Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ilatyny öz hasabyna saglygyny barlatmaga mejbur edýär we etraplary açyp, ýapýar


Aşgabatda täze açylan Welosiped ýadygärligi
Aşgabatda täze açylan Welosiped ýadygärligi

Türkmenistanyň býujet işgärleri öz hasabyna saglyk barlagyndan geçmegini dowam edýärler. Hökmany bolan bu saglyk barlagy ilatyň öz hasabyna amala aşyrylýan hem bolsa, saglykdan şikaýat etmek oňlanmaýar. Bu aralykda häkimiýetleriň COVID-19 keseliniň öňüni almak üçin girizen hereket çäklendirmeleri gowşadylyp başlandy.

Şu günki gün paýtagtda döwlete degişli ähli edara-kärhanalaryň işgärleri saglyk barlagyndan geçýärler. Işleýän pensionerler we maýyplygy bolan işgärler saglyk barlagyndan boşadylýar. Raýatlaryň öz hasabyna geçirilýän medisina barlaglary ýüzleý häsiýete eýe bolýar.

Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary şeýle maglumat berýärler:

- Aşgabadyň býujet işgärleri ýokardan berlen tabşyryk esasynda barlagdan geçmegini dowam etdirýärler. Hyzmatlaryň ählisi tölegli we saglyk ätiýaçlandyryş polisi boýunça her bir adama 150 manada durýar. Polisiň bolmasa 270 manada. Emma lukmanlaryň köpüsiniň barlagy formal we ýüzleý häsiýetde geçýär. Muňa dispanserizasiýa diýmek mümkin däl. Kardiogrammany edip berenlerinde onuň ýanyndan düşündiriş bermeýärler we onuň netijelerini anyklamak üçin soň goşmaça başga bir lukman tapmaly.

- Ählihalk dispanserizasiýanyň nobatdaky bir gaplyga, dilden edilýän bir ýagdaýa we para almak üçin bir işe öwrüljegi baradaky gorkular doly tassyklandy. Döwlet işgärleri saglygyny barlatmak üçin görkezme bilen gelýärler, olardan nämäniň agyrýandygyny soraýarlar, hiç zat diýlende, olar diňe terapewtiň kabul edendigi we adaty analizler üçin töleg edýärler. Eger ulurak bir zatdan şikaýat etseň, başga doktorlaryň ýanyna ugradýarlar we ähli zat üçin töleg etdirýärler, şol sanda düýpli analizler we MRT hem KT ýaly barlaglar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine göre, häzirki saglyk barlaglary üçin ozalkylardan tapawutlanýan ýörite saglyk resminamasy berilýär:

- 2018-nji we 2019-njy ýyllarda 177 nomerli sprawka berilýärdi. Indi resminamanyň formasy 146. Ol ozalkysyndan tapawutlanýar, oňa mammografiýa we süýji keseli anyklamak boýunça gan analizi girýärler. Emma muny ähli poliklinikalarda edip bolmaýar. Köpçülik №15 keselhanada edýär, emma şol ýerde şekeri anyklaýan glýukometr ýok, gany damardan alýarlar we umumy gan barlagyny edýärler, emma adamlaryň eline şeker analizi hökmünde berýärler.

COVID-19 keseliniň dünýädäki pandemiýasynyň dowamynda Türkmenistanda geçirilýän häzirki köpçülikleýin saglyk barlagynyň maksadyny ýurt häkimiýetleri mälim etmeýärler. Bu barada döwlet habar beriş serişdelerinde hem maglumat ýok. Bu barlaglaryň dowamynda koronawirus infeksiýasyny anyklamak boýunça barlagyň geçirilip, geçirilmeýändigi hem belli däl.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda saglyk işgärlerine COVID-19 keselini agzamak berk gadagan edilýär. Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda lukmanlardan koronawirusy hasaba almagyň we hatda ýogalan adamlaryň ölümi hakyndaky dokumentlerde koronawirusa mahsus alamatlary sebäp hökmünde görkezmegiň gadagan edilendigi malim bolupdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty saglyk barlagyndan geçirmek planlaryny ilkinji gezek aprel aýynda COVID-19 keseliniň öňüni almak boýunça resmi çäreleriniň çäginde yglan edipdi. Apreliň başynda okuwçylaryň we çaglar baglaryna gatnaýan körpeleriň saglygyny barlamak boýunça işler başlanypdy. Soňra 5-nji maýda hökümet saglyk barlagynyň ikinji tapgyryny edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda geçirmegi, üçünji tapgyrda garrylaryň arasynda saglyk barlagyny geçirmek planlaryny yglan edipdi.

Geçirilen we indi geçirilýän barlaglaryň deslapky netijeleri köpçülige mälim edilmeýär.

5-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurtda koronawirus infeksiýasynyň ýokdugyny aýdyp, Türkmenistanyň agyr infeksion kesellere garşy durmagyny we reaksiýa görkezmegini üpjün etmek boýunça planyň BSG-niň rekomendasiýalary esasynda işläp düzülendigini habar berdi. Emma jikme-jikleri agzamady.

Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň koronawirusyň ýaýramazlygy üçin adamlaryň hereket etmek we sosial distansiýany saklamak boýunça girizen çäklendirmelerini gowşadyp başlan döwründe, koronawirusyň düýpden ýokdugyny aýdyp gelýän Türkmenistan hem ýurt içindäki çäklendirmelerini gowşadyp başlady. Paýtagtyň häkimiýetleri basseýnleri, saunalary açyp, SPA hyzmatlaryna rugsat berdi.

Şu günler ýurduň COVID-19 keseliniň bolmagy güman edilen adamlar üçin döreden karantin zonalarynyň ýerleşýän welaýatlarynda Lebapda we Balkanda ozal ýapylan etraplar açylypdyr.

"Lebap we Balkan welaýatlaryna 8-nji iýunda serhetýaka etraplaryndaky hereket çäklendirmeleri ýatyryldy. Indi welaýatlarda hereket etmek üçin ýörite rugsat haty hökman däl. Aşgabada barmak üçin hem rugsat gerek däl" diýip, Lebapdaky habarçymyz 9-njy maýda habar berdi. Onuň sözlerine görä, awtobus we demirýol gatnawy dikeldilipdir.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada welaýatyň resmilerinden maglumat alyp bilmedi.

Sol bir wagtda-da, Aşgabatda jemgyýetçilik ýerlerinde ilatyň gyzgynyny barlamak boýunça işler geçirilýär, maşgala lukmanlary bolsa öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG