Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganatalylar üç aý bäri ýagyň satylmagyna garaşýar


Lebap welaýatyndaky döwlet dükanlarynyň birinden azyk satyn almaga baran ýaşaýjylar. Illýustrasiýa suraty
Lebap welaýatyndaky döwlet dükanlarynyň birinden azyk satyn almaga baran ýaşaýjylar. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda hökümet tarapyndan döwlet dükanlarynda satylmaly arassalanmadyk ösümlik ýagy indi üç aý bäri satuwa çykarylmaýar. Üstesine-de, ýaşaýjylar iýun aýy üçin "paýok" görnüşinde berilmeli uny heniz-de satyn alyp bilmän kösenýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

"Darganatalylar üç aý bäri ýagyň satylmagyna garaşýarlar. Etrap merkezindäki döwlet dükanlarynyň öňünde her gün 1000-e golaý adam nobata durýar. Ýöne olaryň aglabasy ýag we un alyp bilmän öýlerine gaýdýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 23-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçy ýaşaýjylaryň her aý "paýok" görnüşinde berilmeli uny hem öz wagtynda satyn alyp bilmeýändigini, iýun aýynda berilmeli unuň şu günler satylyp başlanandygyny hem aýtdy.

"Her hojalyga ortaça 10 kilogram un satylýar. Ýöne bu un 5 hojalyga ýetip-ýetmankä gutarýar. Hojalyklar bu uny iýun aýynda satyn almalydy. 22-nji iýulda Dagranatynyň 17-nji we 2-nji dükanlarynyň ikisinde bary-ýogy 100 kilogram un satyldy" diýip, habarçy daýhanlaryň, ýaşaýjylaryň we dükan satyjylarynyň bu ýyl bugdaý hasylynyň pes bolandygy barada gürrüň edýändigini hem belledi.

Onuň sözüne görä, şondan soň dükan satyjylary unuň dördünji ýa-da bäşinji güni gaýtadan getiriljekdigini wada berip, nobata duran adamlary dartgatdylar.

Belläp geçsek, ýurt raýatlary hususy söwda bilen deňeşdirilende döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan azyk harytlarynyň käbirinden her aý belli bir möçberde satyn alyp bilýärler.

"Häzir maşgaladaky her adam başyna aýda 5 kilogram un berilmeli, ýöne diňe 3 kilogram berýärler. Şeýle-de her aý hojalykdaky her adama 0,5 litr ýag berilmeli" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, häzirki wagtda döwlet dükanlarynda ilata "paýok" görnüşinde berilýän bu unuň 1 kilogramy 1 manatdan satylýar. Hususyýetçilerde onuň 50 kilogramy 400-800 manat aralygynda bahalanýar. Döwlet dükanlarynda 1 litr ýag 15 manada durýar, bazarlarda onuň 1,5 litri 58 manatdan satylýar.

Habarçy Gurban baýramynyň golaýlamagy bilen, şu günler ýaşaýjylaryň aladaly ýagdaýdadygyny, sebäbi eli ýuka hojalyklaryň pişme we ýagly çörekleri bişirmek üçin döwlet dükanlarynda satylmaly una hem-de ýaga bil baglaýandygyny hem aýtdy.

"Adamlar Gurbanlykdan öň, un we ýag satuwa çykarylar diýip arzuw edýärler. Emma olar häzirki ýagdaýa seredip, şu ýyl Gurban baýramy ýagsyz, unsuz we pulsuz geçer diýip pikir edýärler. Adamlar mal öldürip, sadaka bermek beýlede dursun, baýramçylygy öýlerinde çagalary bilen ýönekeýje edip bellemegiň hem meseledigini aýdýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Darganata etrap häkimliginden, 17-nji we 2-nji belgili döwlet dükanlaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda üç ýyl gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň soňky aýlarda has-da ýitileşmeginiň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda öňden hem gyt bolan şeker, un, çörek, ösümlik ýagy, towuk budy we ýumurtga ýaly azyk önümleriniň söwdasy barha kynlaşdy, gymmatlady we selçeňledi.

Bu azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, ýurt raýatlary bankomatlarda ýiti nagt ýetmezçiligi sebäpli bank kartlaryndaky aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilman, şeýle-de olardan nagt däl söwdada peýdalanyp bilman hem kösenýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýü​z bolýan kynçylyklary barada aç-açan çykyş etmeýärler.

3-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň umumy içerki önümçiliginiň 5,9% göterilendigi yglan edildi. Ösüş sanlaryna garamazdan, şol güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhamedowy wezipesinden boşatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG