýaşaýar. Milli howpsuzlyk güýçleri onuň hem özüni, hem-de ejesini sakladylar. Onuň özüni häzirki güne çenli tutup otyrlar, iberenoklar” diýip, aktiwist aýtdy. Ol özleriniň Duşemowyň doganlary bilen aragatnaşyk saklaýandygyny, ýöne onuň heniz hem azatlyga goýeberilmändigini gürrüň berdi.

Galyberse-de, Duşemowyň tussag edilmegi “Türkmenistanyň demokratik saýlawy” atly syýasy hereketiň lideri Myrat Gurbanowyň 15-nji iýunda Azatlyk Radiosyna interwýu bermeginden bir gün soňa gabat gelýär.

Täze syýasy hereket türkmen režimine garşy işleşmek planyny hödürleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:17:22 0:00

Şol bir wagtyň özünde, aktiwist Türkmenistanyň hökümetine garşy daşary ýurtlarda barha ýokarlanýan nägilelikleriň we protest çäreleriniň fonunda güýç edaralary tarapyndan saklandy.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda dürli pikirliligiň hem-de söz azatlygynyň berk depelenýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy türkmen aktiwistiniň saklanmagy boýunça Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG