Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Unudylan uruş». Ýetmiş ýyl öň Koreý ýarymadasynda bolan heläkçilik

Arhiw fotosuratlary«unudylan urşuň»taryhyndan gürrüň berýär. Uruş 70 ýyl mundan öň başlanypdy, resmi taýdan ol entegem tamam edilenok.

Ikinji Jahan urşy gutarandan soň, Koreý ýarymadasynyň demirgazyk bölegini sowet goşunlary öz kontrollygyna aldy, günorta bölegini – amerikanlylar eýelediler. Sowet Soýuzy 1945-nji ýylyň awgustynda, 2-nji jahan urşunyň soňky günlerinde Ýaponiýa garşy uruş yglan edipdi.

1945-nji ýylda Sowet goşuny Ýaponiýa bilen söweşden çykandan soň, Koreýa ýarymadasyna geldi.
1945-nji ýylda Sowet goşuny Ýaponiýa bilen söweşden çykandan soň, Koreýa ýarymadasyna geldi.

1950-nji ýylyň 25-nji iýunynda öňki iki soýuzdaşlar bolan SSSR hem ABŞ bu ýarymadadan çykandan soň, Demirgazyk Koreýanyň kommunistik diktatory Kim Ir Sen ýarymadanyň günorta bölegine hüjüm edip başlady. Ol Günorta Koreýany eýelemek üçin, 38-nji parallelden geçdi we tutuş ýarymadany kommunistik döwlete öwürmek isledi. Garaşylmadyk hüjüme girişmek üçin Kim hut Iosif Staliniň özünden makullaýjy goldawyny alypdyr diýen habar bar.

Demirgazyk Koreýanyň goşuny Sowet Soýuzynda öndürilen tanklaryň goldawy bilen garaşylmadyk hüjümden birnäçe gün soň Seulyň üstünden, günorta tarap süýşýär.
Demirgazyk Koreýanyň goşuny Sowet Soýuzynda öndürilen tanklaryň goldawy bilen garaşylmadyk hüjümden birnäçe gün soň Seulyň üstünden, günorta tarap süýşýär.

Günorta Koreýanyň goşuny başda köp ýitgi çekdi. Sowet ýaraglary, artilleriýasy hem T-34 tanklary bilen ýaraglanan kommunistik soldatlar bu ýeri stalinleşdirmek üçin, günorta tarap süýşýärdiler.

ABŞ-yň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Worren Ostin amerikan harbylarynyň Koreýada ele salan, Sowet Soýuzynda öndürilen pistolet hem pulemýot hasaplanýan PPŞ awtomatyny elinde tutup dur. Bu ýagar ýarymadany basyp alýan kommunist goşunlara Staliniň ýardam berýändigine şaýatlyk edýär.

Dünýä 30-njy ýyllardaky milletçi agressiýanyň «ýaraşyk syýasaty» ugrunda alyp baran gyrgynçylygynyň netijelerini entek unutmansoň, Koreýadaky harby interwensiýa bolaýmaly ýagdaý hökmünde garaýardy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi sekiz sesiň goldawy hem bir sesiň garşy çykmagy (oňa kommunistik Ýugoslawiýa garşy ses beripdi) bilen «[Günorta Koreýa] ýaragly hüjümiň öňüni almak hem sebitde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy diklemek»üçin, goşun ýerleşdirmek rezolýusiýasyny kabul etdi.

ABŞ-yň soldatlary 1950-nji ýylyň 1-nji iýulynda Koreýa bardy.
ABŞ-yň soldatlary 1950-nji ýylyň 1-nji iýulynda Koreýa bardy.

BMG-niň goldamagyndaky «Polisiýa operasiýasy»ABŞ-yň goşunlary tarapyndan kommunistleriň günorta hüjümini haýallatmaga çalyşdy.

Ýogalan birnäçe amerikan soldatlaryndan biriniň jesedi.Iýulyň başynda Seulyň günortasynda Demirgazyk Koreýa goşunlary ýesir alnanlary jezalandyrdy.
Ýogalan birnäçe amerikan soldatlaryndan biriniň jesedi.Iýulyň başynda Seulyň günortasynda Demirgazyk Koreýa goşunlary ýesir alnanlary jezalandyrdy.

Ilkinji baran amerikan goşunlary aýratyn ýeterlik derejede ýaragly däldiler. Harbylar tanka garşy ulanylýan ýaragyň okunyň hüjüm edýän T-34 tankyndan çawup geçýändigini gördüler. Sebite ilkinji baran 400 amerikan soldatyndan, 60 sanysy öldi we 82 soldat ýesir düşdi.

Koreýadaky amerikan harbylary pyýada goşunda öz gullukdaşynyň ýitgisi üçin, biri beýlekisini köşeşdirmäge çalyşýar. 1950-njy ýylyň awgusty. Olardan aňyrda oturan sanitar bloknotyna ýaralylar baradaky belligi girizýär.

Komunistleriň rehimsiz hüjümini BMG-niň güýçleri basym Koreý ýarymadasynyň günorta-gündogaryna tarap gysyp başlady hem Pusan perimetrinde (Pusan söweş bazasy) pozisiýa tutdular.

Amerikan soldatlary Pusan söweş bazasynda, 1950-njy ýyl.
Amerikan soldatlary Pusan söweş bazasynda, 1950-njy ýyl.

Pusan perimetriniň töweregindäki gorag liniýasy demirgazyk koreýlileriň hüjümini serpikdirip bildi. Soňra bu ýere BMG köp güýç hem ýarag getirdi.

Koreýa gelen Efiopiýanyň goşuny. BMG-niň arka durmagynda gelen goşunyň uly bölegi amerikanlylardy, ýöne onuň düzümine onlarça milli kontingentleriň wekilleri-de girýärdi.
Koreýa gelen Efiopiýanyň goşuny. BMG-niň arka durmagynda gelen goşunyň uly bölegi amerikanlylardy, ýöne onuň düzümine onlarça milli kontingentleriň wekilleri-de girýärdi.

Güýzüň öň ýanynda ABŞ-yň generaly Duglas Makartur port şäheri Inçony basyp almaga buýruk berdi. Bu şäher kommunistleriň tylyndan ýüzlerçe kilometr uzaklykdady.

1950-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Inçona goşunlaryň barmagy hem tehnikanyň düşürilmegi.
1950-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Inçona goşunlaryň barmagy hem tehnikanyň düşürilmegi.

Inçonda goşunlaryň üstünlikli ýerleşdirilmegi urşuň barşynda öwrülişik pursady boldy. Kommunist goşunlary söweş liniýasyny ýüzlerçe kilometr günortada kesmekçi bolanlarynda, BMG-niň goşunlary bu ýerden Seula hüjüm etdiler.

ABŞ-yň goşunlary Seul ugrundaky söweşde, 1950-nji ýylyň 20-nji sentýabry.
ABŞ-yň goşunlary Seul ugrundaky söweşde, 1950-nji ýylyň 20-nji sentýabry.

Kommunistler 1950-nji ýylyň sentýabrynda Tejondan yza çekilen wagtynda, Koreýanyň parahat ilatyndan öldürilen 400 çemesi graždaniniň jesedi. Şaýatlaryň tassyklamagyna görä, adamlary öz gabyryny gazmaga mejbur edipdirler, soňra bolsa olary şol ýerde atypdyrlar.

Günorta Koreýanyň lideri, ABŞ-da bilim alan Li Syn Man halk arasynda ýaramaz abraýdan peýdalanýardy. Ol korrupsiýada aýyplanýardyhem syýasy tussaglary jezalandyrypdy, bu BMG-niň güýçleriniň peýdasyna däldi.

ABŞ-yň deňiz pyýada goşunyndan bir soldat sowet lideri Iosif Staliniň portretini tutup dur, ol Demirgazyk Koreýanyň goşunynyň gorag bunkerinde galypdyr. 1950-nji ýylyň noýabry.
ABŞ-yň deňiz pyýada goşunyndan bir soldat sowet lideri Iosif Staliniň portretini tutup dur, ol Demirgazyk Koreýanyň goşunynyň gorag bunkerinde galypdyr. 1950-nji ýylyň noýabry.

Amerikan harbysy Demirgazyk Koreýanyň goşunynda gulluk eden iki oglandan sorag edýär. 1950-nji ýylyň 18-nji sentýabry.
Amerikan harbysy Demirgazyk Koreýanyň goşunynda gulluk eden iki oglandan sorag edýär. 1950-nji ýylyň 18-nji sentýabry.

Tussaglar amerikan tankynyň alnynda ellerini göterip barýarlar. 1950-nji ýylyň 26-njy sentýabry.
Tussaglar amerikan tankynyň alnynda ellerini göterip barýarlar. 1950-nji ýylyň 26-njy sentýabry.

BMG-niň güýçleriniň ot açyş zarbasy netijesinde Inçona garaşylmadyk ýagdaýda goşun düşürildi. Bu kommunistik güýçleri dargatdy. Olar demirgazyga gaçdylar.

Bomba hüjüminden soň Demirgazyk Koreýanyň tanky Suwonyň golaýyndaky ýumrulan köpriniň üstünde galdy. 1950-nji ýylyň 7-nji oktýabry.
Bomba hüjüminden soň Demirgazyk Koreýanyň tanky Suwonyň golaýyndaky ýumrulan köpriniň üstünde galdy. 1950-nji ýylyň 7-nji oktýabry.

BMG-niň güýçleri tiz aralykda kommunistleri 38-nji parallele çenli gysyp bardylar. Olar birnäçe aý mundan öň hut şu ýerden hüjüme başlapdylar.

BMG-niň güýçleri Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky resmi serhede ýetenden soň, halkara güýçleri saklamalymy diýip, ýapyk kabinetlerde baran barlyşyksyz debatlarda, Waşington Koreýadaky öz harby ýolbaşçylaryna: «siziň harby maksadyňyz Demirgazyk Koreýanyň harby güýçlerini demirgazykda 38-nji parallele çenli ýok etmekdi»diýdi.

ABŞ-yň harby korably Çonjinde Demirgazyk Koreýanyň Hytaý bilen araçägine golaý ýerdäki pozisiýasyna zarba urýar. 1950-nji ýylyň 7-nji oktýabry. Bu döwür içinde BMG güýçleri deňze hem ýer üsti giňişlige doly kontrollygy öz eline alypdy.

Konflikt soňra Hytaý bilen başlandy. Olar müňlerçe meýletin-söweşijileri ýeňil ýaraglar bilen üpjün edip, gizlin ýagdaýda Demirgazyk Koreýa iberipdirler.

1950-nji ýylyň dekabrynda kommunistleriň pozisiýasyna howadan edilen hüjüm. ABŞ-yň deňiz pyýada goşuny howadan urulýan zarbany synlaýarlar.
1950-nji ýylyň dekabrynda kommunistleriň pozisiýasyna howadan edilen hüjüm. ABŞ-yň deňiz pyýada goşuny howadan urulýan zarbany synlaýarlar.

1950-nji ýylyň aýagynda Demirgazyk Koreýanyň asmanynda örän haýbatly MiG-15 kysymly sowet istrebitelleri (hüjüm ediji uçarlary) peýda bolup başlady (suratda şol uçaryň 1963-nji ýylda döredilen arhiw şekli). Uçuşlaryň köpüsini maglumatda aýdylyşyna görä, hytaý uniformasyny geýen sowet lýotçikleri amala aşyrýardylar. Kreml sowet pilotlarynyň Koreýa urşuna gatnaşandygyny yzygiderli ret edip geldi. Howa hüjümi wagtynda howa aragatnaşygynda olaryň rus dilinde sögýändiklerini amerikan pilotlary eşidendigini aýtsalar-da, olar muny boýun almadylar.

1950-nji ýylyň dekabrynda «Hytaýyň üç kommunistik dwiziýasynyň garaşylmadyk hüjüminden soň» ABŞ-yň deňiz pyýada goşuny.
1950-nji ýylyň dekabrynda «Hytaýyň üç kommunistik dwiziýasynyň garaşylmadyk hüjüminden soň» ABŞ-yň deňiz pyýada goşuny.

Soňra Hytaýyň güýçli harby söweşijileri bilen BMG-niň güýçleri çaknyşmaly boldy. Olar ýene yza çekilmäge mejbur boldular. Goşunlar günorta çekilende, olara hytaý harbylary hüjüm etdiler.

BMG-niň tehnikasy hem harby güýçleri çykarylandan soň, Demirgazyk Koreýanyň portundaky infrastruktura ýok edildi.
BMG-niň tehnikasy hem harby güýçleri çykarylandan soň, Demirgazyk Koreýanyň portundaky infrastruktura ýok edildi.

BMG-niň harby desantlarynyň 1951-nji ýylda Koreýa düşürilişi.
BMG-niň harby desantlarynyň 1951-nji ýylda Koreýa düşürilişi.

BMG güýçleriniň Demirgazyk Koreýadan çykmagy bilen Guramanyň täze bölümleri günorta giňişlikde ýerleşip, göreşiň aýgytlaýjy bölegine başlady.

Günorta Koreýada, Hýonsong belentliginiň golaýynda söweş mahaly ýesir düşen hytaý harbylary. 1950-nji ýylyň marty.
Günorta Koreýada, Hýonsong belentliginiň golaýynda söweş mahaly ýesir düşen hytaý harbylary. 1950-nji ýylyň marty.

1951-nji ýylyň tomsunda söweşýän ýurtlaryň liderleri ýaraşyk baradaky gepleşiklere girişmäge ylalaşdylar.

ABŞ-yň deňiz pyýada goşuny golaýda top oklary ýarylýan wagtynda garymlarda gizlenmäge mejbur bolýarlar.
ABŞ-yň deňiz pyýada goşuny golaýda top oklary ýarylýan wagtynda garymlarda gizlenmäge mejbur bolýarlar.

Parahatçylyk baradaky gepleşikler örän agyr boldy hem uzaga çekdi. Haýsydyr bir wagt aralygynda stol başyndaky iki tarapyň delegasiýasy iki sagat 11 minutlap, diňe biri-biriniň ýüzüne seredipdymşypoturdylar. Şol wagtda söweş hereketleri hem koreý halkynyň heläkçiligi dowam edýärdi, sebäbi iki tarap hem stol başyndaky gepleşiklerde artykmaçlyk gazanmak üçin, bar harby güýjüni gaýgyrman ulanýardy.

1951-nji ýylda ABŞ-yň howa güýçleri tarapyndan Demirgazyk Koreýadaky Wonsanda harby ammaryň partladylyşy.
1951-nji ýylda ABŞ-yň howa güýçleri tarapyndan Demirgazyk Koreýadaky Wonsanda harby ammaryň partladylyşy.

1953-nji ýylyň 27-nji iýulynda BMG-niň harby komandowaniýesi 38-nji parallel boýunça Koreýa ýarymadany iki bölýän ýaraşyk ylalaşygyna gol çekdiler, ýöne Parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmedi, munuň özi Koreýanyň formal tarapdan uruş ýagdaýynda galýandygyny görkezýär.

1951-nji ýyldaky Inçonda söweş barýan mahaly günorta koreýaly çaga daşarda ýeke otyr.
1951-nji ýyldaky Inçonda söweş barýan mahaly günorta koreýaly çaga daşarda ýeke otyr.

Bu uruş üç million çemesi adamyň başyna ýetdi. Olaryň köprägi parahat ilatdan bolanlardy. Koreýa ýarymadasynyň uly şäherler weýran edildi.

ABŞ-yň ýaraly soldaty 1951-nji ýyl.
ABŞ-yň ýaraly soldaty 1951-nji ýyl.

ABŞ-yň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, ol uruşda 33 686 amerikan soldaty öldi. Bu BMG-niň harby güýçlerinden bolan ýitginiň 90% çemesini düzýär.

Koreýa ýarymadasynyň kosmosdan düşürilen suraty. Gara tegmil – Demirgazyk Koreýa, aşakdaky ýaldyrap duran bölek – Günorta Koreýa.
Koreýa ýarymadasynyň kosmosdan düşürilen suraty. Gara tegmil – Demirgazyk Koreýa, aşakdaky ýaldyrap duran bölek – Günorta Koreýa.

Koreýada uruş başlanandan 70 ýyl geçenden soň, Demirgazyk garyplaşan totalitar diktatorçylyk düzgünde galdy, Günorta bolsa dünýäniň iň bir demokratik hem gülläp ösýän ýurduna öwrüldi.

AÝ/AR-nyň taýý​arlan materialy.

XS
SM
MD
LG