Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda lukmançylyk fakultetlerinde döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ýerleriň sany köpeldildi


Saglyk ulgamynda lukmançylyk hünärmenleri babatda uly zerurlygyň döremegi sebäpli, Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň buýrugy esasynda, Medisina akademiýasynda we Oş döwlet uniwersitetinde okajaklar üçin goşmaça orunlara maliýe serişdeleri bölünip berildi diýip, kadrlar we guramaçylyk işi bölüminiň müdiri Aýgul Boobekowa habar berdi.

Goşmaça serişde umumy lukmançylyk, öňüni alyş lukmançylygy, çaga lukmançylygy we şepagat uýalary ýaly hünärler boýunça goşmaça okuw ýerlerini döretmäge gönükdirilýär.

Şeýle-de, ordinatura orunlary, epidemiologlar üçin 30, ýokanç kesel hünärmenleri üçin 30, mikrobiologlar üçin 30 we reanimatorlar üçin 26 ýer döretmäge býujet serişdeleri bölündi.

“2020-2021-nji okuw ýylynda pulmonologiýa (35 ýer), gyssagly lukmançylyk kömegi (12) we kliniki barlaghana diagnostikasy (20) hünärleri boýunça okuw üçin býujet ýerleriniň sany köpeldildi, Maliýe, Bilim we ylym ministrliklerine goşmaça 250 býujet ýerini bölmek haýyşy bilen hatlar iberildi” diýip, resmi aýtdy.

Koronawirus ýokuşan raýatlaryň sanynyň düýpgöter köpelmegi netijesinde, Gyrgyzystan saglyk işgärleriniň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Hökümet lukmançylyk bilimi bolan raýatlaryň ählisini şertnama esasynda işlemäge çagyrdy. Mundan başga-da, saglyk ugrundan okuwyny tamamlamagyna bir ýyl galan studentler we bir zaman Orsýete zähmet migrasiýasyna giden gyrgyz saglyk işgärleri kömege çagyryldy.

XS
SM
MD
LG