Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň býujet işgärleri COVID-19 synagyndan öz hasabyna geçmäge borçly edildi


COVID-19 testi, Gyrgyzystan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda döwlet edaralaryň we kärhanalaryň işgärlerine COVID-19 keselini anyklamak boýunça testden geçmek tabşyryldy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, buýruk 6-njy awgustda döwlet edaralaryna we kärhanalaryna berlipdir.

"Düýn irden býujet guramalary poliklinikalarda koronawirus üçin synaglardan gyssagly geçmek hakynda täze buýruk aldylar. Munuň üçin maşgala lukmany işgäri laboratoriýa ugratmaly, şol ýerden ol burnundan we bokurdagyndan suwuklyk aldyryp, wirusyň ýoklugy barada öz işleýän ýerine resminama getirmeli, bolmasa işlemäge rugsat berilmez", - diýip, Azatlygyň habarçysy 7-nji awgustda habar berdi we buýrugyň ýerine ýetirilmeginiň hökmanydygyny, testiň töleglidigini we saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň bardygyna garamazdan işgärleriň ony öz hasabyna etdirmelidigini belledi.

Býujet işgärleri üçin koronawirus testiniň bahasy 100 manada durýar.

Habarçymyz paýtagtyň saglyk edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, "Mundan başga-da wirus tapylanda lukmanlara muny şahadatnamada ýazmazlyk, emma işgäri hassahana ibermek barada döwlet edarasyna habar bermek tabşyryldy" diýdi.

Azatlyk Radiosy işgärleriň köpçülikleýin testden gecirmek düzgüniň sebäbini we jikme-jikliklerini Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden we şeýle buýrugy alan döwlet edaralaryndan anyklap bilmedi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, döwlet işgärleriniň özleri aýlyk haklarynyň gelmegine gabat gelen bu täze buýrugyň döwlet edaralarynyň işgärleriniň girdejilerinden serişdeleri saklamagyň nobatdaky bir usuly bolmagyny çak edýärler. Türkmenistanyň döwlet işgärlerinde dürli maksatlar, şol sanda dezinfeksiýa we saglyk barlaglary üçin girdejilerden yzygiderli pul alynýar.

Soňky hepdelerde Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmek üçin BSG we BAE-den gumanitar kömegini aldy. Şol bir wagtyň özünde, COVID-19 alamatlary bolan näsaglykdan ilatyň we lukmanlaryň arasyndaky keselçiligiň we ölümiň ýaýramagyna garamazdan, häkimiýetler ýurtda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler.

Türkmenistan, dünýäniň beýleki ýurtlary tarapyndan COVID-19-a garşy girizilen berk çäklendirmeleri durmuşa geçirdi. Kärhanalar ýapylýar we döwlet sektoryndaky işgärler köpçülikleýin tölegsiz rugsada iberilýär.

Bu aralykda COVID-19 alamatly kesel ýurtda ýaýramagyny dowam etdirýär.

7-nji awgustda Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky täze ýagdaýlar barada habar berdiler:

- Gartaşan adam ýokary gyzgynly keseli başdan geçirdi we sagalyp başlady, ýöne onuň aýaly keselledi, özüni gaty erbet duýdy, dem alyp bilmedi we otyryp uklamaly boldy. Antibiotikler oňa kömek etmedi, ol hasam erbetleşdi. Koronawirus synagyň resmi netijeleri aýalda hem üadamsynda negatiw boldy. Emma ikisi-de demorýol keselhanasyna äkidildi. Florografiýa, äriniň öýkenine bölekleýin zeper ýetendigini, aýalynyň öýkeniniň bolsa bütinleý garalyp gidendigini görkezdi. Hassahanada dermanlar berilýär, emma soň garyndaşlaryndan talap edilýär. Ýöne hassahanada iýmit ýa-da agyz suwy ýok, garyndaşlary getirýärler.

- Bir aý öň 8-nji poliklinikada ýogalan garry maşgala lukmanynyň koronawirusdan ölendigi tassyklandy.

- Oguzhan köçesindäki Nyýazow hassahanasy (Aýtakowa) tutuşlygyna COVID-19 üçin işleýär we ol ýerde adam köp.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda daşary ýurtlardan gelen adamlar ýerli karantinlere salynýar.

7-nji awgustda 121 adamlyk uçar Türkiýeden Türkmenabada barypdyr.

Azatlygyň welaýatdaky ygtybarly çeşmesiniň sözlerine görä, Türkiýeden baranlar koronawirus synagy geçirilip, aeroportda garaşýarlar. Olaryň soň Özbegistan bilen serhet ýakasynda ýerleşýän Farapdaky karantine alynmagy planlaşdyrylýar.

Çeşme, gelenleriň arasynda Türkmenistanyň bir raýatynyň bardygyny, galanlarynyň Türkiýäniň raýatlarydygyny habar berýär.

1-nji awgustda Azatlyk Stambuldan Türkmenistana uçaryň barmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar beripdi. Daşary ýurtdaky türkmen aktiwistleriniň habaryna görä, şol uçarda Türkiýedäki deportasiýa lagerindäki türkmenleriň, şol sanda 17-nji iýulda Stambulda Türkmen konsullygynyň öňünde geçirilen demonstrasiýa wagtynda tussag edilen aktiwist Dursoltan Taganowanyň Türkmenistana ugradylmagy göz öňünde tutulypdyr.

Azatlygyň çeşmesi 7-nji awgustda daňdan Türkiýeden baran uçarda Dursoltan Taganowanyň bolmandygyny habar berdi.

Maryda welaýatdan giriş we çykyş çäklendirildi. Munuň üçin iş ýerinden we saglyk resminamalary talap edilýär. Welaýatyň içinde hereket etmek üçin maskalaryň dakylmagy hökmanydyr.

"Düýn, Marydan çykyş ýapyldy. Barlag nokadyndan geçenlerinde, iş ýerinden resminama we saglyk şahadatnamasy talap edilýär. Bu şahadatnamalar bolmasa geçmäge rugsat berilmeýär. Awtobuslarda maskasyz awtobusa girmegiň gadagan edilendigi barada bildirişler bar. Emma sürüjiler muňa gözegçilik etmeýärler we adamlar muňa kän bir reaksiýa bildirmeýärler. Awtobuslarda durulýan ýerleriň hasabyna goşmaça oturgyçlar goýuldy, ýagny boş ýerleriň hemmesini oturgyçlar bilen doldurdylar "-diýip, Azatlygyň habarçysy 7-nji awgustda gürrüň berdi.

Maryda wirusa garşy "Rimantadin" dermanyny ýene-de az mukdarda ilata paýlap başladylar.

"4-nji awgustda Maryda maşgala şepagat uýalary öýlere aýlanyp, wirusa garşy "Rimantadin" dermanyny mugt paýlap başladylar. Şol bir wagtyň özünde olar, Milli Howpsuzlyk Ministrliginden ýa-da polisiýadan jaň edilip, derman serişdesiniň berlendigini soran ýagdaýynda jogap bermek üçin raýatlaryň aragatnaşyk maglumatlaryny belläp aldylar. Derman ýaşy 60-65-den geçen adamlara berildi" diýipm Azatlygyň habarçysy her adama hepdede 7 tabletkadan berýändigini, käbir ýerlerde maşgala şepagat uýalarynyň ýa-da lukmanlaryň bejergini dowam etdirmek üçin dermanlary dermanhanalarda satyn almagyny maslahat berýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bolup geçýän ýagdaýlar ýerli ilatda "ýurtda koronawirus ýok bolsa, näme üçin bu derman paýlanýar?" diýen soragy döredýär.

Könelen we peýdasy şu çaka çenli subut edilmedik "Rimantadin" dermany Türkmenistanda iýul aýynyň başynda köpçülikleýin paýlanyp başlandy. Öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan dozirowka görä, bejergi üçin 30 tabletka ulanmaly. Häzirki wagtda bu dermanyň her adam başyna sanlyja tabletkasy beýleki welaýatlarda hem paýlanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG