Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň hassahanalarynda COVID-19 simptomly näsaglar köpelýär


Tiz kömek ulaglary, Aşgabat, iýun, 2020
Tiz kömek ulaglary, Aşgabat, iýun, 2020

Türkmenistanyň ýokanç keseller hassahanalarynda COVID-19 alamatlary bolan adamlar barha köpelýär, käbirleriniň ýagdaýy agyr. Häkimiýetler ýurtda koronawirusyň ýoklugyny öňe sürýärkä, Azatlyk Radiosynyň habarçylary COVID-19 keseline mahsus alamatly keseliň gitdigiçe ýaýraýandygy we anyk wakalar barada habar berýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda azyndan 5 adam paýtagtyň Çoganlydaky ýokanç keseller keselhanasynda saklanýar, haly agyr bolan näsaglara kislorod bejergisi berilýär, ýöne hassahanada öýkeni emeli işletmek boýunça ýörite enjamlar ýok.

Azatlyk Radiosy aýdylýan ýagdaýlar barada Aşgabadyň ýokanç keseller merkezinden kommentariý alyp bilmedi.

Häzirki wagtda ýurtda ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagynyň fonunda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri, şol sanda hökümete ýakyn adamlar, COVID-19 alamatlary bolan näsaglarda bu keseliň anyklanan halatlarynyň azyndan onlarçasy barada habar berdiler. Näsaglaryň arasynda medisina işgärleri hem bar, ýogalanlar hem boldy.

Soňky ýagdaýlaryň birinde Türkmenabat şäherinde 61 ýaşly adam koronawirus sebäpli aradan çykdy. Merhum 2-nji şäher poliklinikasynda işleýän lukmanyň adamsydy. Bu adam 27-nji iýunda şäherdäki ýokanç keseller keselhanasynda birnäçe gün bolansoň aradan çykdy. Ýokanç keseller hassahanasynyň öz işgärleri we Lebap welaýatyndaky lukmanlar häzirki ýagdaýdan örän aladalanýar.

30-njy iýunda Azatlyk merhumyň kesellemegine getiren käbir goşmaça maglumatlary anyklady. Azatlygyň habarçysy bu adamyň ýaňy-ýakynda Daşoguzdaky toýa gatnaşandygyny habar berdi: "Oňa şol ýerde ýokaşan bolmagyny çak edýärler. Ol yzyna gaýdyp gelende, süýji keseli sebäpli keselhana ýerleşdirildi, ýöne birnäçe günden soň gyzdyrdy we dem alyş problemalary ýüze çykdy, ony gyssagly ýagdaýda ýokanç keseller hassahanasyna geçirdiler”.

Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň gizlinligini saklamak we howpsuzlygyny berjaý etmek maksatly hassalaryň şahsyýetini we bolup geçýän wakalaryň jikme-jikliklerini açmaýar.

Mundan öň Azatlygyň Aşgabatdaky we welaýatlardaky habarçylary Daşoguzyň ýaşaýjylarynyň, şeýle-de bu welaýata baryp gaýdan beýleki regionlaryň ýaşaýjylarynyň arasynda COVID-19 keseliniň anyklanandygyny habar beripdi.

Iýun aýynyň başynda Daşoguzyň golaýyndaky çölde çadyr dikilip, döredilen karantinde birnäçe adamyň ölendigini habarçylarymyz mälim edipdi.

Ýurduň häkimiýetleri COVID-19 bilen kesellän adamlaryň anyklanandygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler, şonuň bilen birlikde ýurtda käbir öňüni alyş çäreleri güýçlendirýärler.

Hususan-da, şu günler ilata peýdasy subut edilmedik köne görnüşli dermanlar wirusa garşy serişde hökmünde guramaçylykly paýlanýar.

"Aşgabatda klinika işgärleri wirusa garşy dermany “Rimantadini” her bir adam başyna 10 tabletkadan mugt berýär. Bir ýerde ýaşy 65-den geçenlere, başga bir ýerde 60 töweregindäkilere. 9-njy poliklinikanyň golaýynda çagalara 5 tabletkadan berýärler. Bize entek gelmediler. Dermanyň öňüni alyş kursy 30 tabletkadan 30 gün"- diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri 30-njy iýunda aýtdy.

Bir gün öň Azatlygyň başga bir habarçysy saglyk işgärleriniň bu dermany ýaşaýjylaryň öýlerine getirip başlandyklaryny habar berdi. Habarçymyzyň özüne hem maşgala agzalaryna 7 tabletkadan berlipdir.

Mundan başga-da, şu günler COVID-19-yň simptomlary bolan adamlar dessine hassahana ýerleşdirilýär, şol sanda tiz kömek gulluklary şeýle adamlary köçelerden alyp gidýärler. "Baýramaly şäherinde, Garaşsyzlyk köçesinde bir garry aýal özüni erbet duýdy. Ol üsgürdi, soň boglup başlady we ýere oturdy. Bu aýala öz ulagynda geçip barýan lukman kömek etdi. Lukman zenanyň gyzgynyny ölçedi, ol 39 gradusa ýetipdir, soň tiz kömegi çagyrdy, ony keselhana äkitdiler” diýip, wakanyň şaýatlarynyň biri Azatlyga habar berdi.

Azatlygyň habarçylary garaşsyz çeşmelerden bu maglumaty tassyklap bilmediler. Şol bir wagtyň özünde-de, olaryň sözlerine görä, ýaşaýjylaryň tiz kömek gullugyny öýlerine çagyrmagy hem ýygjamlaşypdyr, tiz kömek ulaglaryny ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda yzygiderli görmek bolýar.

Koronawirusa garşy görülýän çäreleriň fonunda Türkmenistanda adaty harby kasam ýatyryldy. "Şu ýyl harby bölümlerde harby kasam dabarasy ýatyryldy. Diňe Aşgabatdaky käbir harby bölümlerde telewizorda görkezmek üçin kasam dabarasy geçirildi" – diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy iýunda aýtdy.

Türkmenistan ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny öňe sürýär. Ýurduň ýarym resmi habar beriş serişdeleri muny hökümetiň alyp barýan çäreleriniň we saglyk ulgamynyň netijeliliginiň mysaly hökmünde habar berýärler. Döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri bolsa koronawirus temasyny, şol sanda dünýädäki ýagdaýy asla agzamaýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti, halkara guramalarynyň we ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň işgärlerini COVID-19 hadysalarynyň ýoklugy barada wagtal-wagtal habarly edip gelýär. Emma keseli anyklamak boýunça edilýän işleriň möçberini görkezýän statistikany bermeýär. Ýurt häkimiýetleri onlarça ýyl bäri ýurtdaky keselçilik derejesini görkezýän umumy statistikany çap etmeýär.

BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleriniň iýul aýynyň başynda Türkmenistana eder diýilýän sapary ýurtdaky hakyky ýagdaýy aýdyňlaşdyryp biler diýlip garaşylýar. Aprel aýyndan bäri garaşylýan bu saparyň takyk senesi entek agzalmady.

Halkara guramalary, Türkmenistan ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň aç-açan alamatlaryny inkär edip, öz ilatynyň saglygyny howp astynda goýýar diýip hasaplaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG