Latin Amerika koronawirusdan heläk bolan adamlaryň sany boýunça sebit hökmünde Ýewropadan hem geçdi. Bu aralykda, dünýä boýunça koronawirusdan ölenleriň sany 700 müňe golaýlady.
Latin Amerikada 206 müň adam ölmi hasaba alyndy. Bu dünýädäki adam pidalarynyň 30%-idir.
Geçen hepdede bu sebit wirusa ýoluganlaryň sany boýunça hem birinji orna geçdi. Latin Amerikada wirus bilen kesellän 5 million adam ýüze çykaryldy.
Braziliýada koronawirusdan ölenleriň sany 95 müň 800-e ýetip, bu adam ölümleri boýunça ABŞ-dan soň ikinji görkezijidir.
Adam pidalary boýunça Meksika üçünji orunda bolup, bu ýurtda wirusdan 49 müň adam öldi.
Regionyň ençeme döwletleri wirusyň ýaýramak gerimini ilki kontrollyga alman, ozal girizilen käbir çäklendirmeleri gowşadyp başlapdylar.
Dünýä boýunça koronawirus bilen kesellänleriň sany 18,5 milliona, ondan heläk bolanlaryň sany hem 700 müňe golaýlady.
Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi, ençeme hepdeläp dowam eden çäklendirmelerden soň, wirusyň ýaýramak gerimini gözegçilik astyna alypdylar. Emma soňky hepdelerde wirusyň täze ýagdaýlary ýüze çykarylyp başlandy.