Türkmen lukmanlary COVID-19 bilen keselleýär
Türkmen lukmanlarynyň COVID-19 hassalary üçin niýetlenen karantin zolaklarynda işlemäge köpçülikleýin iberilmegi dowam etdirilýär. Häkimiýetler bolsa ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmezligini, ilatyň we saglyk işgärleriniň arasynda keseliň ýaýramagyna we ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna üns bermezligini, şeýle hem saglyk işgärlerini goramak we olary işlemek üçin zerur şertleri bilen üpjün etmezligini dowam etdirýärler.