Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow balyk tutup, ýetim çagalary naharlady. Synçylar onuň Isa pygambere öýkünýändigini aýdýarlar


G.Berdimuhamedow tutan balyklary bilen surata düşdi. TDH-nyň suraty

Synçylaryň käbiri Berdimuhamedowyň ýetim çagalary birnäçe balyk bilen naharlap, özüni Isa pygamberiň deňinde goýmaga çalyşýandygyny öňe sürdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alşynyň bir gününi balyk tutmaga bagyşlap, çeňňegine düşen balyklary “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýän çagalara iberdi. Ady aýdylmadyk ajaýyp kölde balyklaryň 25 görnüşiniň bardygy aýdylýar. Ene-atasyz çagalar prezidentiň iberen balyklaryndan bişirilen çorbany iýip, döwlet baştutanyna alkyş aýtdylar.

Berdimuhamedow tutan çapaklaryny we somlaryny ýetimler öýüne elin getirip bermekden saklandy we çagalar onuň ullakan pitilere salyp iberen janly balyklaryna prezidentsiz guwanmaly boldular. Ýöne habarda sanlyja balygyň çagalaryň hemmesine ýetendigi we olaryň örän minnetdar bolandygy aýdylýar.

Golaýda Berdimuhamedow köşkde dürli welaýatlardan gelen çagalar bilen el tutuşyp, bugdaý planynyň dolmagyny baýram etdi. Belki-de, ýurtda ýeke hadysasy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk koronawirus aladalary bilen bagly, “Döwletliler” köşgüniň” çagalary balykçy prezident bilen surata düşüp, taryha girip bilmedi.

Ýöne günüň habaryndaky esasy täzelik mundan öň, koronawirus aladalary esasynda ýüz maskalaryny geýmegi gadagan Türkmenistanyň prezidentiniň ýüz maskaly görkezilmeginde boldy. Berdimuhamedow ozal öz derman ösümlikleri kitabyna salgylanyp, ýokanç kesellerden ýüzärlik, sazak püri we küli, burçly unaş bilen goranmagy maslahat beripdi.

Emma indi prezident köl boýunda, ýanynda hiç kim ýok wagtynda hem ýüz maskasyny geýýär. Döwlet telewideniýesi ony diňe ala-mula maskaly däl, boýdan başa ala eşikli, ala başgaply we aýakgaply gazet okaýan, dürbüde daş-töweregini synlaýan şekilde görkezdi.

G.Berdimuhamedow balyk tutýar.
G.Berdimuhamedow balyk tutýar.

TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident gazet sahypalarynda ýurduň ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler barada çap edilen maglumatlar bilen tanyşdy.

“Metbugat neşirlerinde çap edilen makalalaryň köpdürlüligi, olaryň ýerli ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlary mazmun taýdan çuňňurlygy bilen täsir galdyrýar” diýip, habarda bellenýär. Berdimuhamedow biraz öň, üstünlikleriň beýan edilişinden nägile bolup, medeniýet we metbugat boýunça orunbasaryny ýene bir gezek täzelemek kararyna gelendigini aýtdy.

Türkmenistanyň saglyk ministrligi ýurtda maska geýmek düzgüniniň girizilmegini COVID-19 aladalary bilen däl-de, howanyň düzüminiň belli bir derejede hapalanmagy bilen düşündirýär. Şonuň bilen bir wagtda, türkmen telewideniýesi ýurtda daşky gurşawy goramak, ekologiki howpsuzlygy üpjün etmek, suw howdanlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin uly işleriň edilýändigini gaýtalaýar.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlar her ýyl ýuwuş suwlaryny tutmak, ekin suwarmak üçin uly suw problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler. Ýerli hünärmenleriň, suw gurluşykçylarynyň, şol sanda ozalky hünärmen Nurmuhammet Hanamowyň, ekologiýa aktiwisti Farid Tuhbatulliniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda soňky otuz ýylda suw desgalaryna zerur bolan ideg edilmeýär, bejeriş, dikeldiş işleri üçin ýeterlik döwlet serişdesi goýberilmeýär.

Ýurtda sowet döwründen gelýän pagtaçylyk praktikasy, aşa köp ýere gowaça ekip, gerek hasyly almaga çalyşmak, suw tutmakda köne usullaryň ulanylmagy ýerleriň şorlamagyna, hasyllylygyň pese gaçmagyna getiren iş usullarynyň saklanyp galmagyna sebäp bolýar.

Emma muňa garamazdan, häkimiýetler sowet oba hojalyk praktikasyna täzeden seretmän, sowet döwründen miras galan oýlanyşyksyz, ekologiki taýdan zyýanly hasaplanýan gapma-garşylykly taslamany – şor suwlary bir ýere ýygnap, olary gaýtadan ulanmak synanyşygyny dowam etdirýärler. Netijede, “Altyn asyr” türkmen köli atlandyrylan taslama milliardlarça dollar harçlandy we bir ýere toplanan şor, himiki jisimlerden doly suwda balyk ýetişdirmek we ilata satmak tagallalary, netijeli iş hökmünde, döwlet mediasynda yzygiderli wagyz edilýär.

Mundan başga, synçylar ýurduň ummasyz giň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, artyk suwlary toplamak we saklamak üçin gurlan emeli howdanlaryň soňky ýyllarda pugtalandyrylman, esasan balykçylygy ösdürmek üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Suw howdanlarynda balyklaryň köp görnüşleriniň bolmagy hem-de olaryň yzygiderli köpeldilmegi barada gürrüň etmek bilen, bu maglumaty resmi media hem tassyklaýar.

Şeýle-de media prezidentiň gazetlere göz gezdirip, «Balygyň suwda gözi açyk» diýen nakylyň üstünden barandygyny, türkmen diliniň gadymy döwürlerden bäri çuňňur many-mazmuna eýedigini belleýär.

Türkmen prezidenti golaýda galla oragyna pata bermek üçin sebitlere sapar edende, kärendeçilere daýhançylyk baradaky nakyllary ýatladypdy.

Ýerli synçylaryň käbiri şu aralykda Berdimuhamedowyň birden, BSG-nyň missiýasynyň koronawirus aladalary wagtyndaky saparyna gabat, ýetim çagalary birnäçe balyk bilen naharlap, özüni Isa pygamberiň deňinde goýmaga çalyşýandygyny, halka umyt bermek maksadyndan ugur alýandygyny öňe sürdi. Rowaýata görä, Isa pygamber hem öz wagtynda 5000 adamy iki-üç sany balyk bilen naharlap, gudrat görkezipdi.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini aýdýarlar. Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, ilatyň köp bölegi üç ýyl bäri tas açlyk ýagdaýynda, esasy azyk önümleriniň ýiti ýetmezliginde ýaşaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (5)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG