Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 12 milliondan geçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäde COVID-19 diagnozy goýlan adamlaryň sany 12 milliondan geçdi we olaryň dörtden biri Birleşen Ştatlardadyr. ABŞ-da, hususan-da Floridadan Teksasa çenli we Arizonadan Kalifornia çenli günorta we demirgazyk ştatlarda kesel ýokuşanlaryň sany köpelýär.

Dekabr aýynda Hytaýda ilkinji ýokançlyk ýüze çykarylandan bäri, ABŞ iň erbet zyýan çeken ýurt boldy. Jons Hopkins uniwersitetiniň 8-nji iýuldaky sanlaryna görä, dünýä boýunça koronawirus diagnozy goýlan 12 million adamdan 3 milliondan gowrak adam, şeýle hem ölen 548 müň adamdan azyndan 132 müň 256 adam ABŞ-da aradan çykdy we bu jemi sanlaryň dörtden birine deň gelýär.

ABŞ-nyň daşynda 1,7 million adamda koronawirus tassyk bolan Braziliýada hem-de 742 müň adamda kesel tassyklanan Hindistanda sanlar artýar.

Meksika bir günde rekord 6 müň 995 koronawirus ýagdaýyny habar berdi we jemi 275 müňden gowrak ýokançlygy hasaba alan Ispaniýadan ozup geçdi.

COVID-19-dan 32 müň 796 ölüm hasaba alan Meksikanyň koronawirusa garşy göreş topary ýokarlanýan sanlara garamazdan, ýurtda pandemiýanyň haýallaýandygyny aýtdy.

Awstraliýanyň ikinji iň iri şäheri Melburunda resmiler tamamlanan berk çäklendirme çärelerini täzeden güýje girizmäge mejbur bolýandyklaryny aýdyp, 9-njy iýulda ikinji petiklemä bat berdi.

XS
SM
MD
LG