Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-a wekili owgan parahatçylyk prosesini ilerletmek üçin bäş ýurda sapar edýär


 ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
 ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Birleşen Ştatlar özüniň Owganystan boýunça ýörite wekilini owgan parahatçylyk prosesini ilerletme maksady bilen bäş ýurda sapara ýollady.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Doha, Yslamabada, Kabula, Oslo we Sofiýa şäherlerine sapar edýär diýip, Döwlet departamenti 25-nji iýulda aýtdy.

Halilzad Dohada we Kabulda "Owganara gepleşikleriniň öňüsyrasynda çözülmän galan meseleleriň çözülmegine, hususan-da tussaglaryň ahyrky alyş-çalşygyna we zorlugy azaltmaga basyş eder".

Kataryň paýtagty ABŞ-nyň "Talyban" bilen birnäçe tapgyrda geçiren gepleşikleriniň amala aşyrylan ýeri boldy.

Birleşen Ştatlar we "Talyban" fewral aýynda şertnama baglaşdy. Bu ylalaşyk söweşijiler bilen ABŞ tarapyndan goldanýan Kabul hökümeti arasynda owaganara parahatçylyk gepleşiklerine ýol açmalydy.

Owganara gepleşikleriniň esasy şertleri tussaglaryň alyş-çalşygyna we zorlugyň azaldylmagyna esaslanýar.

"Talyban" söweşijileri Owganystanyň çäginiň takmynan ýarysyna gözegçilik edýär we ABŞ-Talyban şertnamasyna gol çekilenden soňam ganly hüjümlerini dowam etdirýärler.

"Tussaglaryň alyş-çalşygynda möhüm öňegidişlik gazanylan hem bolsa, bu meseläni doly çözmek üçin goşmaça tagallalar gerek" diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Döwlet departamenti Halilzadyň owganara gepleşikleri ilerletmekde goldaw soramak üçin Pakistana hem barjakdygyny aýtdy. Diplomat Osloda we Sofiýada owgan parahatçylyk prosesi barada NATO ýaranlary bilen pikir alşar.

XS
SM
MD
LG