Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Türkmenistanyň gazyny Günorta gaz koridoryna birikdirmek üçin gepleşik geçirýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň Belek stansiýasynyň açylyşyna gatnaşýar. 23-nji dekabr, 2015.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan we Azerbaýjan bilen bilelikde türkmen gaz akymyny Günorta gaz koridoryna birikdirmek boýunça gepleşik geçirdi diýip, “Trend” neşiri ÝB-niň Türkmenistana iberen delegasiýasyna salgylanyp habar berýär.

ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda Energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek jarnamasy energiýa syýasaty, üstaşyr ýollaryň diwersifikasiýasy, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak babatda maglumat alyş-çalşygyna esas döredýär diýip, ÝB delegasiýasy aýtdy.

Günorta gaz koridory ÝB üçin ileri tutulýan taslamalaryň biri bolup, 10 milliard kub metr azerbaýjan gazynyň Hazar sebitinden Gürjüstan we Türkiýe arkaly Ýewropa daşalmagyny göz öňünde tutýar.

Günorta gaz koridorynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Bakuwda geçirildi, şol bir wagtyň özünde-de Anadoly tebigy gaz geçirijisiniň (TANAP) 0-njy tapgyrynyň açylyş dabarasy 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkiýäniň Eskişähr şäherinde geçirildi. TANAP-Ýewropa baglanyşygy 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Türkiýäniň Edirne şäheriniň Ipsala şäherinde açyldy.

Resmi maglumata görä, ägirt uly ätiýaçlyklary bolan Türkmenistan hem sebitde Günorta gaz koridoryna goşulyp biljek esasy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň gaz ýollaryny Kiçi Aziýa ýurtlaryna, Hazar deňziniň üstünden Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna birikdirmek ugrundaky planlary dürli sebäpler esasynda bökdelip gelýär.

Ekspertler Türkmenistanyň global energiýa baharlarynyň arzanlamagy, gaza bolan islegiň azalmagy bilen uly ykdysady zyýan çekendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG