Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Demografik genosid". Sinjiangdaky uýgurlarda hem gazaklarda çaga dogrulyşynyň azlygy üçin, Pekin tankytlanýar


Sinjiangdaky Hotan şäheriniň bazarynda duran eli çagaly ýaş uýgur aýal.

Hytaýyň demirgazyk-günbatar welaýaty baradaky täze dokladda, uýgurlaryň, gazaklaryň hem beýleki ýerli milletleriň köpçülikleýin azalýandygy aýdylýar.

"AWTONOMIÝANY UNUTMAGA MEJBUR EDÝÄRLER"

Hytaý hökümetleri Sinjiangdaky uýgur aýallaryna, şol sanda gazak aýallaryna we yslam dinine uýýan etniki topardakylara ýatgyny arassalamak çärelerinden geçmegi ýa-da çaga dogurmazlyk üçin kontraseptik ulanmagy talap edýärler. 29-njy iýunda çap edilen dokladdanşu many gelip çykýar.

Hytaý boýunça bilermen Adrian Zensiň taýýarlan dokladyna görä, beýle syýasat haýal görnüşde dowam edýän «demografiki genoside» alyp barýar. Ol doklad ähli aýyplamalary «esassyz» diýip gelýän Hytaýa garşy halkara barlagynyň geçirilmegine çagyryş edýär.

Pekin 2017-nji ýyldan bäri Sinjiangyň milliondan gowrak ýerli ilatyny konsentrasiýa lagerlerinden ýa-da «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş» zonasyndan geçirýändigi baradaky tankytlary ret edip gelýär. Pekin ol edaralary «kämilleşdiriş we hünär öwrediş merkezi» atlandyryp, munuň separatizme, terrorizme hem ekstremizme garşy göreş üçin döredilendigini aýdýar.

Uýgurlar – Sinjiangdaky türki dilli iň uly topardyr, olardan soň gazaklar durýar. Şeýle hem ol sebitde gyrgyzlar, tatarlar we dunganlar ýaşaýar. Olardan daşary köplükdäki topar Hytaýdaky iň uly etnos bolan hanlar, ýagny hytaýlylardyr.

Zens öz dokladynda Hytaý döwletiniň dokumentlerine, regional statistika hem-de Sinjiangdaky hytaýly bolmadyk milletlerden gaçyp çykanlaryň interwýularyna esaslanýar.

«2016-njy ýylyň aýagyndan Sinjiang aždarha polisiýasynyň döwletine öwrülenden soň, hökümet resmileri awtonomiýa diýlen düşünjäni unutdyrmak üçin, yzygiderli iş alyp barýarlar»diýip, dokladda agyr ýagdaýy başdan geçirenleriň sözi sitirlenýär.

Çaga dogulyşyna syýasatçylaryň kontrollyk edýändigi, döwletiň kesgitlän çäginden çykanaýallary maşgalasyndan aýyrmak ýa-da«lagere» salmak jezasy bilen gorkuzylýandygy aýdylýar.

Birnäçe aýallar döwletiň rugsat edýän iki çaga (oba ýerinde üç çaga-da bolup bilýär) derejesini saklajak bolup, ýatgyda spiral goýdurmaga mejbur bolýarlar.

Aýallaryň ýatgyny arassalatmak üçin operasiýadan geçmäge mejbur edilýändigi, inýeksiýa geçirilýändigi, göwrelilige garşy kontraseptikleriň ulanylýandygy ol dokladda görkezilýär.

Mundan daşary, Hytaýyň maşgalany aýry salmak çäresini ulanmak syýasatynyň bardygy-da dokladda bellenýär.

Döwlet dokumentlerinde aýdylyşyna görä, hökümet wekilleri oba ýerlerindäki aýallary şahsy ginekolog barlaglaryndan hem-de göwreliligi barlaýan testden geçmäge mejbur edýärler.

"HANLARYŇ GÖÇÜP GELMEK KOLONIALLYGY"

Hökümet maglumatlaryndan gelip çykýan netijeler Sinjiangyň ilatynyň tebigy ösüşiniň peselmegine agyr täsir edýändigini görkezýär. Örän uly iki uýgur prefekturasynda 2015-nji ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda çaga dogrulyşy 84% aşaklapdyr. Bu görkeziji 2019-njy ýylda hem aşaklamagyny dowam etdiripdir.

Döwletiň aýan edýän maglumatyna görä, Sinjiangyň günortasynda aýallaryň çaga dogurmazlygy üçin, köpçülikleýin geçirilýän çäreler aýratyn-da maşgalada üç ýa-da iki çagasy bolan uýgurlara degişli bolupdyr.

Dokladda aýdylmagyna görä, hökümetler uýgurlar ýaşaýan oba ýerindäki dört prefekturada dogurmaga ukyby bolan aýallaryň 20%-de göwrelilige garşy serişdeleri ulanmakçy. Deňeşdirmek üçin aýdylnda, Hytaýda 2018-nji ýylda çaga galmazlygy üçin ýatgyda goýulýan spirallaryň 80%-i Sinjianga degişli. Ol ýerde ýaşaýan tutuş ilat bolsa, Hytaýyň umumy ilat sanynyň diňe 1,8%-ni düzýär.

Mundan öň Hytaýyň Kommunistik partiýasy etniki hanlardan bolanlara türki etniki toparlardan kimiň adamsy «lager» tussaglygynda saklanýan ýa ol ýerde ölen bolsa, olar bilen nika baglaşmaga çagyryş edipdi.

Mundan daşary-da, Pekin Sinjiangyň etniki deňeçerligini üýtgetmek üçin, bu regiona gelýän hanlara iş orunlaryny, ýerleri hem ykdysady ýardamlary teklip edýär. Dokladyň awtory hytaý hökümetini «ol ýere hanlary getirmek bilen koloniýalaşdyrmak syýasatyny ýöredýänlikde» günäleýär.

Toplanan maglumatlara laýyklykda, Hytaýyň Sinjiangdaky ýöredýän syýasatynyň «bir toparyň arasynda çaga dogrulyşyny ýok etmek çäresine» garşy BMG-niň Konwensiýasynyň ölçeglerine«ynandyryjy görkeziji» bolýandygy dokladda bellenilýär.

Sinjiangdaky «lagerlerde»dowam edýän zorluk çäreleri barada Nur-Sultanyň parhsyz garaýşy(2019-njy ýylyň 27-nji noýabry):

ABŞ-yň Döwlet sekretary Maýkl Pompeo Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň «adam durmuşyndaky mukaddesligi hem-de ynsan mertebesiniň esaslaryny düýpden ýok etmek» syýasatynyň soňuna çykylmagyny talap etdi.

Hytaý boýunça Demirgazyk Amerikany, Ýewropany hem Awstraliýany öz düzümine alýan Halkara parlamentara alýansy «[Sinjiangda]adamzada garşy jenaýatyň ýa-da genosidiň bolýan ýagdaýyny» barlamak üçin, BMG-niň barlag geçirmegi talap etmelidigini öňe sürdüler.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG