Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda çäkli suw hasam çäklendirildi


Ilat hojalyk we gigiýena hajatlary üçin ulanjak suwuny ýörite gaplara doldurýarlar. (arhiw suraty)

Balkan welaýatynda agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýy Türkmenistanyň beýleki sebitlerine garanyňda has ýaramaz bolup galýar. Tomus aýynyň gelmegi we koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça girizilen çäklendirmeleriň arasynda ‘Awaza’ sebitiniň hem ýapylmagy bilen, welaýatda, hususanda Türkmenbaşy şäherinde suw üpjünçiliginiň ýagdaýy has-da kynlaşdy.

Geçen ýyllar türkmenbaşylylara agyz suwy günde dört sagat, ol hem iki tapgyra bölünip berlen bolsa, şu ýyl tomsuň gelmegi bilen agyz suwy ilki 2 günde bir gezek, 15-nji iýuldan başlap bolsa 4 günde bir gezek berlip başlandy.

“Ýerli resmiler suw turbalarynda we desgalarynda näsazlygyň dörändigini aýdýarlar. Ýöne anyk kemçilikleri we ýagdaýlaryň haçan kadalaşjakdygy barada maglumat bermeýärler” diýip, balkanly habarçylarymyzyň biri 20-nji iýulda gürrüň berdi.

Emma režimli berilýän bu suwdan hem şäherlileriň ençemesi, has dogrusy, aglabasy doly peýdalanyp bilmeýär. Çäkli berilýän suwuň basyşynyň pes bolany üçin, ol köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatyndan ýokary çykmaýar.

Suwuň çäkli tertipde akýan pursaty türkmenbaşylylar aglaba hojalyk we gigiýena hajatlary üçin ulanjak suwuny ýörite gaplary dolduryp, öňünden taýynlamak bilen gün görýärler.

Şol bir wagtda, Türkmenbaşyda suwuň çäkli ýagdaýda berilmegi bilen birlikde, suwuň hili bilen bagly ýagdaýlaryň hem bardygy nygtalýar. Ýaşaýjylar krandan berilýän suwdan öl heňiň ysynyň gelýändigini, gaplarda saklanýan suwlarda çägeli çökündeleriň hem emele gelýändigini aýdýarlar.

“Tomsuň 40 gradusa golaýlaýan jokrama yssysynda ilat ençeme günläp suwsuz kösenýär. Bu ýagdaýdan çykalga hökmünde adamlar sowadyjylaryndan, ýagny kondisionerlerinden syzýan suwlary hem bedrelere ýygnap başladylar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarymyz gürrüň berdi.

Ençeme günläp suwuň berilmezligi we bu ýagdaýda ýerli häkimiýetleriň goşmaça suw üpjünçiligini ýola goýmazlygy netijesinde, adamlar möhüm bolan agyz suwuny satyn almaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Habarçymyz häzir bäş litrlik agyz suwunyň bahasynyň 14-18 manat aralygynda durýandygyny, emma dowam edýän ykdysady krizis we maliýe ýetmezçiligi sebäpli, munuň köpler üçin elýeterli däldigini belleýär.

“Suwy satyn almaga ýagdaýy bolmadyk adamlar krantdan akýan suwy marlydan süzüp içýärler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz gürrüň berdi.

Türkmenbaşylylar agyz suw üpjünçiligi bilen bagly oňaýsyz ýagdaýlar barada şäher we welaýat häkimliklerine arz edip ýüz tutsalar-da, öz nalyşlarynyň jogapsyz galýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň Türkmenbaşydaky suw üpjünçiliginiň has-da ýaramazlaşmagy boýunça ýerli edaralardan we Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrliginden resmi kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ilaty “agyz suwy bilen üpjün etmek” bilen baglylykda işleriň alnyp barylýandygyny, suw süýjediji desgalaryň taslamalaryna “garalýandygyny” habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG