Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekgedäki haj zyýaraty ilkinji gezek daşary ýurtly zyýaratçylar bolmazdan geçýär


Mekgedäki zyýratçylar, 28-nji iýul, 2020.

Mekgede ýyllyk haj zyýaratlary başlandy. Ol 2-nji awgusta çenli dowam eder. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, bu gezekki haj zyýaratlary Saud Arabystany 1932-nji ýylda döredileli bäri ilkinji gezek daşary ýurtlardan gelen musulman zyýaratçylary bolmazdan geçýär.

Adatça Mekgä haj wagtynda iki milliondan gowrak zyýaratçy gelýär. Emma bu ýyl haj zyýaratyna 10 müň çemesi adam gatnaşýar. Bu zyýaratçylar esasan ýerli ilatdan ybarat. 65 ýaşdan uly we dowamly näsaglygy bolan adamlara haja gitmäge rugsat berilmeýär.

Mundan başga, haja gelýänler koronawirus synagyndan geçmeli we Käbäniň esasy musulman mukaddesliginiň töweregindäki meýdançada ýörite belliklere görä sosial aralygy saklamaly edildi. Bu ýyl oňa degmek gadagandyr. Şeýle-de, zyýaratçylar öýlerine gaýdyp gelenlerinden soň iki hepdelik karantine girmeli.

Iň soňky maglumatlara görä, Saud Arabystanynda COVID-19 pandemiýasy başlanaly bäri 270 müňden gowrak koronawirus keseli ýüze çykaryldy. Takmynan 230 müň adam sagaldy. Üç müňe golaý näsag öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG