Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenbaşy' öz garamagyndaky ministrleri nähili masgaralaýardy; Saakaşwiliň ýatlamasy


Türkmenistanyň öňki prezidenti bilen şol wagtky saglygy saklaýyş ministri Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň öňki prezidenti bilen şol wagtky saglygy saklaýyş ministri Gurbanguly Berdimuhamedow

Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihaýil Saakaşwili GDA maslahatyna geleninde, aradan çykan ozalky türkmen lideri Saparmyrat Nyýazowyň öz garamagyndaky ministrleriniň ählisini masgaralaýandygyny gürrüň berdi. Saakaşwili häzirki wagtda Ukrainanyň Milli reformalar geňeşiniň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy bolup durýar. Ol YouTube kanalynda goýlan “Dmitriý Gordonyň myhmany” atly gepleşikde, bu ýagdaýy ýatlady.

Saakaşwiliniň belli ukrain žurnalistiniň alyp barýan gepleşiginde aýtmagyna görä, Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazow GDA-nyň sammiti geçýän wagtynda, öz ministrlerini ýerinden turzup, olary dört aýakly ýaly, hamana “ite kemput beren” şekilli, başyny egip, iki elini aşak sallap durmaga mejbur edipdir.

Dmitriý Gordonyň “Türkmenbaşy” bilen ýüzleşip gördüňizmi diýen sowalyna Saakaşwili şeýle jogap gaýtardy:

“Köne (prezident S. Nyýazow – red.) bilen GDA-nyň bir sammitinde şeýle ýagdaý boldy. Haçan-da, ol öz ministrlerini kemput berilýän ite meňzedip, dört aýakly ýaly durmaga mejbur edeninde, bu örän gözgyny göründi. Şondan soň ol uzak ýaşaman öldi. Men onuň ýasyna-da gelmeli boldum, has takygy jaýlanyşyna däl-de, täze prezidentiň (prezident Gurbanguly Berdimuhamedow – red.) kasam kabul ediş dabarasyna” diýip, öňki gürji prezidenti ýatlady.

Saakaşwili bu ýatlamanyň dowamynda, şondan iki aýdan soň Türkmenbaşynyň üstünden gülen ol ministrlerini türmä basyp başlandygyny hem aýtdy. Şol wagtyň özünde Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “ýeke-täk bir ministri” türmä basmandygyny ýatlady.

“Onuň bir türmä basmadygy saglygy saklaýyş ministri boldy. Sebäbi ol onuň diş lukmanydy (ol Berdimuhamedowy nazarda tutýar – red.). Ol bolsa häzir täze ‘Türkmenbaşy’ boldy” diýip, Saakaşwili aýtdy.

Mundan başga-da, Saakaşwili Türkmenistanda saparda bolanda, ýurtdaky media serişdelerinde berlen habarlardan çen tutup, ýurduň ‘özbaşdak bir planeta’ hökmünde ýaşaýandygyna geň galmak bilen göz ýetirendigini hem belledi.

“Olaryň [Türkmenistanyň] telewideniýesinde tutuş dünýä diňe Türkmenistan bilen çäklenýär. Sport habarlary berlende, iki türkmen futbol toparynyň özara duşuşyklary barada gürrüň edilýär. Olaryň gowja dünýäleri bar, özbaşyna bir planeta” diýip, Gürjüstanyň öňki prezidenti aýtdy.

Şeýle-de Saakaşwili Türkmenistana eden saparynda ozalky prezident Nyýazowyň rezidentsiýasynda galandygyny, ol ýerde altyna çaýylan hajathana unitazyny hem görendigini nygtady.

Saakaşwiliniň belli ukrain žurnalisti Dmitriý Gordon bilen interwýusy 24-nji iýunda YouTube kanalynda efire gitdi.

2003-nji ýylda Bägül rewolýusiýasyndan soňra döwlet başyna gelen Mihail Saakaşwili 2004 – 2013-nji ýyllar agalygynda Gürjüstanyň prezidenti bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG