Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan-Ermenistan serhet çaknyşyklarynyň yzýany, taraplar saklanmaga çagyrylýar


Ermeni esgeri. Illýustrasiýa suraty

Ermenistan we Azerbaýjan, halkara jemgyýetçiliginiň ýowuzlygy azaltmak barada çagyryşlary etmegine getiren, iki gün dowam eden serhet çaknyşyklaryndan soň, 14-nji iýulda gahar-gazaply bolmagynda galýar.

Günorta Kawkaz sebitindäki iki goňşy ýurt özleriniň durnuksyz serhet ýakasynda nobatdaky uçguny başlatmakda biri-birini aýyplaýar.

14-nji iýulda Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 12-nji iýulda çaknyşyklar başlany bäri ýurduň ýaragly güýçleriniň 11 işgäriniň, şol sanda general-maýor Polad Haşimowyň we polkownik Ilkar Mirzaýewiň öldürilendigini hem-de başga-da birnäçesiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Ermenistanyň Goranmak ministrligi çaknyşyklarda üç esgeriniň we iki polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny mälim etdi.

Iki ýurduň serhetleriniň demirgazyk sebitinde ýerleşýän Tawuş obasynyň golaýynda bolan çaknyşyklarda taraplaryň artilleriýa toplaryny, minomýotlary we tanklary ulanandygy habar berilýär.

Ermeni Daşary işler ministrligi 13-nji iýulda Azerbaýjan tarapyndan artilleriýa toplarynyň atylmagynyň "bes edilendigini" aýdyp, Ýerewanyň ýagdaýy “doly gözegçilikde saklaýandygyny” öňe sürdi.

“Ermenistanyň syýasy we harby ýolbaşçylary prowokasiýa üçin ähli jogapkärçiligi öz üstüne alar” diýip, 13-nji iýulda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian Azerbaýjany “jogapsyz galmajak prowokasiýalarda” aýyplady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi harby enjamlar bilen bir hatarda, Ermenistanyň 100 harby işgäriniň “ýok edilendigini we ýaralanandygyny” öňe sürüp, Ýerewany “ýitgilerini gizlemekde” aýyplady.

Ermeni Goranmak ministrligi ýitgileri ret edip, maglumatlary “dezinformasiýa”, ýagny “ýalan maglumat bermek” diýip atlandyrdy.

Iki goňşy ýurduň arasynda Azerbaýjandan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynyň üstünde ençeme ýyl bäri gapma-garşylyklar saklanýar.

Ýöne 12-nji iýulda bolan çaknyşyk Daglyk-Garabagdan uzakda bolup, beýle ýagdaý iki ýurduň arasynda seýrek ýüze çykýar.

Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar we Russiýa 13-nji iýulda aýry-aýry ýaýradan beýanatlarynda Azerbaýjany we Ermenistany saklanmaga çagyrdylar.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ermeni we azerbaýjanly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygy gowşatmaga çagyrdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi çaknyşyklaryň “sebitiň durnuklylygyna howp salýandygyny” aýdyp, bu barada “çynlakaý alada bildirdi” we ýurtlary “saklanmaga” çagyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti iki tarapa-da Daglyk-Garabag konfliktiniň parahatçylykly çözülmegi üçin gepleşikleri täzelemäge we ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy berjaý etmäge çagyryş etdi.

Ýewropa Bileleşigi özüniň beýanatynda iki tarapy “ýaragly çaknyşygy bes etmäge, dartgynlylygy döredýän hereketlerden we sözlerden saklanmaga hem-de onuň mundan beýläk güýçlenmeginiň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görmäge” çagyrdy.

12-nji iýuldaky çaknyşyk Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň Ermenistan bilen täze urşuň mümkinçiligini öňe sürüp, togtadylan parahatçylyk gepleşiklerini ýazgarmagyndan birnäçe gün soň boldy.

7-nji iýulda Alyýew gepleşikler “netije bermese” ondan çekiljekdigi barada haýbat atdy. Ýöne ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Ilatynyň aglabasy ermenilerden ybarat Daglyk-Garabag sebiti 1988-94-nji ýyllar aralygyndaky söweş döwründe Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan etdi. Şol uruş 30000 çemesi adamyň heläk bolmagyna we başga-da ýüz müňlerçe adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp boldy.

1994-nji ýyldan bäri bu sebit etniki ermeni güýçleriň gözegçiliginde bolup, Azerbaýjan olaryň Ermenistan tarapyndan üpjün edilen goşunlary öz içine alýandygyny aýdýar. Sebitiň garaşsyzlygy hiç bir ýurt tarapyndan ykrar edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG