Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda käbir hassahanalar karantine ýapylýar, kärhanalar distansion iş usulyna geçýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda hassahanalar karantine ýapylýar, käbir döwlet edaralary işgär sanyny azaldýar, hususy kärhanalar uzakdan işlemek tertibine geçýär. COVID-19 keseli resmi taýdan hasaba alynmadyk ýurtda koronawirus alamatlary bilen ýüze çykan agyr pnewmoniýanyň möwç almagy dowam edýär, ölüm hadysalary ýüze çykýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtda karantin üçin ýapylan saglyk edaralarynyň arasynda Magtymguly we Andalyp köçeleriniň çatrygyndaky (öňki demirýol klinikasy) poliklinikasynyň işgärleri 5-nji iýuldan başlap on gün hassahananyň işlemejegini aýdýarlar.

Aşgabatdaky käbir döwlet edaralary karantin çäresi hökmünde işgärlerini wagtlaýyn azaldýar.

"Aşgabatda, birnäçe guramada işçileriň 50% -i karantin çäresi hökmünde 10 günlük öz hasabyna işden goýberilýär, olaryň 10 günden soň çalşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, bu Büzmeýindäki döwlet elektrik stansiýasynyň işgärlerine degişli" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 3-nji iýulda aýtdy.

Başga bir habarçymyzyň sözlerine görä, käbir täjirçilik kärhanalary indiki hepdäniň başyndan uzakdan işlemek tertibine geçýärler.

"Birnäçe täjirçilik kärhanasy duşenbe gününden uzakdan işlemek tertibine geçýärler. Bu häzir olaryň ýolbaşçylarynyň inisiatiwasy. Gurluşyk, söwda we hyzmat ugrundan işleýän şeýle 4 kärhanany bilýärin" diýip, 3-nji iýulda Aşgabatdaky habarçymyz bu kararyň kärhananyň ýolbaşçylarynyň başlangyjy bilen kabul edilendigini aýdyp, agzalan kärhanalaryň ikisiniň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilhanalary bolup, galanlaryň ýerli we bilelikdäki kärhanalardygyny aýtdy.

Türkmenistanda COVID-19 keseliniň simptomlary bilen geçýän ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagy dowam edýär. Azatlyk Radiosy bilen adynyň aýdylmazlyk şertli gürrüňdeş bolan saglygy saklaýyş ulgamyndaky çeşmeler we lukmanlar munuň koronawirusdygyny öňe sürýärler.

3-nji iýulda paýtagtdaky keselhananyň lukmany koronawirus näsaglaryny häzir pnewmoniýany bejermek üçin ulanylýan usulda bejerýändiklerini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmileri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny yglan etmek bilen bilelikde, koronawirusyň alamatlary bolan ýiti pnewmoniýanyň bardygyny hem agzamaýarlar we wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alyp barýan öz çärelerini hem kommentirlemeýärler. Ýurtda keselçilik derejesini görkezýän umumy statistika çap edilmeýär.

Bu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda ýas ýerleriniň köpelendigini habar berdiler. Käbir hadysalarda merhumlaryň jesetleri jaýlanmak üçin ýakynlaryna gaba salnyp berilýär we açylmagy gadagan edilýär.

"On gün töweregi ýogalan adamyň jesedi selofan bilen örtülen görnüşde Köşidäki garyndaşlaryna berildi we ony açmaga we ýuwmaga rugsat berilmedi" diýip, Azatlygyň habarçysy özüne mälim bolan wakalaryň biri barada gürrüň berdi.

Türkmenistan häzirki wagtda BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasynyň saparyna garaşýar we taýýarlyklara uly üns berýär. COVID-19 boýunça halkara bilermenleriniň Türkmenistana köpden bäri garaşylýan sapary ýurtdaky hakyky ýagdaýy aýdyňlaşdyryp biler diýlip garaşylýar. Saparyň anyk senesi resmi taýdan mälim edilmedi, emma Azatlygyň çeşmeleri hususan-da Lebap welaýatynda BSG-niň bilermenlerine 6-njy iýulda garaşylýandygyny aýdýarlar.

COVID-19 keseli boýunça halkara bilermenleriniň Türkmenistana saparynyň ýakynlaşmagy bilen öňüni alyş çäreleri we dezinfeksiýa çäreleri aktiwleşýär.

Lukmanlaryň öz sözlerine görä, netijeliligi subut edilmedik "Rimantadin" dermany her adam başyna ujypsyz sanda guramaçylykly tertipde ilata paýlanmagy dowam edýär.

"Lukman muny içip bilersiňiz, içmänem bilersiňiz. Hiç hili täsir etmez" diýip, habarçymyz derman paýlaýan lukmana salgylanyp, 3-nji iýulda habar berdi.

Şu günler Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde dezinfeksiýa işleri hem güýçlendirildi, häzirki zaman antiseptikler peýda boldy, sol bir wagtda-da üzärlik tütetmek işi bes edildi.

"Olar tütetmegi bes etdiler ýa-da tas taşladylar. Bazarlarda-da öň dem alar ýaly däldi" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, mundan öň üzärligiň giňden tütedilmegi sebäpli, ýangyn detektorlary, signalizasiýa we awtomatiki ýangyn söndüriji ulgamlary köplenç öz-özünden işläp başlaýardy we netijede edaralarda dokumentler, goşlar we enjamlar zaýalanýardy.

Üzärligi ýakyp, tüsse çykarmak däbi ýurtda uzak wagt bäri bar, ýöne prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tüssäniň COVID-19-a garşy peýdasy barada martda beren maslahatlaryndan soň, tutuş ýurtda döwlet edaralarynda, saglyk we bilim edaralarynda, bazarlarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde üzärlik tütedilip başlandy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG