Gazagystanyň Almaty şäherindäki hytaý konsulhanasynyň daşynda, ýakynda hytaý ilçisiniň hytaý-gazak harby hyzmatdaşlygy boýunça eden beýanatyna nägilelik bildirip, ýekelikde protest geçiren gazak aktiwisti türmä höküm edildi.
3-nji awgust giçlik Almatynyň şäher sudy Serik Ažibaýi rugsat berilmedik jemgyýetçilik çäresini geçirmek we polisiýanyň buýruklaryna boýun bolmazlyk aýyplamalarynda günäli tapdy.
Ol 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.
Ažibaý günäsini boýun almady. Ol gazak kanunçylygyna görä, adamyň ýekelikde, öňünden hiç hili rugsat almazdan, protest geçirip bilýändigine ünsi çekdi. Ažibaý özüniň pikir-garaýyşyny açyk beýan etmäge hukugynyň bardygyny hem aýtdy.
Ažibaý 3-nji awgustda hytaý konsulhanasynyň öňünde saklandy. Onuň elinde “Ilçiler raýdaşlyk, duşmanlar bölünişik getirýär! Ýurdumyzdan güm boluň!” diýen ýazgyly plakat hem bardy.
Ažibaý geçen hepde hytaý ilçisi Zhang Şianonyň eden beýanatyna garşy protest geçirýändigini aýtdy. Ažibaýiň sözlerine görä, ilçi eger-de zerurlyk ýüze çyksa, onda Gazagystanyň we Hytaýyň biri-biriniň territoriýalaryndaky tolgunşyklary basyp ýatyrmak üçin, öz esgerlerini ýollap biljekdiklerini aýdypdyr.
“Biz Hytaýyň awtonomiýa bir sebiti däl. Biz özygtyýarly ýurt, garaşsyz döwlet” diýip, Ažibaý aýtdy.