Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da COVID-19 keseline ýolugýanlaryň sany köpelýär


Florida. Kenardaky durmuş. 2-nji iýul, 2020.
Florida. Kenardaky durmuş. 2-nji iýul, 2020.

ABŞ-da 3-nji iýulda 50 müňden gowrak täze koronawirus ýokuşmasy ýüze çykaryldy. Birleşen Ştatlarda yzly-yzyna üçünji gün elli müňden gowrak wirus hadysasy hasaba alyndy.

Adatça, 4-nji iýul, ýurduň Garaşsyzlyk güni dürli çäreler we syýahatlar bilen bellenilýär. Emma wirus hadysalarynyň köpelmegi ABŞ resmilerini adamlary öýlerinde galmaga çagyrmaga mejbur etdi.

Birnäçe ştat kärhanalaryň täzeden açylmagyny togtatdy. ABŞ-nyň 50 ştatynyň 40-synda keselleýänleriň sanynyň köpelendigi bellendi, azyndan 14 ştatda ortaça ösüş depgini rekord derejä ýetdi.

ABŞ-nyň günortasynda we günbatarynda ýagdaý has çylşyrymlaşýar. Florida ştatynda hassahana ýerleşdirilýänleriň sany köpelýär, ştatda her gün 10 müňe golaý täze näsag hasaba alynýar. Häkimiýetler gijelerine komendant sagadyny girizdi we gaýtadan işe başlanyna bir aý bolan güýmenje desgalaryny ýapdy.

Kaliforniýada häkimiýetler koronawirus näsaglarynyň we hassahana girýänleriň köpelmegi bilen baglylykda kärhanalary gaýtadan açmak planlaryna täzeden seretdiler.

Dünýäde wirus ýokuşan adamlaryň sany 11 milliondan geçdi, 524 müňden gowrak adam öldi. Ýer togalagynda wirus ýokuşmalarynyň we ondan heläkçiligiň dörtden bir bölegi ABŞ-da bolýar.

XS
SM
MD
LG