Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti "Talyban"tussaglaryny boşatjagyny aýdýar


Aşraf Gani Loýa Jirgada çykyş edýär.

Tanymal owganlaryň müňlerçesi 9-njy awgustda bir ýere jemlenip, 400 töweregi talyban tussagyny, köpüsi daşary ýurtlularyň we owganlaryň öldürilmegine gatnaşan adamlary türmeden boşatmagy goldady.

"Talyban" tussaglarynyň boşadylmagyny maslahat berýän karar ahyr netijede "Talyban" bilen owgan hökümetiniň wekilleriniň, owgan jemgyýetiniň beýleki gyzyklanýan taraplarynyň arasynda owganara dialoga, parahatçylyk gepleşiklerine ýol açar öýdülýär.

Bu karar Kabulda, üç günlük Loýa Jirganyň ahyrynda kabul edildi. Loýa Jirga owgan taýpa ýaşulularynyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň jedelli milli meseleleri çözmek üçin ulanýan adaty ýygnagy bolup durýar.

Bu ýygnagyň geçirilmegine owgan prezidenti Aşraf Gani çagyryş etdi we özüniň konstitusiýa laýyklykda zorlukly jenaýat eden 400 tussagy türmeden boşatmak hukugynyň ýokdugyny aýtdy.

Owgan hökümeti bilen “Talyban”, owganara gepleşiklere başlamazdan ozal, tussag alyş-çalşygyny tamamlamak isleýär.

Indi Ganiniň, Loýa Jirganyň teklibi esasynda, gutarnykly karara gelmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG