Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatdaky bankomatlaryň öňünde nobata ýazylan adamlaryň sany 1000-e ýetýär


Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Aşgabat kinoteatrynyň garşysynda ýerleşýän türk bankyň howlusyndaky bankomatyň öňünde nobata duran adamlar. 16-njy iýul, 2020 ýyl.
Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Aşgabat kinoteatrynyň garşysynda ýerleşýän türk bankyň howlusyndaky bankomatyň öňünde nobata duran adamlar. 16-njy iýul, 2020 ýyl.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we paýtagt Aşgabadyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemalar has-da ýitileşýär. Şu günler Türkmenabatdaky bankomatlaryň öňünde bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin nobata ýazylan adamlaryň sany 1000-e ýetýär. Şuňa meňzeş ýagdaý Aşgabatda hem gaýtalanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy Türkmenabatdan hem-de Aşgabatdan habar berýär.

"Bankomatlaryň öňünde 1000 adam nobata ýazylypdyr. Ýörite nobat sanawyny taýýarlapdyrlar. Şol sanawa ýazylyp, öýüňe gaýdýarsyň. Soňra olar barmaly sagadyňy aýdýarlar, şoňa gabatlap bankomatyň öňüne barýarsyň. Ýöne şonda-da adamlar 2 sagat garaşmaly bolýarlar ýa-da olara nobatynyň eýýäm geçendigini aýdýarlar. Adamlaryň köpüsi öýüne boş gaýdýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçymyz 17-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçy bu ýagdaýy "Senagat" paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabatdaky şahamçasynda synlasa bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy şuňa meňzeş ýagdaýyň paýtagtda hem gaýtalanýandygyny aýdyp, her gün onlarça adamyň öz kartyndaky puly nagtlaşdyryp bilmän yzyna gaýdýandygyny belleýär.

"Düýn Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Aşgabat kinoteatrynyň garşysynda ýerleşýän türk bankyň howlusyndaky bankomatyň öňünde 100-e golaý adam nobata durdy. Ýöne adamlaryň aglabasy pul alyp bilmedi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 17-nji iýulda gürrüň berdi.

Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy nagt ýetmezçiliginiň fonunda, şäherde 4-nji, 5-nji bazarlaryň we mal bazaryň ýapylmagy bilen, azyk harytlarynyň bahalarynyň ýene gymmatlap başlandygyny hem aýdýar.

"Ýerli resmiler näme iş edýändiklerini özleri hem bilenok. 15-nji iýulda irden 66 atlandyrylýan bazara şäher häkimi gelip aýlandy. Onuň ýanynda şäher häkimliginiň azyk önümçilik orunbasary hem bardy. Olar anti-sanitariýa ýagdaý bilen tanyşdylar. Ýöne baha bilen gyzyklanan adam ýok. Telekeçiler kellesine gelen bahany goýup satyp durlar. Olar diňe "ýollar ýapyldy" diýip, "azyk önümleriniň soňra geljegi ýa-da gelmejegi belli däl" diýýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada degişli banklardan, Aşgabat we Türkmenabat şäher häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Soňky aýlarda pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda, ýurtdaky maliýe kynçylyklary, azyk ýetmezçiligi we gymmatçylygy has-da ýitileşdi. Ýurduň dürli künjeginde ilat zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmak üçin gijesi bilen bankomatlaryň öňünde garaşýar.

16-njy iýulda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy COVID-19 bilen bagly aladalaryň fonunda, lomaý söwda bazarlarynyň birnäçesi ýapylandan soň, azyk harytlarynyň bahasynyň iki esse gymmatlandygyny habar berdi.

Munuň bilen bir wagtda, döwlet dükanlarynda un, çörek, şeker, ýumurtga we ýag ýaly azyk önümleriniň gytçylygy dowam edýär. 10-njy iýulda Aşgabat şäherindäki döwlete degişli azyk dükanlarynda ýiti çörek gytçylygynyň emele gelendigi habar berildi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media serişdeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we munuň ilata ýetirýan täsirleri barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG