Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG resmisi türkmen emeldarlary bilen koronawirusy maslahat etdi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

10-njy awgustda Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Klýuge Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen wideoduşuşyk geçirdi. Bu barada Klýuge özüniň Facebook sahypasynda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar täze koronawirusa garşy göreşmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Klýuge COVID-19-a garşy hiç bir ýurduň goragly däldigi babatynda türkmen resmileri bilen ylalaşandyklaryny aýtdy.

“BSG missiýasy üçin nobatdaky ädim koronawirus keselinde güman edilýän [Türkmenistandaky] näsaglaryň testlerinden nusga almak we olary BSG-niň daşary ýurtlardaky laboratoriýalarynda barlamak” diýip, Klýuge ýazdy.

Türkmenistanyň saglyk ministrligi şu wagta çenli ýurtda hiç hili COVID-19 wakasy barada habar bermedi. Dünýäde resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 näsaglarynyň sany 11-nji awgusta çenli 20 million 200 müň adamdan geçdi.

Mundan ozal, ýewropaly saglyk resmisi BSG-niň baş direktory Tedros Gebreisus bilen bilelikde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 7-nji awgustda geçiren wideo duşuşygynda Türkmenistanda COVID-19 barlagy negatiw netije görkezýän pnewmoniýa wakalarynyň artmagyna özleriniň çynlakaý alada bildirendiklerini aýtdy. Şeýle-de, ol BSG toparyna ýurt içinden COVID-19 test nusgalaryny garaşsyz almaga we olary ýurduň daşynda barlamaga ýol berilmelidigini, türkmen prezidentiniň bolsa munuň bilen ylalaşandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň web-saýty 10-njy awgustda geçirilen onlaýn duşuşyk barada beren habarynda Türkmenistanyň BSG bilen işjeň hyzmatdaşlyga dowam etjegini tassyklandygyny aýdýar ýöne duşuşygyň mazmuny barada jikme-jik maglumat paýlaşmaýar.

Bu aralykda, Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilmedik koronawirus ýokançlygyna garşy çäreler dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurtda maska geýmek boýunça girizilen talaba garamazdan, onuň köp ýerde berjaý edilmeýändigini habar berýär.

“Awtobuslarda agyz-burun örtüklerini geýmek barada duýduryş asdylar. Ýöne hiç kim muny berjaý etmeýär. Sürüjiler üçin bary bir” diýip, habarçy aýtdy.

Awtobusda düşürilen bir suratda maska baradaky duýduryşy hem-de ony berjaý etmeýän ýolagçylary görmek bolýar.

Mary welaýatyndaky habarçymyz Murgap etrabynda koronawirus alamatlary bilen hassalanyp, öýde bejergi alýan näsaglara jerime salynýandygyny habar berýär.

“Bir aýalyň gelni ýarawsyzlandy we ol öýde bejergi alypdyr. Gelniň ýagdaýy ýaramazlaşandan soň, onuň gaýyn enesi tiz kömege jaň edýär. Olar ýokanç keselleri hassahanasyna äkidilýär. Gelniň [koronawirus] barlagy oňyn, gaýyn enesiniňki negatiw netije görkezýär. Olary karantine ýerleşdirdiler, hem-de öýde bejergi alandyklary sebäpli olara 4 müň manat möçberine jerime saldylar. Eger-de karantin gutarandan soň, jerimäni tölemeseler, olary karantinden öýlerine goýbermezler” diýip, habarçy aýtdy.

Ol 1995-nji ýylda doglan, murgaply ýene bir göwreli gelniň koronawirus barlagynyň oňyn netije görkezendigini, onuň Murgap etrabynyň Ýokanç keselleri hassahanasynda bejergi alýandygyny we saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny habar berdi.

“Türkmengala etrabynda ähli maýyplara Russiýadan öndürilen wirusa garşy derman paýladylar” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmengala etrabynda 1 ýaşly çagalara wirusa garşy damja berilýär.

“15-nji awgustdan soň Türkmengalada wirusa garşy köpçülikleýin sanjym ediljekdigi aýdylýar” diýip, habarçy habar berdi.

Bu ulanylýan dermanlaryň COVID-19-a garşy täsirlidigini ýa-da däldigini görkezýän ylmy subutnamalar elýeterli däl. Ýöne koronawirus keseli dünýäde ýüze çykaly bäri, Türkmenistanda oňa garşy ýüzärlik tütetmek, adamlaryň burnuna köpçülikleýin oksolin ýagyny çalmak, “rimantadin” atly dermany kabul etmek ýaly ylmy taýdan subut edilmedik ençeme çäre görüldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG