Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda agaçlar ýene idegsizlikden guraýar


Arhiwden alnan surat. Illýustrasiýa suraty.

Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek üçin her ýyl millionlarça düýp bag ekilýän Türkmenistanda agaçlar ýene idegsizlikden guraýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

"Gyş we ýaz paslynda 10 ýyl abadançylyk köçesiniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolundan Nurmuhammet Andalyp köçesine çenli aralykdaky ýüzlerçe agaç damjalaýyn usulda yzygiderli suwarylýardy. Ýöne tomus paslynyň gelmegi bilen, has takygy iýun aýynyň başynda suwarym işleri bes edildi. Häzirki wagtda bu ýerde ýüzlerçe agaç gurady" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, şu ýylyň bahar paslynda bu köçäniň ugrunda saýaly we pürli agaç nahallarynyň ýüzlerçesi oturdyldy. Sosna we tuýa ýaly agaçlar bolsa azyndan dört gezek ekildi, ýöne olaryň aglabasy idegsizlikden gurady.

"Bu ýyl bahar pasly ýagyşly boldy. Şu sebäpli bu agaçlar çalt ösüp başlady we şonda olaryň durky oňat hem-de sagdyn görünýärdi. Ýöne häzir olaryň köpüsiniň saralyp solandygyny we gurandygyny görse bolýar" diýip, habarçy belledi.

Habarçy agaçlaryň suwarymy hakda döwlet edaralaryndan oňaýly jogap alyp bolmaýandygyny aýdyp, bu barada ýaşaýjylaryň Aşgabat şäher häkimligine we Öý dolandyryş edaralaryna edýän ýüzlenmeleriniň netije bermeýändigini hem belledi.

"Öý dolandyryş edaralarynyň käbir işgärleri baglara ideg etmeli jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň iýun aýynyň başyndan bäri "Altyn asyr" kölünde işleýändigini aýdýarlar. Olar şu sebäpli şäherdäki agaçlara ideg edilmeýändigini belleýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy şu günler birnäçe höwesjeň ýaşaýjynyň mümkin boldugyça agaçlary suwaryp, olary halas etmäge synanyşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher we Köpetdag etrap häkimliklerinden, şeýle-de Jemagat hojalygy müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan, resmi maglumata görä, her ýyl 3 million bag nahalyny ekýärdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 31-nji ýanwarda gol çeken kararyna laýyklykda, bu ýyl 7 million bag nahalynyň öňki ýyllardaka garanda köp ekilýändigi mälim edildi.

Şol kararda 5 million düýp saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň Ahal welaýatynda, ýene 5 million düýp bag nahalynyň bolsa, beýleki welaýatlarda ekilýändigi yglan edildi.

TDH bu kararyň milli Tokaý programmasynyň çäginde, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň hasabyna satyn alynýan bag nahallarynyň aglaba böleginiň idegsizlikden guraýandygy barada indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.

Mundanam başga, soňky ýyllarda Aşgabatda alnyp barylýan jaý gurluşyklary we "şäheri abadanlaşdyrmak işleri" sebäpli etrapçalarda ençeme ýyl bäri gögerip oturan saýaly baglar, şol sanda 100 ýyllyk agaçlar çapylyp ýa-da düýbünden goparylyp aýryldy.

Şeýle-de, şu ýylyň başynda habarçylarymyz Ahal welaýatynda gurulýan täze şäherler sebäpli onlarça gektary tutýan miwe baglygynyň çapylandygyny habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri oturdylýan düýp nahallarynyň ekilişine, ideg edilişine we damjalaýyn usulda suwarylmagynyň üpjün edilşine gözegçilik etmegiň ýurduň ministrliklerine we häkimliklerine tabşyrylandygyny her ýyl habar berýärler. Ýöne bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik habar berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG