Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk sebitiniň tussag edilen öňki gubernatory Sergeý Furgalyň ýüzlerçe tarapdary 12-nji gün proteste çykyp, bu gezek ýurduň prezidenti Wladimir Putiniň işinden çekilmegini talap etdi.
Demonstrantlar 22-nji iýulda sebitiň paýtagty Habarowskiniň merkezi meýdanyna ýygnanyp, ýurdy prezident ýa-da premýer-ministr hökmünde 1999-njy ýyldan bäri dolandyrýandygyny nazara alyp, "Putin işinden çekilmeli" we "20 ýylda ynam ýok" diýip gygyrdy.
Ýörişe polisiýa tarapyndan hem gözegçilik edildi, ýöne demonstrantlar sebitiň täze bellenen häkimi Mihail Degtýarýowy ýazgarýan şygarlar bilen şäheriň içinden geçenlerinde, olaryň işine goşulmady.
Degtýarýow bu wezipä 20-nji iýulda, Putin tarapyndan bellendi. Ol 21-nji iýulda irden Habarowskä geldi, ýöne şol wagt özüniň wezipä bellenmegine garşy çykyş eden demonstrantlar bilen duşuşmady.
Degtýarýow 22-nji iýulda instagram hasabynda wideo çap edip, özüniň Habarowskden gitmejekdigini we Furgala ýakyn wagtda geçiriljek sud işinde üstünlik arzuw edýändigini aýtdy. Ol dowam edýän protestleriň arkasynda "kimdir biriniň bolmalydygyny" hem sözüne goşdy, ýöne onuň kimdigini aýtmady.
Degtýarýowyň instagramdaky beýanatynda aýdan sözleri onlaýnda uly tankyt tolkunyny döretdi.
Putin 20-nji iýulda Degtýarýowy bu wezipä bellemezden ozal, Furgaly regionyň ýolbaşçylygyndan aýyrdy. Olaryň ikisi hem Wladimir Žiririnowskiniň milletçi Liberal Demokratik Partiýasynyň (LDPR) agzalary bolup durýar.
21-nji iýulda ýerli kanun çykaryjylaryň ikisi, Pýotr Ýemelýanow we Aleksandr Kaýan Furgalyň işinden aýrylmagyna protest bildirmek üçin Russiýanyň Liberal Demokratik partiýasyndan çykdy.
9-njy iýulda Habarowskde tussag edilip, Moskwa alnyp gidilen Furgal adam öldürmek synanyşygynda we 2004-2005-nji ýyllarda iki adamy öldürmäge buýruk berenlikde aýyplanýar. Ol bu aýyplamalary ret edýär.
Ol iki ýyla golaý ozal Hytaý bilen serhetleşýän Habarowsk sebitiniň gurbernatory wezipesine saýlanyp, dolandyryjy Birleşen Orsýet partiýasyna wekilçilik edýän uzak wagtlyk gubernatoryň ornuny aldy.
Habarowsk ýörişleri dynç günleri müňlerçe adamy özüne çekdi we Sowet Soýuzy dargaly bäri şäherde geçirilen iň uly demonstrasiýalar boldy.
Rus paýtagtyndan uzakda we şeýle köp adamyň gatnaşmagynda guralan demonstrasiýalar Kremle garşy aç-açan nägileligi görkezmek bilen bir hatarda, Putiniň 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna esas döredýän jedelli ses berişligiň yz ýanyndan ýüze çykýar.
Häkimiýetler bu protestlerden biynjalyk boldy, sebit paýtagtynyň häkimi adamlary asudalyga çagyrdy we şeýle ýygnanyşyklaryň bikanundygyny, üstesine bu üýşmeleňleriň koronawirusyň ýaýramagyny tizleşdirip biljekdigini aýtdy.
Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) bolsa, eýýäm öňüni alandygyny aýtmak bilen, partlaýjy maddalar bilen baglanyşykly terrorçylyk howpy barada duýduryş berdi.
Habarowsk sebitiniň ýolbaşçylary bolsa, karantin çärelerine gaýdyp gelmek barada pikir edýändiklerini aýtdylar we muny "koronawirus ýokuşmasynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly kyn ýagdaý" diýip düşündirdiler.