Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri pula mätäçdigi barada arza ýazan studentleriň ýurtdan goýberilmejekdigini duýdurýar


Türkmenistanda çagalaryna pul ibermek üçin nobata ýazylýan ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlarda okaýan çagalary üçin Western Union arkaly 500 dollar ibermek isleýän ene-atalara studentleriň pula mätäçliginiň bardygy barada öz ýaşaýan ýurdundaky türkmen ilçihanasyna arza ýazmalydygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, olar pula mätäçliginiň bardygy barada arza ýazan studentleriň dynç alyşda Türkmenistana dolananda, yzlaryna okuwa goýberilmejekdigini hem duýdurýarlar.

Bu barada aşgabatly bir ýaşaýjynyň daşary ýurtda okaýan çagasyna Western Union pul geçirim hyzmatlary boýunça 500 dollar ibermek üçin ýurduň Daşary işler ministrligine we Döwlet Migrasiýa gullugyna ýazan arzalaryna dilden berlen jogapda aýdylýar.

"Meniň arzama berlen jogapda türkmen studentleriniň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna we konsulhanalaryna ýüz tutmalydygyny aýtdylar. Olaryň pula mätäçlik çekýändikleri barada arza ýazmalydygyny, ýöne şeýle arza ýazan studentleriň dynç alyşda ýurda gaýdyp gelende, yzyna okuwa iberilmejekdigini duýdurdylar. Olar "Ene-ata puly bolmasa, näme üçin çagasyny daşary döwlete okamaga iberýärler?" diýip aýdýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň sözüne görä, häzirki wagtda raýatlar işleýändigi hakyndaky güwänamany we beýleki ençeme resminamany degişli türkmen banklaryna tabşyrsa, onda olar Western Union arkaly resmi kurs esasynda her aý 200 dollary daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna iberip bilýärler.

Ýöne käbir bank işgärleriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, hökümete ýakyn ýa-da wezipeli adamlaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalary üçin her aý 500 dollar ibermegine rugsat berilýär.

"Olar diňe saýlanan talyplara takmynan 500 dollar iberip bolýandygyny aýdýarlar. Häzir ene-atalaryň köpüsi bu mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryna pul ibermek üçin Daşary işler ministrligine we Döwlet Migrasiýa gullugyna arza ýazýar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada ýurduň Daşary işler ministrliginden, Döwlet Migrasiýa gullugyndan we türkmen banklaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pandemiýa sebäpli daşary ýurtlardan dolanyp bilmeýän türkmen raýatlaryna Western Union arkaly her aýda 200 däl-de, 500 dollara çenli ibermäge rugsat berendigi baradaky habarlardan bir aý soňa gabat geldi.

Geçen aý ýarym-resmi "Türkmenportal" neşirinde çykan habarda bu mümkinçiligiň daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen studentlerine degişli däldigi hem bellenilipdi.

Maglumata görä, pul serişdelerini ýurduň Daşary işler ministrliginiň we Migrasiýa gullugynyň bilelikde tassyklan sanawyna girizilen raýatlar kabul edip bilerler. Ýöne bu sanawa adamlaryň haýsy talaplara laýyklykda goşulýandygy äşgär edilmändi.

Şonda daşary ýurtlardaky türkmen studentleri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz nägileliklerini hem bildiripdiler.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda walýutanyň resmi söwdasy ýatyryldy. Ýurtda indi üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, dollaryň resmi bahasy bilen “gara bazardaky” nyrhynyň arasynda uly aratapawut emele geldi.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň manada bolan resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklap gelýän mahaly, onuň "gara bazardaky" bahasy 25 manada ýetdi.

Häzirki wagtda Western Union pul geçirim hyzmatlary - türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna dollaryň resmi kursunda pul ibermek üçin ýeke-tak usullaryň biri bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG