Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda edara-kärhanalar ep-esli işgärini üç aý möhlet bilen tölegsiz rugsada iberip başlady


Illýustrasiýa suraty. Petiklenme wagtynda Türkmenabadyň boşan köçeleri. Awgust, 2020 ý.
Illýustrasiýa suraty. Petiklenme wagtynda Türkmenabadyň boşan köçeleri. Awgust, 2020 ý.

Global koronawirus pandemiýasynyň arasynda ykdysady çökgünlige duçar bolan Türkmenistanda häkimiýetler ýurtda wirus wakasynyň hasaba alynmandygyny aýdyp, aýak direýän wagty, Lebap welaýatynyň edara-kärhanalary işgärleriniň ep-esli bölegini üç aý möhlet bilen tölegsiz rugsada ugradýar.

Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçysy 4-nji awgustda anonim şertlerde tölegsiz rugsada ugradylan işgärler barada habar berdi.

“Mekdepler, häkimlikler, transport we aragatnaşyk kärhanalary, arçynlyklar, şeýle-de önümçilik kärhanalary we önümi gaýtadan işleýän zawod-fabrikler işgärleriniň 80 göterimini 90 günlük aýlyksyz rugsada goýberip başlady” diýip, habarçy Lebabyň welaýat häkimliginiň işgärlerine hem-de rugsada goýberilen ençeme faraply bilim we arçynlyk işgärine salgylanyp habar berdi.

Häkimiýetler edara-kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz rugsada ugratmaklygyň aňyrsynda ýatan sebäpleri aýtmaýarlar. Galyberse-de, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň ep-esli böleginiň üç aý möhlet bilen tölegsiz rugsada ugradylmagyndan soň, olaryň ýerine ýetirýän işleriniň nähili ýörediljekdigi aýdylmaýar.

Ýöne bu çäreler ýurda ykdysady çökgünligiň, dünýäde bolsa koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Türkmenistan şu wagta çenli resmi taýdan ýekeje-de COVID-19 wakasyny hasaba almady.

“Mekdepler ýapylar, diňe onlaýn okuw bolar. Okuwçylar indi mugallymlar bilen onlaýn sapak geçerler” diýip, habarçy bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerine salgylanyp habar berdi.

Köp ýyllyklaryň dowamynda Interneti berk çäklendirip gelýän Türkmenistanyň bilim pudagyny onlaýn usula geçirmek mümkinçilikleri nämälimliginde galýar.

Galyberse-de, türkmen hökümeti ýurduň dürli pudaklarynyň sanly ulgama üstünlikli geçirilýändigini yzygiderli gaýtalap gelýär. Beýleki tarapdan, golaýda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň (UNDESA) agza ýurtlarda sanly ulgamlaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny öwrenip, geçiren barlagynda Türkmenistan 193 ýurduň arasynda yzdaky orunlarda, 158-nji orunda ýerleşdirildi. BMG agentliginiň “Elektron hökümete syn – 2020” atlandyrylýan barlagynda Türkmenistanyň hyzmatlary sanly ulgama geçirmek mümkinçiligine pes baha berildi.

Her iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu barlagda Türkmenistan, häkimiýetleriň ýurtda dürli pudaklary sanly ulgama geçirýändigini has ýygjam gaýtalap başlandyklaryna garamazdan, ýyllaryň dowamynda yzygiderli görnüşde pes orunlara mynasyp boldy.

BMG-ä agza 193 ýurduň arasynda Türkmenistan elektron hökümeti we sanly hyzmatlary durmuşa ornaşdyrmakda 2012-nji ýylda 126-njy orna eýe bolan bolsa, 2014-nji ýylda 128-nji, 2016-njy ýylda 140-njy, 2018-nji ýylda 147-nji we 2020-nji ýylda 158-nji orunda ýerleşdirildi. Barlag netijelerinden görnüşi ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda sanly hyzmatlary durmuşa ornaşdyrmak ýaryşynda ýylyň-ýylyna birnäçe diş pese gaçdy. Ýöne beýleki tarapdan, bu ugurdaky yzygiderli pese gaçyşlyk, häkimiýetleriň ýurtda elektron hyzmatlary ösdürýändiklerini öňe sürmegi yzygiderli gaýtalaýan wagtlaryna gabat gelýär. Synçylar, diýmek, beýleki ýurtlaryň sanly ulgamlary ornaşdyrmakda Türkmenistandan has üstünlikli çykyş edýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda häkimiýetleriň orta bilimi onlaýn usula geçirmek ähtimallygy barada habar berip, edara-kärhanalaryň işgärlerini üç aý möhlet bilen tölegsiz rugsada ibermek işleriniň welaýatyň saglyk we oba hojalyk pudagyna degişli däldigini aýtdy.

“Keselhanalar we oba hojalyk pudagy doly güýjünde işlär” diýip, habarçy belledi.

Global koronawirus pandemiýasynyň fonunda ençeme ýurtda gaýragoýulmasyz önümçilikden daşgary pudaklaryň ençemesi onlaýn iş tertibine geçdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG