Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň pul ugratmak çäklendirmeleri ene-atalary, talyplary ‘köseýär’


"Bankdakylar her gezek täze bir dokumenti sorap, ene-atalarymyzy yzyna gaýtarýarlar"
"Bankdakylar her gezek täze bir dokumenti sorap, ene-atalarymyzy yzyna gaýtarýarlar"

Dünýädäki koronawirus pandemiýasynyň fonunda türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara pul ugratmak mümkinçiliklerini has-da çäklendirmegi bilen, ýurduň daşynda galan türkmen raýatlary, şol sanda talyplary “çykgynsyz” ýagdaýa düşendiklerini aýdýarlar.

Soňky günleriň dowamynda, Türkmenistanyň dürli künjegindäki ene-atalardan daşary ýurtlardaky bilim alýan çagalaryna pul ugradyp bilmeýändikleri barada barha köp maglumatlar gelip gowuşýar. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen habarlaşýan türkmen talyplary azyk iýmit almaga-da pullarynyň galmandygyny aýdýarlar.

Bellesek, Türkmenistanda "Western Union" arkaly her aýda 200 dollar möçberinde pul ugradyp bolýar. Fewralda Mary welaýatynda iberilýän bu aýlyk serişdäniň möçberiniň 50% kemeldilip, 100 dollara düşürilendigi barada hem maglumatlar peýda bolupdy.

“Biz şu wagt karantinde. Iki aýdan bäri öýden pul gelenok. Bolýan jaýymyzyň kireýini tölemäge, hat-da çörek almaga-da pulumyz galmady. Ene-atalarymyz her gün Marynyň banklarynda ir bilen nobata durup, pul ugratmaga synanyşýarlar. Biz uniwersitetimizden soralýan ähli resminamalary, şol sanda pasportymyzyň ähli sahypalarynyň nusgasyny hem ugratdyk. Emma, bankdakylar her gezek täze bir dokumenti sorap, ene-atalarymyzy yzyna gaýtarýarlar. VISA kartlarymyza hem pul goýup bermeýärler” diýip, Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan türkmen talyby gürrüň berdi.

Ol başga-da onlarça, hususan-da ene-atalary Maryda bolan türkmen talyplarynyň bu çäklendirmelerden ‘kösenýändiklerini’ sözüne goşdy.

Belläp geçsek, şu mazmunly maglumatlar beýleki ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplaryndan hem dowamly gelip gowuşýar. Koronawirus pandemiýasynyň arasynda türkmen häkimiýetleriniň girizýän çäklendirmeleriniň fonunda bularyň sany has-da artdy.

Habarlaşan türkmen talyplarynyň şahsyýetleri, olaryň okaýan ýokary okuw jaýlary, şeýle-de aşakda beýan ediljek ýagdaýlaryň senesi, olar bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlaryň atlary barada jikme-jik maglumatlar bar bolsa-da, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary çap etmekden saklanýarys.

Türkmen banklarynda çagalaryna pul ugratjak bolýan ene-atalaryň ‘dowamly täzelenýän býurokratik çäklendirmeler’ bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandyklary nygtalýar.

“Lebapda bir ene-ata daşary ýurtda okaýan ogluna pul geçirmek üçin Halaç etrabyndan merkezi Türkmenabat şäherindäki ‘Türkmenbaşybank’ bankyna geldi. Nobaty ýetenden soň jemlän resminamalaryny kassir gyzyň öňüne goýdular. Bankyň işgäri dessine är-aýalyň resminamalaryny yzyna atyp: ‘Siz mal saklap, ony soýup etini satan puluňyzy bank üstünden ugratjak bolsaňyz, ozaly bilen salgyt gullugyndan bir resminama, soňra şol maly özüňiziň saklap, semredip, soýandygyňyz hakda ýaşaýan ýeriňiziň arçynyndan kepilnama, şeýle hem etini haýsy bazarda satan bolsaňyz, şol bazaryň bazarkomyndan kepilnama getiriň’ diýdi. Bu gezek perzentlerine pul geçirip bilmejegine gözi ýeten ene: ‘Onda biziň öýde bir pensioner mamamyz bar, hiç ýok, ujypsyz bolsa-da, şonuň pensiýasyny geçirip ber, jan uýam, ýüzüňden aýlanaýyn’ diýse, bankyň işgäri: ‘Pensioneriň puluny geçirmek üçin pensioneriň özi kassa gelmeli’ diýdi. Etrap aşyp, welaýat merkezine gelen är-aýal nobatdan çykyp gitdiler” diýip, bu waka şaýat bolan bir çeşmämiz gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, welaýatlardaky ene-atalardan çagalarynyň VISA kartlaryna pul goýup bilmegi üçin, olaryň hut özleriniň Aşgabatdaky Daşary ykdysady iş bankyna gelip, ol ýerden perzentleriniň adyna açylan VISA kartynyň göçürmesini getirmek talap edilýär. Bellesek, ýurtda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreleriň arasynda, welaýatlaryň arasyndaky gatnaw, hususan-da Aşgabada giriş-çykyş çäklendirildi.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen habarlaşan ene-atalar bank işgärlerine para berilse, onda pullarynyň dessine geçirilip berilýändigini aýdýarlar. Olaryň sözüne görä, 200 dollar puly ugratmak üçin 2 müň 100 manat (resmi kurs boýunça 840, gara bazaryň kursy boýunça hem 100 dollar) möçberinde para bermeli.

Ýokarda gürrüň edilýän ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan we degişli banklaryň ýerli şahamçalaryndan kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugaty raýatlaryň daşary ýurtlara pul ugratmakdaky ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we munuň netijesinde döreýän nogsanlyklar barada ilat köpçüligine maglumat bermeýärler.

Bu aralykda, 10-njy aprelde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ilat, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin maliýe hyzmatlarynyň derejesini kämilleşdirmek boýunça çäreleriň görülýändigini öňe sürdi. Emma, adatça bolşy ýaly, bu çäreleriň detallary aýan edilmedi.

XS
SM
MD
LG