Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lukmanlary COVID-19 bilen keselleýär


Illýustrasiýa suraty 
Illýustrasiýa suraty 

Türkmen lukmanlarynyň COVID-19 hassalary üçin niýetlenen karantin zolaklarynda işlemäge köpçülikleýin iberilmegi dowam etdirilýär. Häkimiýetler bolsa ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmezligini, ilatyň we saglyk işgärleriniň arasynda keseliň ýaýramagyna we ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna üns bermezligini, şeýle hem saglyk işgärlerini goramak we olary işlemek üçin zerur şertleri bilen üpjün etmezligini dowam etdirýärler. Döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu ýagdaýy gozgamaýarlar.

Lukmanlar, şepagat uýalary we arassaçylyk boýunça kömekçi işgärlerler COVID-19 hassalary üçin karantin zonalarynda işlemäge iki hepdelik ugradylýarlar. Bu iş hökmany hasaplanylýar we boýun gaçyranlara işden kowulmak howpy abanýar, olara saglygy saklaýyş pudagynda işlemek mümkinçiliginden doly mahrum edilmek haýbaty atylýar. Şol bir wagtyň özünde, karantinde işlemek, saglyk töwekgelçiligi bilen birlikde, lukmançylyk işgärleri üçin goşmaça maliýe çykdajylaryny döredýär.

Azatlygyň habarçylary Türkmenabatda karantinde işleýän her bir işgäriň edýän ortaça çykdajylaryny hasapladylar. Olaryň sözlerine görä, karantine iki hepdelik işlemäge barýan her bir lukman ýa-da medisina işgäri ortaça 500-700 manat sarp etmeli bolýarlar, olar arassaçylyk serişdelerini we azyk önümlerini özleri alyp barmaly bolýarlar. Ýerli lukmanyň ortaça aýlygy 1600 manat.

Karantindäki iş tertibi hem üýtgäpdir. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, birnäçe aý mundan ozal karantin zolagyndaky iki hepdelik işden soň, lukmanyň dynç almaga hukugy bardy, kesel rugsady tölenýärdi, indi olar tas arakesmesiz karantine işlemäge iberilýär, köpüsiniň maşgalalaryny görmäge, çagalary bilen bolmaga mümkinçiligi bolmaýar. Karantine iberilmedikler işe çykmaga we ýowarlara gatnaşmaga borçly.

"Zenan medisina işgäri 14 günlük karantinden soň, bir gün dynç alandygyny, ertesi 40 gradus yssyda günüň astynda koronawirusa garşy gorag eşiginde hassahananyň howlusyny zibil we çilim galyndylaryndan arassalandygyny gürrüň berdi. Bu bir adam gynamaklyk, dynç güni ýok, kompensasiýa ýok. Üstesine, koronawirusdan goranmak üçin niýetlenen kostýumda işlemeli bolýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy 6-njy awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, karantinde işlemekden boýun gaçyrmagy az adam başarýar. Köplenç munuň üçin täsirli tanyşlaryň kömegi ýa-da 1000 manat möçberli para kömek berýär. Lebap welaýatynda saglyk edaralarynyň ýolbaşçylary karantinde işlemekden ýüz öwürjek bolýan işgärlerine prokuratura arz etmek bilen haýbat atýar.

Hasaba alnan koronawirusly ýagdaýlaryň ýokdugyny resmi derejede aýdýan Türkmenistanyň häkimiýetleri, ýurtda COVID-19 alamatly keseliň ýaýramagyny görmezlige salýar we bu ýagdaýa ilatyň maska geýmek we fiziki aralygy saklamak ýaly talaby berjaý edişine gözegçilik etmek, şeýle hem köp sanly karantin zolaklaryny döretmek bilen reaksiýa görkezýär.

Azatlygyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, karantinde hassalary bejermek we işgärleriň işlemegi üçin elhenç şertler saklanýar.

Häzirki wagtda lukmanlaryň we saglyk işgärleriniň arasynda COVID-19 keseli köpelýär.

4-nji awgustda Türkmenabatda diňe bir keselhanada birnäçe lukman we şepagat uýasy keselledi. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Köpugurly hassahanada dört lukmanda, iki şepagat uýasynda we dört sanitariýa işgärinde COVID-19 test arkaly tassyklanypdyr. Koronawirus synaglary oňyn netije görkezen medisina işgärleri şol bir keselhanada bejergi alýarlar.

Azatlygyň habarçysynyň belleýşi ýaly, käbir medisina işgärleri synaglaryň netijesini gaýtadan barlamak üçin nusgalary Aşgabada iberipdir: “Synaglary koronawirusyň bardygyny görkezen lukmanlar şäheriň ýokanç keseller hassahanasynda geçirilen testleriň netijelerine ynanmadylar we öz hasabyna nusgalary takside goşmaça barlag üçin Aşgabada iberdiler".

Häzirki wagtda saglyk işgärleri maskalar we ellikler ýaly infeksiýadan goraýan enjamlaryň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýärler.

"Marynyň welaýat keselhanalarynda lukmanlar Saglyk ministrligi tarapyndan berilýän maskalaryň we ellikleriň hilinden nägile. Maskalarda gulaga ildirmek üçin ýüpler asla ýok, ýa-da üzülip durýar. Lukmanlar ýüp satyn alyp, öz hasabyna tikmeli, ýa-da tikinçilere tikdirmeli bolýarlar. Täze ellikler hem ulanmaga ýaramsyz, geýjek wagtyň derrew ýyrtylýar. Bu şertlerde koronawirus hassalary bilen işleýän lukmanlar goragsyz galýarlar" diýip Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.

TMCELL mobil operatoryň müşderilerine uzak aralygy saklamak, göni aragatnaşykdan gaça durmak we garry adamlara öýlerinden çykmazlyk maslahat berilýär, 6-njy awgust, 2020
TMCELL mobil operatoryň müşderilerine uzak aralygy saklamak, göni aragatnaşykdan gaça durmak we garry adamlara öýlerinden çykmazlyk maslahat berilýär, 6-njy awgust, 2020

Habarçylar saglyk işgärleriniň karantin zonalarynda işlemekden howatyrlanmagynyň sebäbiniň diňe bir infeksiýanyň ýokaşmak howpy we agyr iş şertleri bilen çäklenmeýändigini aýdýarlar. Olar saglyk işgärleriniň, enjamlaryň we dermanlaryň ýetmezçiligi zerarly özlerinde käte "hassalaryň ölümine alaçsyz syn etmekden" başga çäre galman ruhy taýdan agyr ýagdaýy başdan geçirmeli bolýandygyny belleýärler.

COVID-19 alamatly keseliň ýurtda ýaýramagyny resmi taýdan agzamaýan ýurduň ýolbaşçylary bilen bir hatarda bu ýagdaýy Türkmenistanyň döwlet metbugaty hem gozgamaýar.

Birnäçe hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ilatyna özlerini goramak baradaky duýduryşlar SMS arkaly ýetirilýär.

Häzirki wagtda ýerli mobil operatoryň müşderilerine uzak aralygy saklamak, göni aragatnaşykdan gaça durmak we garry adamlara öýlerinden çykmazlyk maslahat berilýär.

На кладбищах Туркменистана увеличивается количество новых могил
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG