Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýatynda zyýansyzlandyryş işleri güýçlenýär, ýöne ýokardan sepilýän dermanlar adamlary gorkuzýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň ähli şäherleriniň, etraplarynyň we obalarynyň üstünden her gün daňa golaý, gije sagat 2-den soň, hem aşakdan hem-de ýokardan derman sepilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji iýulda habar berdi.

“Ýokardan uçarly aýlanyp, welaýatyň ähli şäherleriniň, etraplarynyň we obalarynyň üstünden derman sepýärler. Aşakdan suw sepýän uly awto ulag bilen şäheriň köçelerine derman garylan suw sepýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Ol Marynyň üstünden sepilýän dermanlaryň nämediginiň anyklaşdyrylmaýandygyny belledi.

Dünýäde koronawirus pandemiýasy dowam edýän wagty görülýän şeýle çäreleri Türkmenistanyň döwlet metbugaty “ýokanç keselleriň ýurduň çäginde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýän toplumlaýyn zyýansyzlandyryş işleri” diýip düşündirýär.

“Bir aý mundan ozal, dermany her 10 günde bir sapar sepýärdiler, indi günde gije sepýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy aýtdy.

Resmi metbugata görä, zyýansyzlandyryş işlerini Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary we Döwlet arassaçylyk-keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş gullugy alyp barýar, ýöne onuň adamlara we janly-jandarlary ýetirýän täsiri aýdylmaýar.

“Bu sepilýän dermanlar adamlara, ekinlere we haýwanlara uly zyýan ýetirýär. Onuň täsiri bilen ysgyndan düşýän adamlara, howanyň ýakymsyz ysyny alyp, “otrawleniýe” bolýan adamlara kän gabat gelse bolýar. Öýleriň içini howalandyrmak üçin penjireleri açyp bolmaýar. Ýakymsyz ysy gaty güýçli” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen metbugatyna görä, şu wagta çenli ýurduň Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda geçirilen şeýle zyýansyzlandyryş işlerinde düzümi bir prosentli hlor ýa-da 0.25 prosentli natriniň gipohloridi ulanyldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy maryly ençeme ýaşaýjynyň bu sepilýän serişdeleriň öz saglyklaryna hem-de çagalarynyň jan-saglygyna ýaramaz täsir etmeginden aladalanýandyklaryny aýtdy.

“Ekinleri guradýar. Melleklere ekilen bakja önümler guramak bilen. Gowy hasyl alyp bolmaýar” diýip, habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir daýhan gürrüň berdi.

Döwlet telewideniýesi uçarlar arkaly ýurduň serhetýaka sebitlerinde alnyp barylýan zyýansyzlandyryş işlerini ilkinji gezek 15-nji iýulda görkezdi. Synçylar bu çäreleriň telewideniýe arkaly görkezilmeginiň ilaty köşeşdirmäge hem-de olary ýurduň territoriýasynda epidemiologiki ýagdaýyň gözegçilikde saklanýandygyna ynandyrmaga gönükdirilendigini aýdýarlar. Ýogsam bolmasa, täze koronawirus Türkmenistanyň günorta goňşusy Eýranyň ähli sebitlerinde baryp aprel-maý aýlarynda möwç alýan wagty, döwlet telewideniýesi türkmen häkimiýetleriniň Eýran serhedini uçar bilen zyýansyzlandyryşyny görkezmeýärdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly bir weterinar ýokardan derman sepilmeginiň netijesinde käbir iri şahly mallaryň, şol sanda gara mallaryň kesele uçrap ölýändigini gürrüň berdi.

Döwlet weterinariýa gullugynyň käbir işgärleri habarçy bilen özara söhbetdeşlikde haýwanlaryň näme sebäpden ölýändiklerini özleriniň düşündirip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Resmi habarda ýokardan sepilýän erginiň düzüminde bir prosentli hloryň ýa-da 0.25 prosentli natri gipohloridiniň bardygy aýdylsa-da, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli bilermenler zyýansyzlandyryjy serişdeleriň has ýokary dozalarda sepilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu wagta çenli ýurduň territoriýasynda resmi hasaba alnan COVID-19 wakasy barada habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG