Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan halkara saglyk wekilleriniň gelmegine taýýarlanyp, COVID-19 garşy öň etmedik çärelerini görýär


Aşgabadyň keselhanasynda, iýun, 2020

Türkmenistanda COVID-19-a garşy çäreleriň birnäçesi indi görlüp başlandy. Paýtagtda käbir bazarlar ýapylýar, konsertler ýatyrylýar, jemgyýetçilik ýerlere barýan adamlardan dezinfeksiýa çäreleri talap edilýär. Saglyk işgärleri iş ýerlerinde gorag serişdelerini ulanýar. Saglyk edaralarynda şu günler ýowar geçirilýär. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň häkimiýetleriniň şeýdip, Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) ýurtda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy görmek üçin gelýän bilermenlerine garaşýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň gündogar welaýaty Lebapda BSG-niň COVID-19 boýunça wekilleriniň saparyna işjeň taýýarlanýar. Azatlygyň habarçysy ähli medisina edaralarynyň işgärleriniň binalaryň içini we daşyny arassalamak we timarlamak üçin günde iş geçirýändigini 2-nji iýulda habar berdi. Olara halkara hünärmenleriniň ýakyn günlerde geljegi aýdylypdyr.

Ýaňy-ýakynda ýurduň ýolbaşçylary we BSG-niň wekilleri bu saparyň iýul aýynyň başynda garaşylýandygyny aýdypdy, emma takyk senesini agzamandy.

2-nji iýulda Azatlyk Radiosyna COVID-19 boýunça bilermenleriň Türkmenistana boljak saparynyň çak edilýän senesi mälim boldy. Azatlygyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky aýra-başga iki çeşmesi BSG-niň missiýasynyň 6-njy iýulda Lebap welaýatyna barjagyny aýtdy. Bu maglumaty BSG-niň wekillerinden we Türkmenistanyň resmilerinden resmi taýdan entek tassyklap bolmady.

Bu wagtda Aşgabatda käbir uly bazarlar ýapyldy we aýdym-saz konsertleri ýatyryldy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary soňky günlerde şäheriň iki uly bazary lomaý we 'jygyldyk' diýilýän bazarlarynyň arassaçylyk üçin ýapylandygyny habar berdiler. 2-nji iýulda lomaý söwda bazary gaýtadan işe başlapdyr.

Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary meşhur aýdym-saz toparlarynyň konsertlerine tomaşa etmek mümkinçiligini ýitirdi. Hususan-da, 12-nji iýulda planlaşdyrylan Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň möwsümiň soňky konserti ýatyrylypdyr.

Türkmenistan soňky hepdelerde BSG-niň rekomendasiýalaryna laýyk gelýän COVID-19-yň ýaýramagyna garşy cäreleriniň birnäçesini güýçlendirdi. Öz territoriýasynda koronawirus keseliniň hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan, şu wagta çenli BSG-niň sosial aralygy saklamak baradaky esasy tekliplerini äsgermezlik etdi, şeýle hem keseliň ýokaşmagyndan goraýjy serişdeleri ulanmak, şol sanda saglyk işgärleriniň arasynda maska geýmegi uzak wagtlap talap etmedi.

Emma soňky hepdelerde saglyk işgärlerinden maska we ellik geýmek talap edildi, käbir hassahanalarda işgärler COVID-19-dan goranmak üçin ýörite geýimlerinde işleýärler. Paýtagtda sport desgalary ýapyldy, regionlaryň arasyndaky gatnaw çäklendirildi. Şol bir wagtyň özünde-de, köpçüligiň gatnaşmagyndaky häkimiýetler tarapyndan gurnalan dabaralar bes edilmedi. 29-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni dürli dabaralar, konsertler we sadakalar bilen belledi.

Şu günler paýtagtda ilata guramaçylykly usulda wirusa garşy derman paýlanýar, şol sanda öýlere eltilip berilýär, wirusa garşy serişde hökmünde netijeliligi subut edilmedik könelişen "Rimantadin" dermany ujypsyz mukdarda her adam başyna 5-10 tabletkadan paýlanýar.

Şeýle-de, köpçülik ýerlerinde dezinfeksiýa güýçlenýär. Azatlygyň habarçylary Aşgabatda dezinfeksiýa çäreleriniň örän ýüzleý geçirilýändigini we talaplaryň köplenç berjaý edilmeýändigini belleýärler.

"Şu gün olaryň NGC (nitral gidrohlorid kalsiý) serişdesi bilen dezinfeksiýa edýändigini anykladym. Bu örän zäherli, toksiki bir serişde. Onuň dogry proporsiýalary berjaý edilmelidir. Şol sebäpli soňky wagtda adamlaryň agyr allergiýasynyň döräýän bolmagy mümkin" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 2-nji iýulda aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabatdyň jemgyýetilik ýerlerinde elleri arassalamak üçin häzirki zaman antiseptikleri hem görmek mümkin. Öňki aýlarda, Türkmenistanyň paýtagtyndaky köpçülik ýerlerinde, şol sanda demirýol wokzallarynda we söwda merkezlerinde, häzirki zaman antiseptikleriň ýerine, gapylaryň tutawaçlaryna berkidilen hlorly esgileri görmek mümkindi.

BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleriniň garaşylýan sapary ýurtda koronawirus bilen bagly hakyky ýagdaýy aýdyňlaşdyryp biler diýlip garaşylýar. Bu sapar ýurtda COVID-19 alamatlary bilen geçýän ýiti pnewmoniýanyň ýaýran wagtyna gabat gelýär.

Azatlygyň Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmeleri, ýurduň ýolbaşçylarynyň COVID-19 keseline degişli käbir ýagdaýlary ykrar etmekçi bolýandygyny öňe sürýärler. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri COVID-19 alamatlary bolan näsaglarda bu keseliň anyklanmagy barada azyndan onlarça anyk ýagdaýlaryň üstüni açmagy başardylar. Näsaglaryň arasynda medisina işgärleri hem bar, ölenler hem boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG